23:47 Ylmy açyşlara ruhlandyrýar | |
YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmegi, ylmy, bilimi halka peýda berer ýaly derejä ýetirmegi wezipe edip goýdy we geljegi has uly bolan ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Şol ugurlaryň biri hem ynsanperwer ylymlardyr. Bu ulgamda türkmen dilini, türkmen akyldarlärynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we ylmy dolanyşyga girizmek bellenilendir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň alymlary özleriniň ýyllyk meýilnamalaýyn işlerini ýurdumyzda alnyp barylýan syýasy-jemgyýetçilik çareler bilen utgaşdyryp alyp barýar. Institutyň diliň taryhy we şiwe öwreniş bölüminde «Häzirki zaman türkmen diliniň ösüşiniň kanunalaýyklyklary we onuň taryhynyň meseleleri» atly baş tema boýunça iş alnyp barylýar. Bölümde şu temanyň çäginde şiweleri öwrenmek, ýazuw ýadygärlikleriniň dilini dememek, dialektologik sözlükler düzmek ýaly işler ýerine ýetirilýär. Institutyň dilçi alymlary diliň taryhyny derňemekde, öwrenmekde şiweleriň tutýan ornunyň uludygyny göz önünde tutup, «Türkmen diliniň köp tomly dialektologik sözlügini» düzmäge girişdiler. Bu sözlük dört tomdan ybarat bölüp, häzirki döwürde onuň 3 tomy düzüldi. Institutyň diliň taryhy we şiwe öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri geçmişden galan ýazuw ýadygärlikleriniň, türkmen nusgawy şahyrlarynyň edebi mirasynyň dilini, şiweleri çuňňur öwrenýärler we ylmy dolanyşyga girizýärler. Türkmen diliniň ösüşini, özgerişini öwrenmek çuňňur derňewleri talap edýär. Edebi diliň ösüş ýollaryny ylmy taýdan dememek maksady bilen, «Döwletmämmet Azadynyň şygyrlarynyň dili», «Mahmyt Kaşgarlynyň „Diwany lugat-et türk“ sözlüginiň leksikasy», «Türkmen diliniň taryhy fonetikasy» atly temalar boýunça çuňňur ylmy derňewler alnyp barylýar. «Kitaby dädem Gorkudyň» dili" atly tema boýunça ylmy iş ýerine ýetirildi we neşire taýýarlanyldy. Dil we edebiýat institutynyň dilin taryhy we şiwe öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan hatyň döreýşi, onuň taryhy, gadymy runa ýazuw çeşmeleri barada hem ylmy-derňewler geçirilýär. Şeýle derňewleriň biri hem «Türkmen diliniň ýazuwdan öňki taryhy» atly işdir. Diliň taryhy we şiwe öwreniş bölüminiň işgärleri «Türkmen diliniň taryhy grammatikasy. Morfologiýa» atly tomlugy redaktirlemek we çapa taýýarlamak işini alyp barýarlar. Bu kitap diliň taryhynyň mönüm meselelerini çözmäge ýardam eder. Bu bolsa diliň taryhyndan işleýän hünärmenler hem-de ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin gollanma bolar. Häzirki wagtda türkmen diliniň taryhy babatda «Türkmen diliniň taryhy grammatikasy. Sintaksis» atly tomlugyň bölümlerini bir ýere jemläp, ony çapa taýýarlamaga girişildi. Institutymyzda halypa-şägirt ýörelgesiniň hem oňat ýola goýlandygyny guwanç bilen belläsimiz gelyär. Institutyň diliň taryhy we şiwe öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri tomus möwsüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň talyplaryna türkmen diliniň dialektologiýasyndan okuw sapaklaryny berýärler. Şeýle-de, bu ýerde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyplary hem tejribe geçýärler. Institutyň alymlary Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary bilen aragatnaşygy saklap, olara ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň tilsimlerini öwredýärler. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylmy işler bilen meşgullanmaga, düýpli ylmy derňew işlerini alyp barmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa bizi oňat işlemäge, döretmäge, täze açyşlar etmäge borçlandyrýar hem-de täze ylmy açyşlara ruhlandyrýar. Ogulsapar NURYÝEWA, # turkmenistan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |