ÝESERJE BOLÝAR GEÇINIÑ ŞAHY
Her gezek oba — enemlere gezelenje gitmegim meni köp başdangeçirmeleriň üstünden eltýär. Bu gezegem şeýle boldy. Gyşky dynç alyş möwsüminde, enemiň ýanynda, ýyly pejiň golaýynda onuň berýän gyzykly gürrüňlerine maýyl bolup otyrkam, doganoglan jigim Şirli giň howlynyň derwezesinden haş-haşlap, içerik girdi. Gele-gelmäne-de:
— Gaýaly, Gaýaly, goňşymyz Kämil kakaň ala geçisi yzymdan kowalap gelýär. Men ondan zordan sypdym. Öň bir gezek ol arkamdan gelip, şahy bilen duýdansyz süsüpdi. Bu gezek welin, men ondan öňürtdim — diýip, hamana bäsleşikde ýeňiş gazanan ýaly, ýyrş-ýyrş etdi. Men derwezeden daşaryk kellämi çykaryp, boýnumy süýndürip, eýläk-beýläk garanjakladym. Emma golaý-goltumda goňşymyzyň geçisine gözüm düşmedi. Onýança enem bizi günortanlyk naharyny iýmek üçin saçak başyna çagyrdy. Ol saçak başynda kakamyň uly aýal doganynyň bizi göresiniň gelýändigini ýaňzytdy. Biz olara gezelenje gitmekçi bolýandygymyzy enemize aýdanymyzda, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi.
Şirli ikimiz öýlänler ýola düşdük. Ol henizem ala geçiniň täsirinden çykyp bilmedik bolarly, ýolboýy «Ýeserje bolýar-ow geçiniň şahy» diýip, aýdyma hiňlenip barýardy. Hanha-da, garagörnümden Kämil kaka gelýär. Ol örän degişgen, şähdaçyk adam. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gepleşip, her kimiň göwnünden orun alansoň, oňa hemmeler «Kämil kaka» diýýärler. Ol biziň golaýymyza ýeten badyna, jigim ikimiz edep bilen salam berdik. Saglyk-amanlykdan soň ol:
— Oglanlar, meniň maňlaýy sakar, alaja geçimi gören-ä dälsiňiz?! Howludan çykyp gaýdyberipdir, haýsy tarapa gidenini bilemok — diýip, aladaly ýagdaýda bizden sorady. Men Şirliniň ýüzüne soragly seretdim. Ol bolsa eginjiklerini gysyp, «Bilemok» diýen şekilde yşarat etdi. Biz ýöräp barşymyza «Tutly» diýlip atlandyrylýan suwly atyzyň golaýyna ýetdik. Şu ýerde Şirli sakga durdy-da:
— Gaýaly, «Tutlyň» suwy doňupdyr. Gel, ikimiz biraz buzuň üstünde typyp oýnaly — diýip, gözlerini gyrpyldadyp durşuna, meniň jogabyma-da garaşman, suwy doňan atyzyň bir çetinden girdi. Onuň bu bolşy meniň hem buzda typmak höwesimi oýardy. «Jigim bilen biraz buzda typaýyn» diýen netijä geldim. Biz ilki seresaplylyk bilen buzuň üstünden eýläk-beýläk geçdik. Soňra-da bu ýagdaý bilen öwrenişdikmi, nämemi, buzly meýdanyň has içrägine ymtyldyk. Eliň aýasy ýaly tekiz buzluk meýdan meni heýjana saldy. Jigim ikimiz typyp, hezil etdik. Birdenem Şirli:
— Gaýaly, seret, ho-ol aňyrda, buzuň içinde bir gara zat görünýär, özem gymyldaýar — diýip, maňa seretdi.
— Birden ol ullakan ýylan bolaýmasyn?!
— Ol nähili ýylan?! — diýip, men geň galdym.
Birdenem buzlugyň içinde ýatan hälki zat «mä-ä-ä» diýip çekredi. Şirli ýeňimden çekdi-de:
— Saklan, Gaýaly! Bu, hakykatdan hem, enemiň gürrüň berýän ertekilerindäki şol garry ýylan bolmaly. Enemiň aýtmagyna görä, ýylan ýüz ýyldan köp ýaşasa, edil geçi ýaly çekreýärmiş, ýör, yzymyza dolanaly! — diýip, özelendi. Edil şol wagt Kämil kakaň bizden geçisini sorandygy ýadyma düşdi. Men:
— Şirli, bu belki, biziň goňşymyzyň geçisidir. Şonuň üçin ony golaýyndan synlamagymyz gerek — diýip, öňe ýöredim.
Men ýuwaş-ýuwaş hälki zada golaýlamak üçin buzuň üstünde emedekläp diýen ýaly süýşüp başladym. Oňa näçe golaýlaşdygymça, ýüregimiň urgusy güýçlenip başlandy. Munuň üstesine-de meni görüp, hälki zat buzuň içinde has hem urundy. Şonda-da, onuň nämedigini anyklaman, yza tesmezligi ýüregime düwdüm. Asyl, golaýyna baryp görsem, ol alny sakarlyja geçi eken. Onuň Kämil kakanyň geçisidigine birjigem şübhäm galmady. Ýerimden turup, ho-ol yzda galan Şirlä ellerimi galgatdym:
— Şirli, gel, kömekleş! Bu goňşymyzyň ýeserje alaja geçisi eken — diýen badyma ol ylgap ýanyma geldi.
Görüp otursak, buzuň ýukatap ýeri ýeserje geçiniň ýiti toýnaklaryndan çat atansoň, buz döwlüp, geçiniň tutuş göwresi buzuň aşagyndaky dyz boýly suwa çümüpdir. Onuň diňe öňe omzaýan kellesi buzuň üstünde galypdyr. Biz iki bolup, geçiniň şahyndan tutup, ony buzly suwdan çykarmakçy bol- duk. Emma ol buzdan çykarly däldi. Suwdan çykmak üçin köp urnansoň, onuň haly harapdy. Janawar sowuk suwuň içinde saňňyl-saňňyl edip titreýärdi.
Ahyry çykalga tapdym. Kemerimi aldym-da, onuň şahlarynyň daşyn- dan mäkäm orap daňdym. Soňra-da ony iki bolup buzdan çykardyk. Garaz, biziň ýeserje şahlyny halas etmek üçin çeken azabymyz ýerine düşensoň, ony idip, yzymyza dolandyk. Ýadasak-da, üst-başymyz laýdyr palçyk bolsa-da, Kämil kakany begendirýändigimiz üçin göwnümiz hoşdy. Ýolda Şirli:
— Gaýaly, bibimlere haçan gideris? — diýip, maňa soragly bakdy.
— Ol garaşar, çünki biziň — jigileriniň irde-giçde öýlerine barjakdygyny onuň ýüregi duýýandyr — diýip, men ýylgyrdym.
Gepiň gysgasy, şol gün biziň bitiren işimize Kämil kakanyň hoşallygynyň çägi bolmady. Şondan soň ýeserje ala geçi-de jigimi süsmesini goýdy. Megerem, ol şol gezek özüne ýagşylyk edenlere ýamanlyk etmeli däldigine oňatja düşünen bolsa gerek.
Gaýgysyz AHMEDOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň okuwçysy.
Çagalar edebiýaty