00:34 Durmuş | |
DURMUŞ
Goşgular
![]() Daň atandan syldym seni ýüzüme, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Şükürlikden ýaş aýlandy gözüme, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Sag-aman oýandym, başym gökdedir, Baş gara bolsa-da, gözüm akdadyr. Ýurdum barka «bilmen» nedir, «ýok» nedir, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Gül meňzini görseň bolmaz howsala, Darykmaryn agyz urup owsara. Medet bergin öz boýuna towsana, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! «Görüner-görünmez bela bar» diýler, «Ýöne garşysyna gala bar» diýler. «Daşyňda mizemez halal bar» diýler, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Elmydama ýagşylyklar görmeli, Her teňňäňi durmuş üçin bermeli. Mysapyr bolaňda biraz durmaly, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Sabyr edip menzillere ýetişgin, Şeýde-şeýde il-günüňe gatyşgyn. Ýazgyt bilen altyn aşyk atyşgyn, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Ýüregim suw boldy, zora sataşdym, Şükür etdim, ýene nura sataşdym. Ýaşaýyş diýilen pire sataşdym, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Mämmernazar BABANAZAROW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||