22:14 Ýiten uçar 37 ýyl soñra peýda boldy | |
Ýiten uçar 37 ýyl soñra peýda boldy
Geň-taňsy wakalar
1955-nji ýylda alagarañkylykda Nýu-Ýorkdan Maýama uçan 57 ýolagçyly uçar DC-4, 37 ýyldan soñ Karakasda (Wenesuela) 1992-nji ýylda gondy. Ýöne bir näçe minutdan soñra uçar ruh (samolýot - prizrak) ýene-de uçdy we bulutlaryñ arasynda ýitip gitdi. Gözi bilen gören şaýatlar hem-de ýer gözegçilik nokady bilen pilotyñ arasyndaky radioaragatnaşyk arkaly gepleşiginiñ ses ýazgysy göze görünýän (koşmarnyý) uçaryñ hakykatdan hem ýere gonandygyny jedelsiz subut edýär. '' Bu hadysany gören aeroportyñ gözegçilik gullugynyñ işgärleriniñ görkezme esaslary dolulygyna gabat gelýär'' diýip grajdanlyk awiasiýa ministrliginiñ orunbasary Raman Estowar aýtdy. Estowaryñ aýtmagyna görä, muña esasy delil DCㅡ4 - iñ uçuşyndan we ýitmeginden birnäçe sekunt öñ pilotdan gaçan 1955-nji ýylyñ kiçijik kalendarydyr. Men uçary gördüm, men pilotyñ sesini eşitdim. Men hatda kalendary (ýyl senesi) elimde sakladym, hiç ynanyp bilemok. Uçardakylar edil öñküleri ýaly Florida gonduk diýip pikir edýärdiler. Ýöne bu beýle däl-di. Diñe Alla bilýär 37 ýyllap olaryñ nirede bolanyny'' diýip hemme bolup geçýänleri öz oturýan minarasyndan aýdyñ gören Huan de la Korte aýtdy. Dela Korteniñ we beýleki dispetçerleriñ aýtmaklaryna görä, haçanda uçar radaryñ ekeranlarynda döremän aeroporta duýdansyz ýakynlanda adatdan daşary ýagdaýyñ bolýandygyna düşündiler. ''Biz uçary gözümiz bilen gördük. Ýöne radarda onuñ hiç hili alamaty bolmady. Biz pilotdan özüni atlandyrmagyny soradyk. Ol bize radio arkaly jogap berdi: ''Biz nirede ýerleşýäris?'' diýdi. Onuñ bu sesi gorkanyñky, hem özüni ýitireniñki ýaly-dy, ýöne ahyr soñy ol, bortunda 4 adamly işçiler topary (ekipaj) hem-de 57 ýolagçy bilen Nýu-Ýorkdan Maýama 914 uçuş-gatnawyny ýerine ýetirenligini aýtdy. Bu sözlerden soñra dispetçerleriñ otagynda dymyşlyk başlandy. Hemmeler haýrandy. Bellenilen uçuş gatnawy 914... Maýami ...1800 km. Karakasdan daşlykda... Dela Korti gürrüñini dowam etdirdi: ''Men jogap berdim: ''Bu Karakas Wenesuela Günorta Amerika'' soñ soradym: ''Belany başyñyzdan geçirýäñizmi? (wy terpite bedstwiýe?) - jogap bolmady. Men uçaryñ gonmagy üçin ýol açdym. Gonuş üstünlikli amala aşyryldy. Men ýañy ''Hemme zat oñat geçdi'' diýip pikir edip başlanymda pilotuñ ikinji pilota aýdanlaryny eşitdim: ''Eý Hudaý Jimmi! Bu näme al kakmyş?'' Olar reaktiw uçaryna seredip özlerini edil kosmos gämisini (howa gämisi) gören ýaly alyp bardylar. De la Korteñ sözlerinde, pilotuñ aýtmagyna görä raspisaniýa boýunça ol 1955-nji ýylyñ 2-nji iýulynda irden sagat 09:55-de Maýaminiñ halkara aeroportyna gonmalydy. Pilotyñ sesi geldi: ''Bu ýerde bir zada bolmalysy ýaly däl''. Men uçara habar berdim: ''Kapitan ; bu Karakasyñ halkara aeroporty. Bu gün 21-nji maý, 1992-nji ýyl. Ol bada ol (haýsydyr bir duýgy bilen) gygyrdy: ''Eý Hudaý!'' agyr dem alyş sesi eşidildi. Men oña ýer toparynyñ olara tarap ugrandygyny aýtmak bilen rahatlandyrmaga synanyşdym. Aýtmaklaryna görä, haçanda ýer topary we zaprawşik uçara golaýlanda, pilot radio arkaly gygyrdy: ''Ýok! Golaýlaşmañ! Biz bu ýerden uçýarys!'' Ýerüsti gullukçylary ýolagçylaryñ ýüzlerini görendiklerini habar berdiler. A pilot kabinanyñ penjiresini açyp elini galgadyp biziñ golaýlaşmazlygymyzy duýdurdy. Ol haýsydyr bir papkany galgatdy. Biziñ tapan kalendarymyz hem şondan gaçan bolara çemeli. Pilot hereketlendirijini (dwigatel) otlady we ýene uçdy. Raýatçylyk Awiasiýa Gullugynyñ ýolbaşçylary uçar bilen bolan gepleşigi saklaýarlar we derñewi dowam etdirýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||