15:38 Yzlar / ýumoreska | |
YZLAR
Satiriki hekaýalar
Aýaklanmadyk köşek ýaly bolup, daňa golaý meýlisden çykdym. Daşary çakyr aýazdy. Sowuk şemal öňdenem sämäp duran kelläme erbet täsir etdi. Başym aýlanyp, ýüregim bulanyp başlady. Uly ýoldan sowlan ýerimde-de, özme erke edip bilmän, garyň üstüne gürpüldäp gitdim. Näçe wagt ýatanymy bilemok. Bir haýukdan ýanyma biri gelip, ýüzümi sypaşdyryp başlady. Men onuň kimdigini biljek bolup, gözümi açalak-ýumalak etdim. Ýöne gözüme bir gara-guradan başga zat görünmedi. Onsoň ýaňky aýalym bolaýmasyn diýen güman bilen, onuň adyny tutup gygyrdym. Jogap ýok. Diňe çybşyldy eşidilýär. Ol ses edil gapdalymdan çykýardy. Men onuň kimligini biljek bolup, şunça gözümi açjak bolup dyrjaşýardym. Emma bolanokdy. Asyl zordan gözümi gyrpyldadyp bilýän. Ýöne ýanymda kimdir biriniň duranyny welin aňşyrýan. Şol barmana ýüzüme mylaýym suw akydylan ýaly boldy. Häli aýalymyň adyny tutup gygyranyma puşman etdim. Sebäbi aýalym bolanlygynda ýüzümi sypamaJagam, ýyly suw akytmajagam hakykatdy. Soňra ejem bolaýmasyn diýen güman bilen, "Eje-e-e" diýip zörledip goýberdim. Jogap ýok. Diýmek, ejemem däl. Men onsoň sesimiň ýetdiginden gykylyklap başladym. - Aý, how, sen kimem bolsaň, ýaşyň uzak bolsun, döwletiň artsyn! Sen indi maňa, munça bolanyna görä, adyňam bir aýt!.. Ertesi jahan ýagtylyberende oýanypdyryn. Gagşap ýerimden galdym. Endam-janym yza. Kellämem ýarylyp barýar. Ýatan ýerim Ata döwüň geçen ýylky kerpiç üçin gum alan çukurynyň içi. Daş-töweregimem edil petir bezelen ýaly, itiň aýak yzy ekeni... Aýdogdy ABDYLLAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||