00:29 Bahar ýagmyry / hekaýa | |
BAHAR ÝAGMYRY
Hekaýalar
Kimdir biri penjirämi kakan ýaly boldy. Tisginip oýandym. Hiç kime gözüm düşmedi. Diňe iri ýagyş damjalary birsydyrgyn ses edip aýna urulýardy. Ýagşyň aşagynda ýygrylyp oturan alça agajy bir wakany ýadyma saldy. Şonda alça ak-patrak bolup gülläpdi. Şol gün giderime-gitmezime garaman, meni baýra gezelenje alyp gidipdiň. Awtobusda barýardyk. Hemme kişi şadyýandy. Oýun, gülki, aýdym sesi asmana göterilýärdi. Sen bolsaň, meniň ýüzüme ýylgyryp seredýärdiň. Baranymyzdan soň ikimiz el tutuşyp, uzaklara ylgap gitdik. Desse-desse gül tirdik. Sen goşgy okadyň. Goşgyňda nähilidir bir ýüregiňi dyrçanaklap gidýän äheň bardy. Şu wagta çenli ezizläp gelýän şirin duýgymyzy söz bilen ilkinji gezek beýan etdiň. Goşgyny tamamlan badyňa, ýanyňdan gitdim. Sen bir salym seredip durduň-da, birdenem yzymdan ylgadyň. Men baryp gyzlaryň arasyna goşuldym. Emma olaryň oýun-gülkülerine goşulyşyp bilmedim. Aýdylýan sözleriň biri-de gulagyma girenokdy. Ýüzüm laplap gyzýardy. Hyýalymda bolsa seniň her bir sözüňi täzeden gaýtalaýardym. Ýap-ýaňy açylyp duran howa birden näzli gelin ýaly gabagyny sallap ugrady. Iri-iri damjalar ýüzümize, ýakamyza düşüp başlady. Sen meniň elimden tutup, gülläp oturan alçanyň aşagyna bardyň. Ikimizden hem ses-seda çykanokdy. Sen ýene goşgy okadyň. Şähere giç gaýdyp geldik. Ine, bu gün hem şol günki ýaly ýagyş ýagýar. Sen Watan gullugynda gezip ýörsüň. Arman, men seni ugradyp bilmedim. Ýörite ugratmaga barybam ugradyp bilmedim. Wokzala baranymda plaşyň aşagyndan gyzyl keteni geýnen bir gyz ünsümi özüne çekdi. Saňa garaşyp durşuma perronda iki ýana gezmeläp ýören şol gyzy göz astyna alyp başladym. Şol wagt hem biri ony çagyrdy, ol gyz ses gelen tarapa ýalta öwrüldi. Gyzy çagyran ses maňa tanyşdy. Ol sendiň. Dem almam kynlaşyp, bütin göwräm bilen galpyldap başladym. Wokzalyň içine urduryp girdim. Emma ýüzümiň ugruna gidip bilmedim. Aýnadan size tarap seretdim. Siz biri-biriňize golaýjak durup, nämäniňdir bir zadyň gürrüňini edýärdiňiz. Gülüşýärdiňiz. Men çykgynsyz ýagdaýda galdym. Siziň ýanyňyza-da baryp bilemokdym, çykyp gidibermäge-de mende gurbat ýokdy. Näme-de bolsa men bu ýerde özümiň artykdygymy, bu ýerden hökman gitmelidigimi bilýärdim. Men ol ýerden nähili gaýdandygymy, öýe nähili gelendigimi bilemok. Ysytma tutýan ýaly, uzakly gijämi ýanar oduň içinde gagşap geçirdim. Hem gyzdyrdym, hem üşütdim. Şondan soňam ençeme günläp özümi ele alyp bilmedim. Seniň egni keteni köýnekli derek boýly gyz bilen duran pursadyň hiç wagt gözümiň öňünden gitmedi. Diňe düýn, senden ilkinji gezek hat alanymdan soň, dünýä täzeden inen ýaly boldum. Seniň hatyňa, seniň adyňa gözüm düşende garaňky dünýäm ýagtylyp giden ýaly boldum. Seniň gysgajyk hatyň meni tükeniksiz ejiriň içinden sogrup aldy. Sen «Aýnam, hökman ugradarsyň diýip tama edipdim. Ýöne gyz jigimden başga hiç kim meni ugratmaga gelmedi» diýip ýazypsyň. Men haty mäkäm bagryma basdym. Zyýany ýok, ezizim. Men seni geleňde hökman garşylaryn... Aýdogdy ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |