22:59

A.Allanazarowyň "Ojak" romany barada

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 470 | Добавил: Şirhan | Теги: Şirhan Allaberdiýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024
Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 17
0
1 Şirhan  
49
Başga-da Agageldi aganyň şu eserini okanlar bar bolsa. Olaram öz pikirlerini teswirlerde beýan edibermelidirle-how! Bolmasa birhili soňky günler şu saýta edebiýat hemem edebi gürrüň barada gürrüň etmek üçin ýygnanyşýanymyz hem ýatdan çykyp barýan ýaly...

0
2 Arslan777  
1482
Menem bu kitabyñ 1-nji bölümini 2006-njy ýylda Agageldi aganyñ dosty kompozitor Suhan Tuýliýewden alyp okapdym.

0
5 Şirhan  
49
Dowamyny hem tapyp okasaňyz ökünmersiňiz.

0
3 Gurgencli  
324
"Ojak" romanyny 2020-nji ýylda okadym, romany uzyn hasaplar ýaly däl, dogrusy soňuna ýetenimde kitabyň tamamlanandygyna gynanypdym. Meniň üçin Beki Seýtegiň "Doganlar" romanyna jogap hökmünde ýazylan kitap ýaly duýuldy. "Doganlary" özüme agram salyp, kitabyň kä ýerlerinde kitaby diwara pylçap durup, ýyrtym-ýyrtym edäýjek bolup okapdym (şeýle bolsa-da iň soňuna çenli okadym). Kitaby okanymdan birnäçe ýyl soňra agalarym bilen gürrüňleşip otyrkam "Beki Seýtek özi jüneýit tiresinden bolubam Jüneýit han barada şeýle kitap ýazypdyr" diýdim, olar "Beki Seýtek Türkmenistanyň garaşsyzlyk aljakdygyny bilmedik, taryhy soňky nesile ýetirmek maksady bilen ol kitaby ýazan" diýdiler. Belki olaryň aýdýanynda hem jan bardyr, ýöne men Beki Seýtegi we beýleki ýazyjylary Akmyrat Gürgenliň aýdyşy ýaly "Telbegini getir diýseler, kellesini eltip beren" diýip hasaplaýaryn.

0
6 Şirhan  
49
Dogry "Telpek getir!" -diýilse telpegi kelle bilen getirenler hemişede bolandyr. Ýöne meniň Jüneýit han barada bir pikirim bar. Şu wagtlaram gabat gelip gören bolsaňyz Daşoguz taraplarda "Han teňňe" diýlip, bir gyrasyndan alaja geçirip Jüneýit hanyň çykardan pulyny (teňňesini) çagalaryň goşaryna ýa-da eşiginiň bir ýerlerine dakýarlar.
Halk hakydasy gaty güýçli zat. Egerde Jüneýit han şeýle ýowuz, halk duşmany, dönük, basmaçy...bolsady. Onuň teňňesiniň çagany ýaman gözden, bela-beterlerden gorajagyna ynan bolmazdy diýjek bolýan.
Galanynam bilmedim. Aýdylýan-diýilýän zatlar köp...

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
"Jüneýit hanyň bedenine gülle kär etmeýärmiş. Söweşde onuň dony okdan eleme-deşik bolýarmyş. Söweşden soň ol guşagyny çözende, donuň içindäki gülleler "şagyrryt" edip ýere dökülýärmiş" diýip, kakam pahyr ýoldaşlaryna gürrüň berende, şonça adamyň içinde ynanmazlyk edeni (ýylgyrany ýa ş.m.) görmedim. Onsoň biliberiň.

Jüneýt han hakynda kino görenimizi garry eneme aýdanymda, onuň "Jüneýt han hakynda näme görkezdiler, soňy nähili boldy" diýip sorany ýadymda (70-nji ýyllar). Men enemiň garaýşyny bilýänim üçin utana-çekine zordan: "Gyzyl komandir kowalady, Jüneyit han gaçyp gitdi" diýdim. Enem ýylgyryp, ýanyndakylara: "Ine, şeýle gülkünç zatlar bilen çagalaryň aňyny alýarlar" diýdi-de, soň maňa: "Jüneýt hanyň yzyndan ýekelikde kowup biljek adam dünýäde bolan däldir" diýdi. "Ol Owganystana çekildi, şol ýerde öz ajalyna öldi" diýdi. Onsoň Jüneyit hanyň halk arasynda sarpasyny biliberiň. Kakam ýaly sowet döwründe ösen nesil sowet hökümetine-de, Jüneýt hana-da hormat-sarpany bir ýürege sygdyran adamlardy. Bu fonemen barada ylmy iş ýazylsa bolardy.

Bilşimiz ýaly, Eýrana çekilip barýan Jüneyit hany balkanlylar uly goldaw bilen garşylap, eýran goşuny bilen çaknyşykda ýeňmegine kömek etdiler. Emma bu ýerde oňa gürrüňsiz tabyn bolmaga gezek gelende Jüneýit hanyň garaşany çykmady. Hana sylag-sarpa örän uludy, onuň üçin gan döküldi, emma bu ýerdäki tireler baş-başady, hana tabyn bolmak diýen endik ýokdy. Belli bir derejede şol sebäpli Jüneýt han bu ýerden gitmeli boldy, emma ol hakda uly buýsançly gürrüňler saklanyp galypdyr.

Emma, bilşiňiz ýaly, Jüneyit hanyň Nurberdi, Gowşut, Eziz hanlar ýaly derejede görkezilmezliginiň özüne ýetesi esasly sebäpleri bar. Türkmen halky ony baky ýatlar, emma ol hakda gaty gürlemez. Özüne bagly bolmadyk sebäplerden onuň taryhy ykbaly has çylşyrymly boldy. Şeýle ykbally taryhy şahsyýetler dünýäde başga-da bar.

0
4 Ependi  
284
Agageldi aganyň bu romany hakynda habarym ýokdy. Mowzugy okamda tanyşdym. Sag boluň, gyzykly eserler bolsa ýatladyp duruň. Agageldi aga köplenç degişmeli hekaýalary ýazýandyr öýdüp ýörsem nätjek. Ýada, özüm onuň diňe satiriki eserlerine gabat gelen bolmagym ahmal. Olam bolup biljek ýagdaý. Ýaňy, mowzugy okap, şobada internetden "Ojak" romany-ny gozletdim. Alyp bilmedim, ýapyk saýtlar. Dogrudanam 5 bölüm eken, hersi aýratyn PDF bolaýmasa.

Hem-de, dile geldi-bile geldi, diýleni. Saýtyň administratoryndan bir etjek haýyşym bardy. Eger bolýan bolsa. Kitaphana bölümindäki kitaplary skaçat edip bilemok. Ýa meň özümden şol, ýada şol saýta ssylkasy ýüklenen ýeri ýapyk bolaýmasa. Umuman, aýtmakçy bolýanym elýeterräk inderip okap bolsa, oňa ýetesi zada ýok. Saýtdan nägiläm ýok, gyzykly zatlar ýazylýar. Köplenç arhiwleri dörüp okap çykýan, içindäki romandyr-hekaýa bolsun tapawudy ýok. Wagtymy giderenime hijem gynanamok. Sebäbi biz çagalykdan kitap bilen ösüp ulaldyk. Kiçilikden nämäni öwrenseň şolam ulalaňda endik ýaly bolup galýar ekeni.

0
7 Şirhan  
49
Menem birinji kitaby tötänlik bilen diýen ýaly elime düşdi-de yzyny internetden tapyp skaçat edipdim. Alar ýaly saýt ýok bolsa elektron adresiňizi goýuň. Ugradyp bilsem ugradaýaryn.

0
8 Şirhan  
49
"Ugradyp bilsem" diýmegimiň sebäbi @gmail-poçta ulanýardym welin olam soňky günler düzüwli işlänok. (ýa-da men işledip bilemok:-))

0
10 Yusup  
50
Men hem "Ojak" 1-nji kitabyny alyp okap ugradym bir döwür. 10-12 sahypa okap taşladym. Bilemok gitmedi şol wagt. Gyzykly bolsa täzeden okap görmek gerek.

Maňa birinji kitabyny oklasana Şirhan! yusup.tm@yandex.ru

kitaphana.net de bar ol, ýöne soňky döwür şol saýta birzada boldy. ýükläp bilmedim

0
11 pezzek  
1631
Dördünji kitabyny okap ýarpylap geçdim.

Ýazyja berekella diýmeli. Bu hakyky epopeýa özem iň gowsy. @Şirhan dogry aýtýaň göwrüm taýdan uly roman, 2100 sahypa töwerek. Gyzygyp okasaň önýän ekeni. Ýaşulyň ýaltanman ýazyşyna, sabry ýetişine haýran. Diňe ýazmagam däl. Birgiden taryhy maglumat toplamaly, gören-eşdenler bilen gürrüňdeş bolmaly. Soňra ýazmaly, syntkylamaly ýene täzeden göçürmeli. Azaby ýetik bolandyr.

0
12 pezzek  
1631
Eserde ünsümi çeken ýeri Hanuma hanymyň obrazy. Birde ýoldan çykan aýal, birde-de gowy ýuka ýürek aýal. (häzir onuň owganda üstünde turýan dawwaly gyzgalaňly ýerine ýetdim, belki soňy düz bolaýmala)

Bolanyna görä uly göwrümli eserde boý oglan bilen gyzyň arasyndaky söýgi wakalary girizmeli eken. "Doganlar, Ykbal, Aýgytly ädim" romanlaryndaky ýaly.

Oba şura başlyklarny we ýokary wezipedäki adamlary şeýle zalym, doň ýürek edip görkezýär. Hakykatdanam şeýle boldumyka?

0
13 pezzek  
1631
Yzynam okaly wakaly, hany näme-nämeler bolýar.

0
14 Pegass  
1546
Doly okadym. Erbet däl eser.

0
15 Pegass  
1546
Hemem ýaňy awtorlaň sanawyndan adymy tapmadym welin, keýpine aýryldymyka, Moderator? Diňe sebäbini gyzyklanýan.

0
16 Moderator  
1471
Gyzyklanar ýaly sebäp ýok. Tehniki näsazlyklar babatda menem siz ýaly, düşünemok.

0
17 Gündogarly  
1691
@Pezzek bolanyna görä bizem okaly
bolsa elektron adresime ugradyp goýberiñ kyn görmän. Men entek bir kitabynam okap görmedim! bazarovmuhammet71@gmail.com

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]