16:45 Başga planetalylar musulmanmy? | |
BAŞGA PLANETALYLAR MUSULMANMY?
Geň-taňsy wakalar
Geçen Orazada ylahyýet professory Nihat Hatipoglynyñ ATV-de berilýän selling gepleşiginde ýaş gyzlaryñ biri "Başga planetalylar musulmanmy?" diýip sorapdy. Ine, indiki döwrüñ ýaşlary şular ýaly ýaşlar! Dini meseleler bilen bir hatarda islendik temany sorap-indäp, anygyna ýetmese ynjalmaýan ýaşlar. Heniz liseýde okap ýören wagtlary-da bäbekleri leglekleriñ getirýändi hakdaky gürrüñe ynanýan dünýäden habarsyz öñki nesillere garanda özüne her aýdylana ynanmaýan ýaşlar. Geçirilen barlaglar indiki döwrüñ ýaşlarynyñ telefon oýnamaga eýýäm iki ýaşynda başlaýandygyny, kompýuterler dagy oýunjak oýnamakdan enaýy görmeýändigini görkezýär. Indiki döwrüñ çagalary örän kiçijik ýaşlardan başlap dünýäde bolup geçýän zatlardan habarly bolýar. Indiki döwrüñ çagalary özlerine aýdylanlaryñ magadyna ýetmän hiç zada ynanmaýar. Geçirilen başga bir barlagyñ netijesine görä, indiki döwrüñ çagalary "Telewizorda görünsin, onsoñ Hudaýa ynanalyñ!" diýýärmiş. Şindiziñ çagalary Hudaýa ynandyrmak üçin ýa ony telewizorda görmek, ýa-da onuñ bilen internetde ýazyşmak gerekmiş. Çagalar muny Hudaýa birnäçe sowallary bermek üçin isleýärmiş. Mysal üçin, "Seniñ hemme zada güýjüñ ýetýän bolsa, näme sebäpden güýçlüleriñ ejize ganymlyk etmeginiñ öñüni alañok. Käbir adamlara sagdynlyk, ukyp-başarnyk, owadanlyk ýaly hemme zady eçilýäñ-de, käbirlerine bularyñ ýekesinem bermän, nämüçin adalatsyzlyk edýäñ?" diýen ýaly sowallaty beresleri gelýärmiş. Bu barlagyñ netijesi maña dünýäniñ üç uly satiriki žurnalynyñ biri bolan "Gyrgyryñ" kollektiwi tarapyndan çykan "LeMan" žurnalynda 90-njy ýyllarda çykardan käbir ýazgylarymy ýatladýar. Meselem, şol döwrüñ orta mekdeplerinde, liseýlerde, ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlaryñ iñ köp okaýan neşiri bolan "LeManda" çykan "Göçürmelik sowallar" ("Kopyalık Sorular ") sözbaşyly makalamy ýatladýar. Kopiýalanan goýunlaryñ köpeldiljekdigini we kopiýa adamlaryñ ýa-da adampisint robotlaryñ öndüriljekdigini çaklap ýazan makalamy ýatladýar. "Ruhum Eýfel diñi, bedenim Pisa diñi" (Ruhum Eyfel Kulesi Bedenim Pisa Kulesi) atly kitabyma-da girizilen şol makala şeýle sözler bilen başlaýar: "Kopiýalanyp köpeldilen goýuny gurbanlyk edip bolarmy? Kopiýalanan adamyñ etjek gurbanlygy kabul bolarmy? Kopiýalanan goýun eýesinem Syrat köprüsinden geçirip bilermi?! Kopiýalanan adamyñ alan täreti, okan namazy, eden doga-dilegi, ybadaty kabul bolarmyka?! Kopiýalanan adamyñ haj parzyny berjaý etmägr gitmegi dürsmi?! Kopiýalanan adamlar çokundyrylyp bilnermi?! Kopiýalanan adamlaryñ sünnet edilmegi, parzmy, sünnetmi? Kopiýalanan adamlar üçinem jynaza namazy okalarmy?! Kopiýalanan adamlar kopiýalanan adamlaryñ gonamçylygyna jaýlanjakmyka?! Kopiýalanan adamlaram ymam, işan-molla, pop-monah bolup bilermi?! Kopiýalanan adamyñ hudaýy ony döreden alymyñ özi bolmaýarmy?! Kopiýalanan adamlar bilen olaryñ hudaýlary bolan alymlaryñ nikalaşmagyna rugsat edilermi?!" Baryp-ha 90-njy ýyllarda agzan şu we şuña meñzeş sowallarym häzirlerem käbirleriniñ agzyny uçukladyp biler. Ýöne şu sowallary bolmajak zat hasap etjekler alymlaryñ eýýäm emeli añly robotlary oýlap tapandyklaryny we adam ýaly hereket edýän robotlary öndürendiklerini bilýändirler. Galyberse-de, meniñ 90-njy ýyllarda orta atan şu we şuña meñzeş sowallarymyñ has beterini şumadyñ ýaşlary berýär. Indiki döwrüñ ýaşlary ylahyýet professory Nihat Hatipogluna "Başga planetalylar musulmanmy?" diýip soran ýaş gyz ýaly kellesine gelen islendik zady soraýar, anygyna ýetjek bolýar. Şu günüñ "Z nesili" diýilýän ýaşlar şeýle bolsa, ertirki nesliñ ýaşlary hasam soranjañ, hasam bilesigeliji bolar. Hawa, geljegimiz pikir edişimizden has beter bolar. Lütfü OFLAZ, oflazlutfu@gmail.com Çarşenbe, 16.06.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |