13:56 Yzygiderli adam ganyny içýän adamlar | |
YZYGIDERLI ADAM GANYNY IÇÝÄN ADAMLAR
Geň-taňsy wakalar
Dünýäniñ birnäçe ýerinde adaty adamlar yzygiderli ýagdaýda adam ganyny içýär. Alymlar munuñ sebäbine jogap agtarýar. Luiziana Döwlet uniwesitetiniñ ylmy-barlagçysy Jon Edgar Browning Täze Orleandaky "hakyky wampir" jemgyýeti boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýär. Ol adamlaryñ gan sorma endigi dini häsiýetli ritualmy ýa-da fetişmi diýen sowaly orta atýar. Alym barlagyna başlamanka bu "wampir adamlaryñ" hakykat bilen hyýaly dünýäniñ arasyndaky çägi bulaşdyrýandyrlar we wampirler barada ýazylan romanlary aşa köp okaýandyrlar diýen pikirdedi. Emma barlagyna başlady welin, pikiri üýtgedi. Şeýle adamlaryñ köpüsi paranormal hadysalara-da ynananokdy, Drakula bolan janköýerlikleri-de ýokdy, hiç hili psihologik näsazlyklary-da başdan geçirenokdylar. Gaýtam tersine, ýadawlygy, kelleagyryny we pyçak sünjülýän ýaly aşgazan agyrysyna getirýän birtüýsli ýarawsyzlygy başdan geçirýän şeýle adamlaryñ bularyñ barsyny diñe adam ganyny içip aýryp bilýändigine ynanýar. Browning "Diñe ABŞ-da şeýdip ýaşaýan müñlerçe adam bar we muny tötänlik ýa-da wagtlaýyn höwes bilen bolýandyr zatdyr öýdemok" diýýär. • Wampir jemgyýetleri Häzir şeýle adamlara şübheli garaýarys. Emma taryhda adam ganynyñ derman hasaplanan döwürlerem bolupdyr. XV asyrda Innokentiý VIII ölüm ýassygynda ýatyrka, ony bejerjek bolup üç sany ýaş ýigidiñ tä ölýänçä ganynyñ akdyrylyp, gyzgynlygyna içirilendigi hakynda maglumat saklanyp galypdyr. Soñ-soñlar gan epilepsiýa keselini bejermekde ulanylypdyr. Hernä, Renessans döwründe bular ýaly ýaramaz emeller gözden düşüpdir. Ýöne şonda-da käbir jemgyýetleriñ arasynda dowam edip, biziñ günlerimize çenli gelip ýeten bolarly. Internet çykmanka jemgyýetden çetleşdirilen halda ýaşan bu adamlar indi gizlin aragatnaşyk ýollary arkaly başlaryny birikdirene meñzeýär. Idaho Döwlet uniwersitetiniñ sosiology DJ Williams “Görşümiz ýaly dünýäniñ birnäçe uly şäherinde wampir jemgyýetleri bar" diýýär. Browning inframedeniýetleri bilen Täze Orleanyñ golaýlarynda ýaşaýan şol jemgyýetleriñ arasyna girmegi meýilleşdiripdir. Olaryñ dünýäsine aralaşdygyça nähili köpgyrañly we dürli-dürli adamlardygyny, birnäçesiniñ wampirler baradaky bilýän zadynyñ beýleki adamlar bilen deñeçerräkdigini görüpdir. Käbirleri parapsihologik maksatly güýç almak üçim wampirlik etse, käbirleri-de gan içmäge bolan islegini tutuşlygyna fiziologik sebäplere baglanyşdyrýar. • Kämilli ýaşyna ýetenden soñ ýüze çykýar Browning bu toparlar bilen gürleşende, gan içme isleginiñ kämillik ýaşyna ýetilen uçurlarda ýüze çykýandygyny öwrenipdir. Şeýle adamlaryñ umumy arzy bolsa aşa ýadawlyk, kelle agyry we aşgazan krampy eken. C.D. atly bir wampir aýal içegelerindäki näsazlygy gan içip bejerýändigini gürrüñ beripdir. Şuña meñzeş arzy bolan Kinesiýa bolsa gan içenden soñ endamyndan agyry-yzalaryñ aýrylşyp janlanan ýaly bolýandygyny, añ taýdan-da ýitileşýändigini aýdypdyr. Iki hepdä çenli dowam eden bu gowulaşma gana bolan isleg gaýtadan bildirip ugranda, ýene öñki ýaly ýagdaýa dolanyp gelýän eken. Ýöne her kimden gan sorap bilmejekdikleri üçin gan tapmak olara esasy mesele bolup durýar. Şonuñ üçinem C.J. gan berýänleriñ köpleriñ olara düşünýän garyndaşlaryndan we tanyş-bilişlerinden ybaratdygyny aýdýan. Kinesiýa bolsa her iki hepdeden bir gezek äriniñ ganyny içýär. Aradaky gatnaşyk nähili bolanda-da, gan içmek we gan bermek iki tarapyñam razylygy bilen bolýar. Iki tarap hem ganlaryny barladyp, haýsydyr bir ýokanç keseliniñ ýokdugyny anykladýar. Gan gönüden-göni endamyñ bir ýerini kesip soruljak bolsa, sorýan adam ilki agzyny ýuwup-arassalaýar. Taraplar bulary şahsylaşdyrmakdan uzakda, derman içýän ýaly ýerine ýetirýär. Browning görşen wampirleriniñ birinde-de gan içenden soñ haýsydyr bir ynjalyksyzlyk görmändigini aýdýar. Williams käbir wampirleriñ saglyk ýagdaýyndan biynjalyk bolsalar-da, özlerine gyýa göz bilen serederler ýa-da çagalarymyzy elimizden alarlar gorkusy bilen gan içme endigini saglygy goraýyş işgärlerine aýtmaýandygyny nygtaýar. Birnäçesi gan içme endigini arkaýyn taşlap biljekdigini, emma lukmanlaryñ ynjalyksyzlygy giderip biljek başga derman-däri bermeýändigini aýdýar. Bu adamlar iýmit siñdiriş sistemasynda näsazlyk bardygyny, şol sebäpli adaty azyk önümlerinden ýeterlik ýokum almaýandyklaryny, emma ganda eýýäm işlenen, taýýar görnüşdäki ýokumlardan peýdalanyp bilýändiklerini aýdýarlar. • Psihologik gelip çykyşlymy? Emma C.J. bu hereketleriñ psihosomatik gelip çykyşly bolup biljekdigi ähtimallygyny-da öñe sürýär. Ol "Belki-de bu, diñe biziñ kellämizde bar bolan problemadyr" diýýär. Şeýlemi-dälmi bilmek üçin käte gan içmegi taşlap, simptomlaryny gözlemäge synanyşypdyrlaram. Emma hiç hili üýtgeşme bolmandyr. Gaýtam Kinesiýa gan içmän gezen dört aýynda ýüreginiñ işleýşiniñ kynlaşandygyny we aşa köp kellesiniñ agyrandygyby aýdýar. Käbir hünärmenler gan içenden soñky ynjalma duýgusynyñ psihologiki häsiýetlidiginu aýdýar. Ganyñ köp ýokum beriji hem-de rahatlandyryjy aýratynlygy bolandygy üçin iýmit siñdiriş we ruhy taýdan näsazlyklary bolap içýänlere wagtlaýyn ynjalma duýgusyny berýän bolmagy ahmal. Käbirleri bolsa gan içme meýliniñ añyrsynda käbir ruhy näsazlyklarynyñ ýatandygyna ynanýae. Emma şeýle näsaglara diagnoz goýmak kyn. Medeni taýdan adaty hasap edilýän hereket bolmansoñ, gan içme wakalaryna psihoz şübhesi bilen seredilip bilner. Emma Browningem, Williams hem şeýle adamlar bilen ýakyndan tanşanlarynda, haýsydyr bir psihologik näsazlygyñ alamatyna duş gelmändiklerini aýdýar. Ýöne öwrenşilmedik hereketlere psihiatrik bozulmalar hökmünde baha berilmegi hemişe makul. Belki-de, wampir jemgyýetleri indi daşardakylara gapylaryny açyp başlandygy üçin, alymlar olaryñ meselelerini öñkä garanda has añsat çözüp bilerler. Dewid ROBSON, "BBC Future". 23.10.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |