09:53 Ýigrimi ýyllap kellesi agyran adamyñ kellesinden gülle çykdy | |
ÝIGRIMI ÝYLLAP KELLESI AGYRAN ADAMYÑ KELLESINDEN GÜLLE ÇYKDY
Geň-taňsy wakalar
Näsagyñ ilkibaşda kellesine nirde, nädip we haçan ok girendigini-de bilenokdy Hytaýyñ Şençžen uniwersitetiniñ baş hassahanasyndan lukmanlar ýigrimi ýyllap kelleagyrydan ejir çekýändigini aýdan näsagyñ beýnisinden ok tapdy. Ok ýigrimi sekiz ýaşly adamyñ kelleçanagynyñ çep çekgesinden giripdir. Näsag ilkibaşda gülläniñ kellesine nädip we haçan girendiginem bilmeýän eken. Emma has soñra ýaş ýigit heniz sekiz ýaşyndaka oglan jigisi bilen pnewmatiki sapança oýnandygyny ýadyna saldy. Iki dogan oýnap ýörkäler atdanlykda kellesinden ýaralanypdyr. Ol ýarasyny saçy bilen örtüp, ýagdaýy ene-atasyna aýtmandyr, ýaranyñ yzy ýitensoñam bolan waka onuñ öz ýadyndan çykyp gidipdir. Ýaş ýigit kelle agyrysyna okuñ sebäpkärdigini bilende haýran galypdyr. - Soñky wagtlatda ýygy-ýygydan kelläm agyrýardy, hepdäni her güni agyrýardy - diýen näsag sözüni şeýle dowam etdirýär: - Ukusyzlykdan bolýandyr öýtdüm, emma sebäbi ukam däl eken, güýçli kelleagyry gijelerine uklatmaýardy. Agyrysyna çydap bilmez ýaly derejä gelensoñ, hassahana ýüz tutan näsaga MR (magnit rezonansy) goýuldy. Barlaglaryñ netijesi 1 santimetre golaý uzynlykda we 0,5 santimetr töweregi gülläniñ bardygyny ýüze çykardy. Gyssagly operasiýa salynan näsagyñ beýnisindäki jisim üstünlikli çykarylypdyr. Lukmanlar gülläniñ beýnä juda ýakyn ýerde durandygyny, emma kelleçanagyny deşmändigini aýtdylar. Ýaş ýigidiñ bu wakadan ölmän diri galmagyna bolsa "gudrat" diýip baha berilýär. # "Oddity Central", "Gulf Today" 03.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |