18:33 Yslamçylar dünýäni yslam duşmany edýär! | |
YSLAMÇYLAR DÜNÝÄNI YSLAM DUŞMANY EDÝÄR!
Publisistika
Dünýäde yslama garşy musulman duşmançylygy barha artýar. Ýogsa-da bu näme sebäpli şeýle bolýar? Munuñ sebäbini tapmak üçin şolar ýalam çuñ analizleri etmegiñ geregi ýok. Yslamçylaryñ edim-gylymlaryna, bolup ýörüşlerine seretmegiñ özi munuñ sebäbini öwrenmäge artygy bilen ýeterlik Bilşiñiz ýaly, indi dünýäde uçdantutma hemmeleriñ hemme zatdan habarly bolup biljek aragatnaşyk asyrynda ýaşaýarys. Şonuñ arkasyndan dünýäniñ iñ çet künjeginde bolup-geçýän wakalardanam habardar bolup bilýäris. Şonuñ ýaly-da gaýry ýerliler musulman ýurtlarda bolýan wakalardanam, yslamçylaryñ edýän işlerindenem habarly. Mysal üçin, Türkiýäniñ tanalýan dini jemagatlarynyñ biriniñ iñ meşhur mollasy Ahmet Mahmut Ünli, beýleki ady bilen Jüpbeli Ahmet hoja "CNN Türk", "Habertürk" ýaly teleýaýlymlarda ýygy-ýygydan çykyş edip durýar. Dünýäniñ metbugat serişdeleri-de onuñ şol çykyşlaryndan sitatalar alýar. Üns beriñ, Jüpbeli Ahmet hoja yslamçylygyñ şahalaryndan biri selefiler hakda şeýle diýýär: "Selefileriñ Owganystanda, Çeçenistanda, Yrakda, Siriýada, Ýemende eden gandöküşliklerini bilýäris. Olaryñ selefi dälleriñ aýallaryny özlerine gyrnak edendiklerinem bilýäris". Jüpbeli Ahmet hoja başga näme diýýär? "Selefiler - "gaharly sünni ýaşlar" diýilýänler we "Haşdi Şabi" diýilýän şaýy milisiýa otrýadlary edýän gandöküşlikleri bilen bir hatarda adamlaryñ namysyna, atasynyñ öñüne gyzyna deadlier. Bularyñ barsynyñ wideoýazgylary bar, bütin dünýä muña syn edip dur". Umuman Jüpbeli Ahmet hoja şeýle diýýär. A Türkiýedäki selefileriñ ýolbaşçylaryndan wagyzçy Myrat Gezenler bolsa: "Gaharly sünni ýaşlar" diýilýänleriñ edýänleri jihatdyr. Şerigata laýyklykda olaryñ kelle kesmeleri, adam ýakmaklary haram däl" diýýär. Başga bir ylahyýetçi R.Ihsan Eliaçyk bolsa Jüpbeli Ahmet hoja ýaly tarykatçylar bilen "kelle kesmek haram däl" diýýän selefileriñ aslynda bir pikirdedigini aýdýar. R.Ihsan Eliaçık Jüpbeli Ahmet hoja ýaly tarykatçylaryñam dinden çykanlaryñ öldürilmegini oñlaýandygyny aýdýar. Hawa, gaýry ýurtlular musulman ýurtlardaky ruhanydyr ylahyýetçileriñ şu we şuña meñzeş düşündirişlerinden şobada habarly bolýar. Şol sanda gaýry ýurtlular musulman ýurtlarda bolýan wakalardanam şobada habarly bolýar. Meselem, Yrakda, Siriýada bolşy ýaly sünnileriñ şaýy metjitlerine, şaýylaryñam sünni metjitlerine bombaly maşynlardyr janly bombalar bilen hüjüm edip, biri-birlerini köpçülikleýin gyryp öldürişlerinden habardar bolýar. Munuñ bilenem çäklenmän, biri-birleriniñ garnyny ýaryp, jigerini, ýüregini söküp, tekbir getirip çigligine iýişlerini-de görýärler. Bütin dünýä musulman ýurtlarda bolup geçýän şular ýaly depe saçyñy düýrükdiriji eýmenç epizodlara tomaşa edip dir. Musulman diýlende, dünýä-älemiñ göz öñüne şuña meñzeş wagşyçylyk, aýylganç epizodlar gelýär. Şundan soñam metjitlerde "musulmanlyk parahatçylygyñ dinidir" diýip, wagyz edilýär. Şundan soñam metjitlerde "musulmanlar dogandyr" diýip wagyz edilýär. Şundan soñam metjitlerde "musulman terrorçy bolýan däldir" diýip, wagyz edilýär. Ýöne dünýä muña ynananoga-a. Musulman dünýäsine göz aýlap, musulmanlaryñ biri-birleri bilen elmydama diýen ýaly urşup-gyrlyşyp ýörşüni görenler "musulmanlyk parahatçylygyñ dinidir"diýen sözüñize ynanarlar öýdýäñimizmi? Musulman dünýäsine seredip, käbir musulmanlaryñ biri-birleriniñ jigerini, ýüregini söküp, tekbir getirip çigligine iýýändigini görenler "musulmanlar dogandyr" diýseñiz ynanarlarmy? Musulman dünýäsine seredip, musulmanlaryñ biri-birleriniñ metjitlerine bombaly maşynlar bilen, janly bombalar bilen hüjüm etmek ýaly terrorçylykly aktlaryny gurnaýandygyny görenper "musulman terrorçy bolup bilmez" diýseñiz ynanarlarmy? "Musulmanlar biri-birlerine şeýdýän bolsalar, başgalara nämeleri etjegini kim biler?" diýip soramazlarmy? Ýagdaý şeýle boljak bolsa, dünýäde musulman duşmançylygy, yslam garşydaşlygy gitdigiçe artmazmy? Lütfü OFLAZ, aktivist oflazlutfu@gmail.com Çarşenbe, 07.10.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |