23:53 Hawadar-aýt... / ýumoreska | |
HAWADAR-AÝT...
Satiriki hekaýalar
Nemedär-aýt, şu ýyl, menem onunjy klasy gutarýandar-aýt. Deň-duşlarymyň köpüsi ýokary okuwa girýädar-aý. Gitseler gidibersinler-laý. Men bilýän-dä, barybir, giribilmeýärlerdar-aýt. Öwwe daga hiç zadam bilenokdar-aý. Ol baryp ýatan çöňňedär-aýt... Ýene Aga-da gidýär ekeni. Ol “Tanşymyz bar” diýýädär-aý welin, nätse-de ş, giribilmezdär-aýt. Oňa beletdär-aýt... Men-ä okuwa girjek bolmadymdar-aýt. Girsemem, okap bilmezmikäm diýýändär-aýt. Meniň üçin iň gowusy kakamyň aýdany bilen bolubermekdär-aý. Ol “Maşyny seň adyňa geçirmeli, sürüber onsoň” diýýädar-aý. Maşynyň bolsa keýpdär-aý. Üstesine, çaý pulam gazanyp bolýadar-aýt. Deň-duşlarymam nätse şony etsinler-laý. Bize şu-da kemje-kerdem däldär-aýt... hawadar-aýt... Bolýadar-aýt... Aýdogdy ABDYLLAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, awgust 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |