17:05 Ýoñ bolan öz-özüñi surata almak nysagy | |
ÝOÑ BOLAN ÖZ-ÖZÜÑI SURATA ALMAK NYSAGY
Psihologiýa
• ýa-da PSIHOANALITIKANY ESASLANDYRYJY FREÝD ÖZ-ÖZÜÑI SURATA ALMAGA (SELFI ÇEKMÄGE) NÄHILI BAHA BERDI? Dünýäniñ islendik owadan ýurduna gitseñizem, baran ýeriñizde adamlaryñ öz-özlerini surata alýandyklaryna (selfi) köp duş gelersiñiz. Selfi çekmek täze dörän nysak diýip hasap edilse edilýändir, onsoñam "selfi" sözüniñ janly gepleşige girmesi 2013-nji ýyldan başlady we şol ýyl selfi sözi "Ýylyñ sözi" diýip yglan edildi. • Ego, super-ego… "selfi"? Şeýle-de bolsa “selfiniñ” taryhy suratyñ özi ýaly gadymydyr. Ilkinji selfi 1839-njy ýylda Robert Kornelius atly amerikaly tarapyndan çekildi. Eýsem-de her gün irden oýananymyzda aýnanyñ öñünde özümize özümizden göwnühoş synlap durkak näme üçin selfi çekýäskäk? Bu geñsi häsiýeti düşündirenimizde Zigmund Freýde ýüzlenip bileris. Köp adam ilkinji selfi çekmek el telefonlaryna ikitaraplaýyn kameranyñ ornaşdyrylan wagty bolan 2003-nji ýyldan başlaýandyr öýtse-de, aslynda ol ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, 1839-njy ýylda Robert Kornelius atly amerikaly tarapyndan çekilipdi. • Men özümden göwnühoş bolsam, senem menden göwnühoş bolmaly! Psihoanalitikany esaslandyryjy Zigmund Freýd ego (ýekemenlik duýgusy), añasty (бессознательный) ýaly birnäçe adalgalar bilen birlikde terapiýany halk köpçüligine düşnükli hala getirdi. Freýdiñ üns beren meseleleriniñ biri-de adamyñ özüne bolan söýgüsi, ýagny özünden göwnühoş bolmak duýgusy diýip boljak narsisizmdir. Gadymy grek mifologiýasynda şeýle rowaýat bar. Günlerde bir gün Narsis atly ýaş ýigit deräniñ boýuny syryp barýarka akyp barýan dury suwly bulakdan suw içmek üçin egilende suwda öz keşbini görüp haýran galypdyr. Ol özüniñ suwdaky keşbini gujaklaşak bolup, şol ýerde gark bolup ölüpdir. Görşüñiz ýaly Narsis suwda görnen öz keşbine özi aşyk bolupdyr, netijede bolsa janyndan el üzmeli bolupdyr. Freýd adamyñ özünden belli bir derejede göwnühoş bolmagyny tebigy taýdan bolaýmaly zat hasaplaýar. Emma adam özgeleri özüçe görmän başlasa, özgelere pes göz bilen garajak derejede özünden göwnühoş bolsa, bu eýýäm onuñ psihologiki näsaglygyna öwrülendigini aýdýar. Ynha, narsisizm diýlende, aýdyljak bolunýan zat hem şudur. • Barlaglaryñ netijesi Psihologlar narsisizm ýaly aýratyn hüý-häsiýete eýe adamlaryñ özboluşlylygyny öwrenmek üçin dürli barlaglary geçirip görüpdir. Geçirilen barlaglaryñ netijesine görä: - Adam özünden göwnühoş bolmaly, ýöne bu duýgy çakdanaşa bolsa gowy zat däl... Üns berseñiz, narsisizme ýolugan kişiler şahsy internet hasaplarynda hem has işjeñdir. Şeýle adamlaryñ häsiýeti selfi paýlaşmak, öz-özüñden aşa göwnühoş bolmak duýgusy bilen baglanyşyklydyr... Özem bu häsiýet köplenç erkeklerde köp duş gelýär. Aýal-gyzlarda erkeklere garanda narsisistik häsiýetler azrak gabat gelýär, hatda olar erkeklerden has köp selfi paýlaşýanam bolsalar... Şol sanda amerikaly psiholog Jin Twenge ýaş oglan-gyzlaryñ arasynda narsisizmiñ barha artýandygyny, soñky on ýylyñ dowamynda onuñ aşa semizlik keseli bilen deñ derejä ýetendigini belleýär. • Daşyndan synlamak Freýdiñ gelen netijeleriniñ köpüsi onuñ gündelik syn edip ýören zatlaryna esaslanypdyr. Eger biziñ günlerimizde toplanan maglumatlary edinen bolsa dagy, bu onuñ üçin diýseñ baý tejribe bolup hyzmat ederdi. Megerem ol, häzirki ýaşlaryñ selfi çekme endigini düýpli öwrenerdi we köp adamyñ özünden göwnühoş bolany üçin däl-de, hemmeleriñ ondan göwnühoş bolmagyny isleýändigi üçin selfi çekýändigini bilerdi. Dogrusyny dogry aýtmak gerek: birnäçe adam özüne üns berdirjek bolup selfi çekýär. • Iliñ ünsüni özüñe çekme arzuwy Zigmund Freýd barlaglaryna XIX asyryñ ahyrlarynda başlapdy. Onuñ ýaşan döwri pynhan gürrüñleri agzamagyñ aýyp hasaplanýan döwrüdi. Aýal-gyzlar bilen erkekler aýry-aýry ýerlerde saklanyp, jynsy meýiller barada söz açmagyñ, hatda mundan lezzet almagyñ aýypdygy ündelýärdi. Freýdiñ wenesiýa jemgyýetinde üns merkezine alan näsaglarynyñ aglabasy "isteriki ysmaz" kesel kesgitlemesi goýlan näsaglardy. Şol näsaglar fiziki taýdan hiç hili kemçiligi ýokdugyna garamazdan ýöräp bilenoklardy. Freýd bu aýallar özlerine üns berdirjek bolup ýöreýän däldir öýdüp pikir edipdir. Isteriýa ilkibaşda diñe aýal-gyzlara täsir edýän ýagdaý hasaplanypdyr. Ukusyzlyk, yzygiderli ynjalyksyzlanmak, gaharjañlyk we özüñi bagtsyz duýmak isteriýanyñ ýüze çykyş alamatlarydyr. Eger şolar ýaly derejede özgeleriñ ünsüni özümize çekmek isleýän bolsak, onda birnäçe sany selfi paýlaşmak siziñ göwnüñize ynjalyk berip bilermi? Belkäm ynjalyk berse bererem. Emma endige öwrülen "selfi paýlaşma" nysagy diñe şol selfini paýlaşýanlar üçin däl-de, eýsem başga adamlar üçinem maza beriji zat däl. • Adaty bagtsyzlyk duýgusy Adamlar selfi arkaly özlerini başgalara öz görkezmek isleýän şeklinde görkezýändigine ynanýarlar. Daş-töweregimiz syrdam keşplerini we ýaşaýan durmuş şertlerini mazamlaýan suratlar bilen doly... • Selfiler bizi betbagtlyga iterip biler Soñky geçirilen barlaglaryñ netijesi bu ýagdaýyñ bizde izolýasion, ynamsyzlyk, kanagatsyzlyk we imrinme duýgularyny döredýändigini görkezdi. Freýd aýtmyşlaýyn bu bizi has newrotiki, has gaharjañ hala getirýär. Freýd "Psihoanaliziñ maksady newrotiki problemalary adamyñ adaty betbagtçylygyna öwürmekdir" diýýär. Şonuñ üçin her gezek selfi çekjek bolanymyzda, narsisizmi ýadymyza salyp, tanyş-bilişlerimize intipis etsek has peýdaly bolsa gerek. Herniçik-de bolsa, Freýd selfi çekmäge garşy çykybam durasy ýok-la! :) Tomas CHAMORRO – Premuzic Psikolog | BBC Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|