21:53 Ýönekeýje hasap / ýumoreska | |
ÝÒNEKEÝJE HASAP
Satiriki hekaýalar
- Salam, Iwan Maksimowiç. - Hä, Želeýkin? Gel, gadyrdan, gel. Ynanar ýalam däl. Ahyrsoñy mähriban sehiñe görme-görşe geläýdiñmi? Želeýkin: - Iwan Maksimowiç, men rugsada gitmekçi. Grafik boýunça ol maña ertirki günden bellenilen. - Näme, ertirden bellenilen bolsa, men garşy däl. Her bir adamyñ dynç almaga hukugy bar. - Diýmek, siz garşy däl-dä? - O nähili men garşy bolaýyn. Grafik boýunça dälmi näme? - Grafik boýunça, Iwan Maksimowiç. - Onda gidiber. Grafigem edil iş ýaly mukaddes zatdyr. Ýöne men bir zada düşünemok, sen menden näme isleýärsiñ? - O nähili näme? Siz maña haçan işe çykmalydygymy hasaplap beriñ. - Señ özüñ hasaplap bileñokmy? - Bilýän weli, bu ýerde hasap başgaça, bulaşdyrarmykam öýdüp gorkýaryn. - Gel onda çen urup göreli, nämeler bolýarka. Diýmek, seniñ rugsat günüñ ýigrimi dört iş güni. Şeýlemi? - Örän dogry. - Ondan üç gün aýraly. - O näme üçin? - Kim öz dostlary bilen üç gije-gündizläp köne-täze ýyly belledi? Ýigrimi bir gün galýar. Ýene-de üç güni aýyrýarys. - A bu näme üçin? - Mamamy jaýlajak diýip işe gelmedik günleriñ üçin. Ýöne maña mälim bolşuna görä, ol häzirem sag-aman ýaşap ýör. Öññün ol bu ýerik gelip, seni sorap gitdi. Jemi on sekiz gün galýar. Şeýlemi? - Şeýle eken-dä... - Ýene onusyny aýyrýarys. - Iwan Maksimowiç, siz nädäýdiñiz-aý... - Bu ýerde hasap ýönekeýje. Sen on gije-gündizläp milisiýada doly üpjünçilikde dynç aldyñ gerek? Dynç aldyñ. Diýmek, jemi galany sekiz gün. Ýene iki gün aýyrýarys. - A bu nämäñ hasabyna? - Toýuñ hasabyna. - Today üç gün kanun boýunça-da rugsat berilýär ahyry. - Rugsat berilýär. Öýlenýäne berilýär, onuñ dostuna berlenok. Üstesine-de sen oñ dostam däl-de, ýöne bir tanşy. Gepiñ tümmek ýeri, seniñ alty günüñ galdy, olardanam dördüsini bermeli borsuñ. - Men ýene näme edipdirin? - Bu dört günde sen hiç zat etmediñ, sebäbi serhoşlukdan soñ özüñe gelip bilmän, demir ýonuşgalar atylýan ýaşşikleriñ ýanynda ýatdyñ. Ýadyña düşenokmy, seni tas täzeden eretmäge äkidipdiler? Gepiñ keltesi, seniñ iki günüñ galýar. - Bary şomy? - Hawa, seni gök önüm bazasyna iberen günlerinem aýyrmaly. - Wiý, men, ol ýerik gitdim-ä. - Gitmesine gitdiñ... ýöne barmadyñ. Gastronomyñ ýanynda düşüp galdyñ. - Bu nähili bolýa? Onda bary-ýogy ýekeje gün galypdyr-da? - Bir. Ýöne ol hem ahyrlap barýar, sebäbi sen şu gün ertirden bäri işde bolmadyñ. - Men zähmet rugsadyny düzedýän ahyry. Grafik boýunça... - Zähmet rugsady gowy zat. - Onda... men zähmet rugsadyndan soñ haçan işe çykmaly? - Ertirki günden işe çykarsyñ. Bu gün bolsa, elbetde, rugsada gidip bilersiñ. Oñat dynç almagyñy arzuw edýärin. Aleksandr MATÝUŞKIN-GERKE, (Russiýa). Terjime eden: Juma SEÝITNYÝAZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |