YNSAN
Gelipdiñ bir alys, nätanyş ýurda,
Ugur-ýol bileñok,
Niräk gidersiñ?
Bu ýerde kimiñ bar?
Menziliñ nirde?
Kimden kömek ýetjek...
Nä iş edersiñ?
Arzylap-apalap,
Apatdan gorap,
Hany, kim señ üçin janyn agyrtjak,
Diñe sorup bilýäñ,
Bileñok sorap,
Mañyzjyk, kim alyp seni gögertjek.
Ýok, beýle däl eken,
Hossar tapyldy,
Mähir söýgi bilen garaşylany hak,
Tämizlendiñ,
Açyk teniñ ýapyldy,
Soñ mesgenin boldy gujakdan-gujak.
Janlara deñelip, dakyp ýagşy at,
Dünýäñ tagamyndan dadyp ugradyñ,
Ileri itekläp wagt diýen zat,
Emedekden çykyp, ädip ugradyñ.
Ösüber, gidiber daýanyp aña,
Baş bermän ugursyz şemala tarap,
Seljerip barýanyñ garamy aga,
Gadamyñ sazlaber kemala tarap.
Şeýde-şeýde, bir menzile ýetensiñ,
Bolansyñam köpüñ biri ~ köl suwy.
Öýdensiñ arabañ ýola gatansyñ,
Añsyz adam ýaly ~ ýeñen dek ýowy.
Ýok, onyñ bolmaýar
Ýeñletme seri,
Entek ýetäýeñok hoşallyk çaga,
Kimlerdir bu hetde ýetiren seni,
Bilýärmiñ, sen ~ olañ öñünde çaga.
Owal Tañryñ, atañ, eneñ, ussadyñ,
Soñam iliñ ekläp ösdüren seni.
Bolmaýanyn hiç bir zatsyz, hiç zadyñ
Bilen günüñ biter bu sözüñ jemi.
Ine, şudur duýgularyñ enweri,
Diýip bilseñ: - Şular bolan baş pena.
Saña galyp kämilligiñ münberi,
Adam borsuñ,
Belkem, borsuñ ýa pena.
* * *
Tañrym,
Biribarym,
Perwerdigärim,
Göwün hoşum, söwdügim sen janymdan,
Gutlym, guwandygym tenha mydarym,
Azan bolup gaýnap çykýan ganymdan.
Arzuwlap, alysdan aşnalyk kylyp,
Sust dünýäme sessiz gulgula salyp,
Barlygyñy ýeke-täkligiñ bilip,
Duýgy dañym röwşen açdy synymdan.
Diýjegim, etjegim bolmady munda,
Ýol açylmaý, galdym zulmat içinde.
Ahmyr alynmajak jogap gününde,
Ne haraý islärsiñ geçen düýnüñden.
Parhy edilmeýän sag bilen çepiñ,
Hakyñ hatyryna alynman gepiñ,
Ýyldyz bol, biperwaý içinde köpüñ,
Söndüñmi, süýndüñmi ~ ýoguñ sanyndan.
Muştaky diýr, ýüküm ýetik pikirden,
Nadyl bolup, el üzmerin şükürden,
Ýaradanym daş saklasyn küfürden,
Bihal bilip, aýyp eýlemäñ üýnümden.
Çoluk REJEPOW.
# garagum_2017
Goşgular