16:31 Züwwetdin / hekaýa | |
ZÜWWETDIN
Satiriki hekaýalar
Jahyl çykyp barýanam bolsam, men gorkak. Ýaş oglankam maña "Züwwetdin" diýen lakamam dakypdyrlar. Şindizem käwagt degşip Züwwetdin diýýärler. Öñler gaty görerdim. Indi-hä öwrenşipdirin-le. Men şindizem bir-ä itlerden, birem garañkydan gorkýan. Çagakam üstüme goýun iti topulypdyr. Men gorkup birbada sakawam bolupmyşym. Bir gezegem agşamara meni ýykyk tama salyp, daşyndanam gulplap gaçypdyrlar. Ýaşlykda her hili ýagdaýlar bolýar. Ykbaldyr-da. Şindizem it görsem, daşdan aýlanyp geçýärin. Biz şäheriñ ýakasyndaky obada ýaşaýarys. Birki günlükde ýoly bejerjek diýip, agdar-düñder etdiler. Indi oba pyýada gidäýmeseñ, maşyn gatnanokdy. Men garañky düşüp başlan badyna, obamyza tarap ugradym. Ýoluñ ugrundaky agaçlar ýuwaşja öwüsýän şemala çalaja pyşyrdaşýardylar. Men endigim boýunça eýýäm gorkup başladym. Birden agaçlaryñ arasyndan çasly ses eşidildi. - Duruñ! Men sakga durdum. Kimdir biri meni ütjek bolýandyr öýdüp, sandyrap ugradym. Ýene buýruk beriji ses eşidildi. - Emedekläñ! Men: "Meniñ üstümden gülýär-ow" diýip, pikir etdim. Ses gelen tarapa seretmekden gorkýaryn. Bar güýjüm bilen emedekleýärin. - Ylgañ! Men bar güýjüm bilen ylgadym. - Indi yzyña ylga! Men aýdylany etdim. - Duruñ! Men durdum. Ses ýene buýruk beriji äheñde eşidildi. - Indi, ýanyma gel! Men başymy galdyryp, ses gelýän tarapa seretdim. Bir harby eşikli adam çal itiniñ kellesini sypalap, onuñ bilen türgenleşik geçirýän ekeni. Men ite öwredilýän maşklary gaýtalaýan bolsam nätjek?! Muny hernä, hiç kim görmedi. Gören bolsa, il masgarasy bolýardym. Atamyrat ÇOPANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |