16:06 Yşkyň ody kalbymda | |
YŞKYŇ ODY KALBYMDA
Jemgyýetçilik tankydy
Kalbymda yşk heserini ýakan ýigide durmuşa çykyp, bagta ýetendirin öýdýärdim. Onuň bir diýenini iki gaýtalatmazlyga çalyşýardym. Çünki maşgala bagtynyň gaty köp ýerlerde aýala baglydygyny, äri-är edýäniňem, ony gara ýer edýäniňem aýaldygyny häli-şindi eşidýänim üçin ylalaşygy, oňşugy saklamaga dyrjaşýardym. Dogrusy, ilki-ilkiler biz juda gowy ýaşadyk. Biri-birimizi görmesek, ýüregimiz üzülip barýardy. Ýöne soň göz boldumy, dil boldumy, bilmedim. Garaz, adamymyň gepi-sözi üýtgäp ugrady. Ol öýe köwlenmezligi çykardy. Onuň näme sebäpden öýe gelmeýänligini sorasam, myssa ýylgyrardy-da gürrüňi başga ýana sowardy. Ýöne gaýtalanyp duran şol bir günler, ýeke ýatylan gijeler sanardan geçip başlady. Ahyry bir gün sabyr käsäm dolup, ondan belli jogap bermegini soradym. Ol ýene hemişeki endigine görä sypjaklyk etjek boldy, emma menem ony sypdyrarly däldim. Sebäbi şäherde bir gelniň öýüne gatnaýandygyny daş gulakdan eşidipdim. Oňa etmişini boýun alaýmakdan başga çäre galmady öýüdýän. Ol maňa ýalbarmaga durdy: - Sen meniň günämi öt. Aýym. Men dogrudanam şäherde bir gelne göwün berdim. Şony görmesem hiç oňup bilemok. Ýöne men sensizem ýaşap biljek däl. Ogullarymdan, gyzymdan aýra durmuş maňa gerek däl. Azajyk sabyr et, hemmesi düzeler. Men ondan arany açaryn - diýip ýalbardy. Menem ýene aýal geçirimliligini etdim hem çagalarymy ataly ýetim goýasym gelmedi. Garaz, men ony bagyşladym. Dolanyp gitmese, razydym. Ýaşaýan ýerimiz oba bolansoň, iliň gep-gürrüňine-de ýetmän durjak däldi. Onuň üstesine-de adamym maşgalany hiç zada mätäç edenokdy. Gaýynlarymam üstümde kökenekdi. Garaz, şeýdip ýene durmuş ýollaryny belli-külli aýyrmakdan saklandyk. Elbetde, men adamymyň öz sözünde durjakdygyna, birmahalky söýşüp-halaşyp durmuş guran gelnine biwepalyk etmejekdigine ýüregiň bilen ynanmasamam, garaz, inçe umyt ony bagyşlamagyma getirdi. Göräýmäge aradan ähli zat aýrylan ýaly bolsa-da, beýle däl eken. Adamyň şähere ýoly düşse, şol gelniň ýanyna ýarmasyny goýmady. Ol häzirem käte-käte şähere gidýär. Men indi oňa ''edýäniň näme'' diýemok. Kejine gaýtsam, beter bolarmyka diýip, gorkýan. Belki-de, maňa bolan mähriniň öçüşi ýaly, şäherli gelne-de garaýşy üýtgär. Ine, şu inçe umyt meni maşgala ojagyna baky örkledi. G.JUMAÝEWA, Çärjew raýony. "Owadan" žurnaly, 1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||