20:20 Ýylanbaý / erteki | |
ÝYLANBAÝ
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken, bir garryja adamyň üç sany gyzy bar eken. Bu adam bir gün oduna gidenden odunyň düýbünden bir ullakan ýylan çykyp: — Gyzlaryň birini berseň-ä berersiň, bermeseň hem men şu ýerde seni diriligiňe ýuwdaryn – diýen. Onda garry: — Baryp gyzlarymdan sorap göreýin, soň aýdaýyn. Häzir men aýdyp biljek däl – diýen. Goja öýüne gaýdyp gelip, ilki uly gyzyna: — Gyzym, meniň başyma şeýle bir bela indi, siziň biriňizi bermesem, bir ýylan meni iýjek – diýen. Onda uly gyzy: — Iýse hälä goýmasyn, kaka – diýen. Görgüli goja ortanjy gyzynyň ýanyna baryp şeýle diýen: — Gyzym, men bir bela duş geldim. Gaýrat etmeseňiz, bir ýylan meni iýjek – diýdi. Onda ortanjy gyzy: — Iýse hälä goýmasyn, men janymdan geçmerin – diýen. Goja ýaýdana-ýaýdana iň kiçi gyzynyň ýanyna gelip, onuň ahwalyny soran, soň göwnündäkini duýduran. Onda gojanyň kiçi gyzy säginmän: — Janymdan geçerin, senden geçmerin, kaka jan – diýen. Atasy ýylanyň ýanyna gelip: — Kiçi gyzymy berýän – diýip aýdan. Ýylan oňa: — Ertir baryp gyzyňy alyp giderler. Ýöne barmazlaryndan öň bir uly ýel turar, gyzyň gorkmasyn, ýel sowlansoň dünýäni suw-sil edip ýagyş ýagar. Ondan soň goşun tutup ýylanlar geler, şondan hem gorkmasyn. Onuň yzyndan bezelen bir at geler, ondan ýüpek lybaslary alyp gyzyňa geýdirersiň we ata mündürip goýberersiň – diýen. Ertesi ýel turýar, yzyndan çagba ýagyp dünýäni suw-sil edýär. Soňra dumly-duşdan ýylanlar süýşüşip gelýärler. Iň yzda bir bezelen at gelýär. Gyz onuň üstünden biri-birinden owadan nepis lybaslary alyp geýip, ata münýär. At ony bir köşge eltýär. Ýaňky ýylan ak telpekli, gara ädikli, gyrmyzy donly bir owadan, syratly ýigit bolup gyzyň öňünden çykýar. Günlerde bir gün gyzyň hossarlary gelýärler. Gyzyň uly doganlary jigilerinden: — Ýylan bilen nähili ýaşap bilýäň, gyz? Ol seni çakanok-my? – diýip soraýar. Onda kiçi doganlary: — Agşam ak telpekli, gyrmyzy donly, gara ädikli ýaşajyk owadan oglan bolýar – diýýär. Gyzlar: — Onuň gowunyň nädeniňde ýanýandygyny bil – diýýärler. Gyz bir gün adamsyndan: — Seniň gowuň nädende ýanýar? – diýip soraýar. Ýigit hem göwnüne hiç zat getirmän: — Soganyň gabygy bilen ýanýandyr – diýip jogap berýär. Ýylanyň gelni onuň diýenini doganlaryna aýdýar. Olar bir gün gije gelip, ýylanyň gowuny otlaýarlar. Ýylanbaý ertir turup gör¬se, gowy ýok. Gelnine: — Meniň gowumy seniň doganlaryň, bahyllyk edip ýakypdyrlar. Sen etdiň-etdiň, özüňe etdiň, maňa hiç zat bolmaz. Sen weli eliňe demir hasa alyp, aýagyňa demir köwüş geýip, meni gözleseň, şolar sürtülip gutaran¬da taparsyň – diýip, bir gökje kepderä öwrülýär-de, uçup gidýär. Ýylanyň gelni aglap-eňräp, atasynyň ýanyna gelip, doganlarynyň eden işlerini aýdýar. Gyzyň kakasy gyzlarynyň ikisini hem öýünden çykaryp kowýar. Gojanyň kiçi gyzy bolsa eline demir hasa alyp, aýagyna demir köwüş geýip Ýylanbaýyň gözlegine çykýar. Gidip barşyna onuň öňünden bir süri düýe çykýar. Çopandan: — Bu düýeler kimiňki? – diýip soraýar. Ol: — Ýylanbaýyňky – diýip jogap berýär. Ýene gidiberýär, öňünden bir süri goýun çykýar. — Bu kimiň goýny? – diýip sorasa: — Ýylanbaýyňky – diýip jogap berýärler. Gelin: — Ýylanbaýyň öýi nirede? – diýip sorasa: — Gidiber, gidiber ahyr öňüňden çykar – diýýärler. Gelin ýene gidiberýär. Öňünden bir süri sygyr çykýar. Çopandan: — Kimiň sygry? – diýip soraýar. Ol: — Ýylanbaýyňky – diýip jogap berýär. Gelin gidiberýär, öňünden bir süri towukmy, gazmy çykýar. Çopandan olaryň kimiňkidigini soraýar: Ol: — Ýylanbaýyňky – diýip jogap berýär. Öýüni sorasa: — Holha, baryber – diýip, öýüni görkezýär. Barýarka öňün¬den eli kündükli bir gyzjagaz çykýar. Gelin gyza: — Kündügiňden bir owurt suw içeýin-le – diýip soraýar, onda gyzjagaz: — Berjek däl, öňem Ýylanbaý kakam eli¬ni ýuwmaga howlugyp otyr – diýýär-de, ylgaşlap gidiberýär. Gelin yzyndan: — Haý, suwuň gan bilen iriň bolsun – diýip gatyrganýar. Gyzjagaz suwy eltip, Ýylanbaýyň eline akydanda, kündükden gan bilen iriň akýar. Ýylanbaý geň galyp: — Bu näme beýle? – diýip soraýar. Gyzjagaz: — Şol ýerde bir gelin otyr, ol «Kündügiňi ber, suw içeýin» diýdi, menem bermedim. Ol şonuň üçin gargady – diýýär. Onda Ýylanbaý: — Bar, dök-de, täzeden doldur, hem oňa içmäge ber, gala-nyny hem dökmän getir – diýýär. Gyzjagaz Ýylanbaýyň aýdyşy ýaly edýär. Gelin suw içip, kündüge barmagyndaky ýüzügi atyp goýberýär. Gyzjagaz baryp suwy Ýylanbaýyň eline akydanda, ýüzük patylap eline gaçýar. Ol derrew ýüzügiň öz gelniniňkidigini tanaýar. Tanaýar-da, onuň öňünden çykýar we oňa: — Meniň enem-atam, doganlarym döwdür. Olar seni gördükleri iýerler, olar meni öýerjek bolup toý edip ýörler – diýýär. Soň Ýylanbaý gelnini okap-okap, bir alma öwürýär-de, ony jübüsine salyp, dogry enesiniň ýanyna gelýär. Enesi derrew bir zady duýup: — Balam, adam ogly adamzadyň ysy bar – diýýär. Ogly ene¬sine: — Eje, bir gizlinje zadym bar, şony çykarsam iýmezmiň. Şert etseň çykaraýyn – diýýär. Ejesi şert edýär. Ýylanbaý bo-lan wakalary ejesine aýdyp, almany jübüsinden çykaryp, okap-okap gelin edýär. Ýylanbaýyň ejesi gelne şäher ýaly howlyny toýa çenli süpürip, suw sepip goýmagy buýurýar. Gelin süpürip-syryp howlynyň aňyrsyna çykyp bilmän ýadap, aglamaga oturýar. Ýylanbaý gelip: — Näme aglaýarsyň? – diýip soraýar, onda ol: — Ejeň maňa şu howlyny suwlap süpür diýip buýurdy. Heý, muny hem bir aýda, iki aýda suwlap-süpürip bolarmy? Men aglaman, kim aglasyn? – diýýär. Ýylanbaý okap-okap bir tüweleý turuzýar. Tüweleý howlynyň içini gül pürkülen ýaly edip gidýär. Bir bölejik bulut hem gelip, ýagyş ýagyp, howlynyň içini suw-sil edýär-de gidiberýär. Ýylanbaýyň ejesi haýran galýar. Ýene kyrk sany goýnuň garnyny berýär-de, yzyna hem kyrk sany iti salýar-da: — Bar, şularyň birini hem ite aldyrman, ýuwup gel – diýýär. Itleriň hersi bir ýandan çekeläp, gelni aljyradýarlar. Gelin aglap-eňräp barýarka, ýene Ýylanbaý öňünden çykyp: — Indi, näme aglaýarsyň? – diýip soraýar. Onda ol: — Men aglaman, kim aglasyn, ejeň kyrk garyn berip, yzy-ma hem kyrk it saldy, itler meni iýjek – diýýär. Onda Ýylanbaý, okap-okap itleri öldürýär. Garynlaryň hem özleri suwa girip arassalanýar. Gelin garynlary yzyna eltip berýär. Ýylanbaýyň ejesi, gelne ak keçe berip: «Şuny gara keçe et» diýýär. Soňra ýene-de gara keçe berip: «Şuny ak keçe et» diýýär. Bulary hem Ýylanbaý okap, aýdyşy ýaly, edip berýär. Ahyry iýmäge bahana tapman: — Pylan ýerde meniň doganym bardyr, git-de, şondan gaýçy getir. Ýylanbaýa don biçjek, diýip, döw doganynyňka iýsin diýip iberýär. Gelin aglap, bu wakany hem Ýylanbaýa aýdýar. Ýylanbaý oňa: — Gidersiň-gidersiň, öňünden bir takyr ýer çykar weli: be, bu ýeriň otlukdygyny diý, otluk ýer çykar weli: bu ýeriň takyrdygyny diý, egri söwüt çykanda, dogry diý, dogry söwüt çyksa, egri diý. Düýäniň öňünde süňk bardyr. Itiň öňünde bede bardyr. Bedäni düýä ber, süňki-de ite ber, açyk gapyny ýap, ýapyk gapyny aç-da, geç-de gidiber. Gapynyň agzynda çüýde gaýçy asylgydyr, al-da gaç, otur diýse etmegin – diýip, öwredip ýola salýar. Gelin Ýylanbaýyň aýdyşy ýaly edip, baryp döwe salam berýär hem-de habaryny aýdýar. Döwüň dogany: — Men gaýçyny gözläýin, otur – diýip, dişini çarhlamaga içerik girýär. Gelin gaýçyny asylgy duran ýerinden alyp gaçýar. Döw görse, gyz gaçyp barýar. Döw ýapyk gapa: — Tut – diýýär. Ýapyk gapy: — Sen maňa «ýapyk gapy» diýdiň. Ol meni açyp goýup, «açyk gapy» diýdi, tutjak däl – diýýär. Açyk gapa: — Tut – diýse: — Näme üçin tutaýyn, sen maňa «açyk gapy» diýdiň, ol ma¬ňa «ýapyk gapy» diýdi, tutjak däl – diýýär. — Itim tut – diýýär. It: — Sen maňa bede berdiň, ol maňa süňk berdi, tutmaryn – diýýär. Düýe hem tutmaýar. — Eý, meniň düzüm, söwütlerim, ony tutuň – diýse, hem-mesi: — Tutjak däl – diýip gygyryşýarlar. Gelin gaýçyny sag-aman alyp, Ýylanbaýyň ejesine getirip berýär. Ýylanbaýyň toýuny tutup başlaýarlar. Ýylanbaýyň ejesi ogluna özüniň doganynyň gyzyny alyp berýär. Toýdan soň gelin bilen oglany tama salyp, ýaňky gelniň hem eline şem berip olara çyra ýakdyrýar. Gije ýarym bolýar, hemme döwler ýatýar. Oglan turup, döw gelnini okap-okap, bir oýmak edýär-de, ýorganyň içinde goýýar. Ýedi sany hem kepderi ýasap, olary bir taz suwa salyp, gelni bilen tüýnükden çykyp gaçyp gidýär. Daň atýar, döw gelse, gapy içinden gulply, suwdaky kepderiler hem şapyr-şapyr edişýärler. — Aý, oglum ýuwunýandyr – diýip ejesi gapyda durup-durup gidýär. Soň ýene gelip barlaýar, hiç şapyrdy galanok diýýär. Ýene durup-durup gidýär. Gün günorta bolýar. Heniz hem şol şapyrdy kesilenok. Ol: — Gapyny açmarsyňyzmy? – diýip, bir depýär weli, görse, içerde hiç kim ýok. Döw gelni oýmak bolup ýatyr. Ýedi sany kepderi suwda oýnap ýör. Tamyň üstüne çykyp seretseler, uzakdan bir nokatjyk bolup çala garalary görünýär. Döwler olaryň yzyndan kowýarlar. Ýetdim-ýetdimde olar bir deşige girip bukulýarlar-da ýatýarlar. Döwler olaryň garasyny ýitirip, näme etjegini bilmeýärler. Ýylanbaýyň ejesi köprüniň üstünden bir eýläk, bir beýläk güpürdäp geçýär. Ahyrda tapyp bilmän, ýer sarsdyryp yzlaryna gaýdýarlar. Bular hem arkaýynlyk bilen turup, ýola düşüp gidiberýärler. Gelin jaýlaryna gelip seretse, öwürlip gelýänçä aýagyndaky demir köwşi eleme-deşik bolupdyr. Elindäki demir hasasy bolsa, çöp ýaly bolup galypdyr. Ýylanbaý gelni bilen uly döwletiň eýesi bolup, bagtly ýaşapdyrlar. Olar çagajyklary bilen häli-şindi babalaryna gezelenje gidipdirler. "Türkmen jadyly ertekileri" | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |