23:27 Ýumurtga / hekaýa | |
ÝUMURTGA
Mistika we fantastika
Sen ölmeziňden öň öýüňe gidýärdiň. Awtoulag heläkçiligi boldy. Üns bermeli aýratyn zat ýok, ýöne ölüm howply boldy. Aýalyňy we iki çagaňy yzda galdyrdyň. Bu agyrysyz ölümdi. Ilkinji kömek işgärleri sizi halas etmek üçin elinden gelenini etdiler, ýöne peýdasyzdy. Maňa ynan, bedeniň böleklere bölündi. Ine, sen meniň bilen duşuşdyň. - Näme boldy? - diýip soradyň. - Men nirede? - Sen öldiň - diýdim, hakykaty aýtdym. Ýumşak sözlere zerurlyk ýok. - Uly awtoulag ... ýük daşaýan bir ýük ulagy bardy... - Dogry - diýdim. - Men .. öldümmi? - Hawa - diýdim. - Ýöne gaty gynanma. Hemmeler ölýär - diýdim. Daş töweregiňe göz aýladyň. Hiç zat ýokdy. Diňe sen we men. "Bu ýer nire?" diýip soradyň. "Aňyrky dünýämi?" - Köp ýa-da az, bu ýer - diýdim. - Sen Hudaýmy? - diýip soradyň. - Hawa - diýip jogap berdim. - Men Hudaý. - Çagalarym .. aýalym - diýdiñ. - Olara näme boldy? - Gowy bolarmy? - Ine bu, meniň göresim gelýän zat -diýdim. - Öleniňe köp wagt bolmady, ýöne bar aladaň maşgalaň. Diýmek bu seniň üçin gowy zat . Sen maňa maňa jadylanan ýaly seretdiň. Saňa görä men Hudaýa meňzeýärdim. Ýönekeý bir adam ýa-da bir aýal. Düşnüksiz bir şahsyýet. Emma başlangyç synp mugallymy ýaly güýçli biri. - Alada etme - diýdim. - Ählisi gowy bolar. Çagalaryňyz sizi hemme taraplaýyn kämil diýip ýatda saklarlar. Seni ýigrenip biler ýaly olar entek ulalmady. Aýalyň daşarda aglar, ýöne gizlin gizlin rahatlanar. Dogrymy aýtsam, maşgalaňyz ýykylýardy. Göwinlik isleseňiz, rahatlanany üçin özüni günäkär duýar. Ah çekdiň we: "Indi näme bolar? Meni jennete ýa dowzaha iberermisiň?" - Ikisine-de däl - diýdim. - Siz gaýtadan doglarsyňyz. - Hä onda diýmek, hindileriň dini dogry eken?! - Hemme dinler öz perspektiwinden dogry -diýdim. - Meniň bilen bile ýöre. Boşlukda ädimläp meniň yzyma düşdüň. "Biz nirä barýarys?" - Aslynda hiç ýere - diýdim. - Ýöremek, gürleşmek üçin oňaýly. - Bu nämäni anladyar? - diýip soradyň. - Täzeden doglan wagtym boş bir kagyz bolaryn, şeýlemi? Bir Çaga. Şonuň üçin meniň başdan geçirenlerimiň we bu durmuşda eden zatlarymyň hiç biri möhüm däl we manysyz. - Ýok beýle däl - diýdim. - Geçmişdäki tejribeleriň we bilimleriň hemmesi içiňde. Olary diňe şu wagtlykça ýada salmaýarsyň. Men ýerimden turdum-da, seniň egninden tutdum. “Ruh siziň pikir edişiňizden has ajaýyp, owadan we uludyr. Bir Ynsan aňy bedeniň diňe az bölegini tutýandyr. Suwuň temperaturasyny bilmek üçin onuň daşyna eliňi goýup ölçeýşiň ýaly... Kiçijik bir bölegi gutyda goýýarsyňyz we açyp bilseňiz, ähli tejribä eýe bolarsyňyz." - Soňky 48 ýylyň dowamynda bir adamyň içinde bolduňyz, şonuň üçin çäksiz aňyňyzy doly öwrenmediňiz. Bu ýerde gaty köp aýlansak, hemme zady ýatlap başlarsyňyz. Elbetde, muny her ýaşaýyşda etmegiň hiçhili manysy ýok. - Öň näçe gezek ölüp, gaýta doguldym. - Köp gezek ... köp gezek ...- diýdim. - Indi siz biziň eramyzdan öňki 540-njy ýylynda hytaýly bir gyz bolup dünýä inersiň. - Bir minut garaşyň, näme? Meni geçmişe iberýärsiňizmi? - Tehniki taýdan hawa. Wagt düşünjesi diňe seniň älemiňde bar. Meniň gelen ýerimde ýagdaý birneme üýtgeşik. - Sen asly nireli? - diýdiň. - Aý, elbetde... - düşündirmäge başladym. - Men bir ýerden geldim. Başga bir ýerden. Ol ýerde meniň ýaly beýlekiler bar. Ol ýerde näme bolýarka diýip gyzyklanýandygyňy bilýärin. Emma, dogrymy aýtsam, muňa düşünersiňiz öýdemok. - Hmm - diýdiň we biraz dymdyň. - Dur, dur. Eger men dürli wagtlarda gaýtadan dogulyp bilýän bolsam, özüme gabatlaşyp bilýärin. - Hawa. Elmydama şeýle bolýar. Ýöne iki durmuş hem diňe öz ömrüni bilýär. Näme bolýandygyna düşünmeýärsiň. - Onda bularyň näme manysy bar? - Hakykatdanam? - diýip soradym. - Çyndanam? Menden durmuşyň manysy hakda soraýarsyňyzmy? Bu biraz iç gysganç sorag dälmi? - Elbetde, ýöne düşnükli sorag -diýip inkär etdiň. Men seniň gözlerine seretdim. "Durmuşyň manysy we bu älemi ýaradanlygym, seniň ulalmagyň we kämileşmegiň üçindi." - Adam ogly, ýagny tutuş adamzat barada aýtýarsynyzmy? Biziň ýetişmegimizi, kämişleşmegimizi islediňizmi? - Ýok diňe sen. Bu älemi diňe seniň üçin ýaratdym. Her bir ömrüň, ýaşyň bilen sen has köp bilimli, kämil we akylly bolýarsyň ” - Diňe menmi? Başga adamlar näme? - Başga hiç kim ýok - diýdim. - Bu älemde diňe sen we men bar. Sen maňa boş seredip başladyň. "Ýöne dünýädäki beýleki adamlar ..." - Olaryň hemmesi sensiň, seniň dürli keşplere giren halatlaryň. - Dur, men düşünjek bolaýyn. Men hemmelermi?! - Indi düşündiň - diýdim-de, seniň başyňy sypaladym. - Men ýaşap geçen her bir adammy? - Şol sanda indi ýaşajak adamlar hem sen. - Men Awram Linkolnmy? - We şol sanda ony öldüren Jon Wilkes But hem sen - diýip goşdym. - Men Gitlermi?- muny dodaklaryňy titredip, gorkup aýtdyň. - We onuň öldüren millionlarça adamy hem sensiň - diýip üstüni ýetirdim. - Men Isa Mesihmi? - Şol sanda Ony yzarlaýanlaryň hemmesi - diýip goşdym. Sessizlige gömüldiň. "Her gezek birini öldüreniňde özüňi öldürýärdiň" - diýdim. "Eden ähli gowy zatlaryňy özüňe etdiň. Islendik adamyň dadyp gören ähli ýagşylygyny ýa-da ýamanlygyny seniň özüň etdiň" Uzak wagtlap pikir etdiň. "Näme üçin?" diýip soradyň. "Näme üçin beýle etdiň?" “Sebäbi bir gün sen meniň ýaly bolarsyň. Sebäbi bu sen. Sen meniň görnüşim. Sen meniň çagam " - Wah - diýip, ynamsyzlyk bilen aýtdyň. - Diýmek, men hem Hudaýmy? - Ýok, entek däl. Sen heniz bir düwünçek. Sen henizem ösýärsiň. Hemişe bar bolan adamzat ömrüni ýaşaýarsyň, taze dünýä inmek üçin ýeterlik ulalarsyň. "Diýmek, tutuş älem" diňe "..." - Bir ýumurtga - diýip jogap berdim. - Indi başga durmuşyňyza geçmegiň wagty geldi. Men seni iberdim. © Endi WEÝER. Terjime eden: Yhlas SETDAROW. Redaktirlän: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||