21:01 Ymam Agzamy kim öldürdi? | |
YMAM AGZAMY KIM ÖLDÜRDI?
Taryhy makalalar
Ady Nygman... Nygman (Numan) - göwräni janlandyran gan diýmek. Sabit ibn Zutanyñ ogly... Künýesi Ebu Hanypa. Ýagny, "Hak dine meýil eden kişi..." Hijriniñ 80-nji ýylynda Kufede dünýä indi we hijriniñ 150-nji ýylynda ahyrete göç eýledi. Ömrüniñ ep-esli bölegini şu şäherde geçirdi. Kakasynyñ käri bolan söwda-satyk bilen meşgullandy. Omar ibn Hureýs köçesinde meşhur dükany bardy. Wagtyñ geçmegi bilen söwdasy oñdy, ulaldy, ýüpek dokma kärhanasyny edindi. Ýanynda köp sanly işçi işledi. Düşnükli dili, güýçli logikasy bardy. Sesi gulaga ýakymlydy. Nurana ýüzli bugdaýreñk adamdy. Arassa geýinýärdi. Orta boýlydy. Ýaşan döwründe mantykda we we söz sözlemekde ondan geçjek adam ýokdy. Zahyt, prinsipial, takwa müçtehitdi. Ýüzüne seredende Alladan gorkýan adamdygyny bilip bolýardy. Mal-baýlygy sadaka paýlamak üçin gazanardy. Paýlanda eserdeñligi elden bermän adamlary utandyrmazlyga jan ederdi. Söhbetinde birine pul berjek bolsa, märeke dagaýança oña gitmezligi sargaýardy, ýanynda adam galmandan soñ bererdi. Eger sadakany öýlere paýlajak bolsa, garañkynyñ düşerine, adamlaryñ öýlerine ýygnanaryna garaşardy, tanalmazlygy üçinem ýüzüne-gözüne mata orardy, arkasynda göterip barýan azygyny öñünden belläp gaýdan öýleriñ gapysynda goýup, yzyna gaýdardy. Wagtynyñ hemmesi ybadata görä sazlanandy. Gündizlerine az-owlak uklardy, galan wagtlarynam ders we ybadat bilen geçirerdi. * * * Ömrüniñ еlli iki ýуlyny еmewi, оn sеkiz ýylуny-da аbbasy häkimiýеtiniñ аstynda gеçirdi. Iki уslam döwlеtini gördi. Nämüçindir ikisi-dе оña zulum еtdi. Оl ömrüniñ hiç bir döwründе zаlymlara dоst bоlmаdy. Нer dаýym еmewilere bаş gаldyran Hеzreti Alуnyñ nеsliniñ ýаnynda ýеr аldy. Olаryñ еmewilere wе аbbasylara gаrşy alуp bаrýan görеşlerini gоldady. Zеýd ibn Alуnyñ 121-nji hijri ýylуnda Нişam ibn Abdуlmälige garşy başlan gоzgalañyny Allаnyñ Rеsulynyñ Bеdirdäki çykуşyna mеñzetdi. Оndan nämüçin aç-açan Zеýd ibn Alуnyñ ýаnynda ýer almаndygy sоralanda bolsa, şeýle diýdi: "Adamlaryñ ony atalary ýaly ýеke gоýmajaklaryny bilsеdim, hökmаn оnuñ bilen bilе jihаt edеrdim. Çünki ol möminlеriñ hаkyky уmamydyr. Özüm göni gоşulmasamam mаl-bаýlygym bilеn оña kömеk еtdim." * * * Ymam Agzam emewileriñ yslama wekilçilik etme hakynyñ ýokdugyna ynanýandygy üçin gozgalañçylara maddy taýdan goldady. Emma gozgalañda gozgalañyñ üstünlik gazanyp bilmän, musulman ganynyñ akmagyna sebäp boljakdygyny bilýändigi üçin göni özi tolgunşyklara gatnaşmady. Muna garamazdan emewiler we abbasylar döwründe agyr gynamalary başdan geçirdi. Emewiler döwletiñ garşysyna dörän wakalary ýatyşdyrmaga ulamalary galkan edip ulanmak isleýärdi. Şonuñ üçin emewiler Ymam Agzama ýokary wezipe bermek isleýärdiler. Kabul etmänsoñ şol wagtyñ emewi häkimi ony zyndana atdy, gamçylatdy. Her gamçy urulanda: "Ol-a entek emewi häkimiýetinde işlemek eken, metjidiñ sütünlerini sana diýseler sanamaryn!" diýýärdi. Belli bir wagta çenli zyndanda ýatyp, azatlyga çykansoñ Mekgä gitdi (hijri 130-njy ýyl). Abbasy döwleti gurulýança şol ýerde ýaşady, soñra Kufä dolanyp geldi. * * * Ebu Hanypa (r.a) Abbasy döwletiniñ gurulmagyny uly şatlyk bilen garşylady. Ol edilen zorluk-sütemleriñ soñuna çykyljakdyyyna ynanypdy. Ol abbasylara boýun sunýandygyny bildirenem bolsa, soñra olaryñ hak ýolundan gyşarandygyny görüp, muny dillenenem özi boldy. Sapak okadyp durka tema syýasy hadysalary düşündirmäge gezek gelende abbasylaryñ Hezreti Alynyñ (r.a) neberelerine edýän zulumy üçin jogap soramaga çekinenokdy. Edilen zulumlary näletläp, hak sözi haýkyrýardy. Şoñ üçin onuñ her bir hereketini yzarlap, ony jezalandyrmak üçin amatly pursatyñ döremegine garaşýardylar. Baş kazynyñ wezipesini teklip etdiler, emma ol mundan ýüz dönderdi. Abbasylaryñ sütemkärlikleri artdygyça gyra çekilýärdi, emma her bir ýagdaýda olary tankyt etmekdenem çeke durmaýardy. Halkyñam zorluk-zuluma halys çydarlygy galmandy we Mosul halky gozgalañ turuzdy. Halyf Mansur gozgalañçylara beriljek jezalary ara alyp maslahatlaşmak üçin ulamalary köşge çagyrdy. Häkimine baş galdyran mosullylary öldürmegiñ kanunylygyny öñe sürüp, ulamalaryñam bu karary oñlamaklaryny isleýärdi. Mejlisde munuñ bilen hiç bir ýagdaýda ylalaşmaýandygyny aýdanam ýene Ebu Hanypa boldy. Indi abbasy döwleti bir ýerde ýasawuly-çapawuly bar bolsa, ymamy yzarlatdyrýardy, onuñ her aýdan sözi bellige alynyp, döwletiñ degişli gulluklaryna ýetirilýärdi. Bütin bular bolup durka, ol söhbet halkalarynda we başga ýerlerde hakykaty sözlemekden birjigem gaýra durmaýardy... * * * Şunuñ bilen baglanyşyklylykda kabul etmejegini bilip duranam bolsalar, oña täze gurlan Bagdat şäheriniñ kazylygyny teklip etdiler. Ymam özüne hödürlenen wezipeden ýüz dönderdi. Teklipden ýüz dönderendigi üçinem zyndana atyldy. Halyf adamlaryny zyndana ugradyp, wezipäni kabul etse zyndandan boşatjakdygyny we başga-da sylag-serpaýlary etjekdigini wada berdi. Emma Ebu Hanypa başky duran sözünden dänmedi. Şonuñ üçin halyf ony her gün bazaryñ ortasyna çykaryp, halkyñ gözüniñ alnynda on gamçy urulmagyny buýurdy. Bu ýagdaý on iki gün dowam etdi, jemi 120 gamçy uruldy. Şeýdibem Ymam Agzam ahyrete göç eýleýäbçä zeýli zyndanda ýatmaly boldy. Onuñ öljegini duýup seždä egilendigi we ruhuny seždede durka tabşyrandygy rowaýat edilýär... * * * Adamzat taryhynyñ iñ beýik ymamlaryndan biri bolan Ymam Agzam hezretleri ahyrete göç edende hijriniñ 150-nji ýylydy. Bagdadyñ gündogarynda eýelenmedik arassa ýer bolan Haýzuran gonamçylygyna jaýlamaklaryny wesýet etdi. Öte horlanypdy. Ybadatlar we Allanyñ ýolunda arman-ýadaman eden işleri ony halys eredip taşlapdy. Wezipeparazlar, ulamalar we döwlet ýolbaşçylary zorluk-sütemi yslamyñ adyna kanunylaşdyryp bilmänlerinden soñ, bar öçlerini Ymam Agzamdan çykardylar. Köçeleriñ ugrunda halkyñ gözüniñ alnynda gamçylandy, her dürli myjabata uçrady. Sapak okatmagyna, fetwa bermegine päsgel berildi. Emma dözüminden, azmynden hiç zat ýitirmedi. Pyssy-pyjurlyklar, ýalan-ýaşryk töhmetler, pyrryldaklar badyny gaýtaryp bilmedi. Zyndanda gamçy iýmegi bol-telki aýlykly döwlet işgäri bolmakdan ýeg gördi. Ömri göreş bilen geçdi. Ömrüni ylyma we ybadata bagyşlady. Ýalançy dünýäde köprüden geçip barýan ötegçi ýaly ýaşady we göreşlerden doly ömrüni ahyrsoñy şahadat bilen täçlendirdi. Özüne teklip edilen baş kazylykdan we gaznanyñ başlygy wezipesinden ýüz döndermeginiñ düýp sebäbi zalym häkimiýetleriñ golastynda yslama görä höküm çykaryp bilmezlikden gorkmagydy. Ol ahyretde beriljek jezadan şu dünýäniñ jezasyny saýlady... Rebbim şaýatlardan ýazsyn, enşalla!.. Salam we doga bilen... Enes TARYM. 01.04.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |