21:43

Aleksandr Makedonskiý nähili öldi?

ALEKSANDR MAKEDONSKIÝ NÄHILI ÖLDI?

"Isgender dek ýeriñ ýüzüni alsañ,
Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!".
Magtymguly Pyragy.


Aleksandr Makedonskiý öz döwründäki dünýäniñ ýarsyny bary-ýogy on üç ýylda basyp almagy we şol wagtky dünýäniñ iñ güýçli döwleti bolan Pers imperiýasynyñ regulýar goşunlaryny derbi-dagyn etmegi başaran beýik harby serkerdeleriñ biridir.
Makedonskiniñ ýeke-täk arzuwy bardy: Olam bütin dünýäniñ ýeke-täk hökümdary bolmak. Ýöne ol özünden öñki we soñky basybalyjylaryñ hiç haçan ýetip bilmejek bu arzuwyna ýetip bilmänem b.e.öñki 323-nji ýylyñ 10-njy iýunynda, heniz 33 ýaşyndaka panydan bakyýa göç etmeli boldy.
Gadymy dünýäniñ iñ beýik hökümdarlarynyñ biri bolan Makedonskiniñ ölüm sebäbiniñ syry onuñ ölen wagtyndan başlap, biziñ günlerimize çenli nämälimligine galdy. Onuñ ölümi hakyndaky iñ üstünde durulýan çaklamalar: zäherlenme, infeksiýa, ýa-da dildüwşügiñ pidasy bolmak...
Makedonskiniñ ölüm sebäbi bilen baglanyşykly öñe sürülen ilkinji çaklama çybyn-çirkeýleriñ adamlara ýokuşdurýan keseli bolan ysytmadan ölendigidi.
Makedonskide görülen käbir alamatlar ysytma keseline yşarat edýänem bolsa, soñky geçirilen barlaglar onuñ ysytmadan ölme ähtimallygyny aradan aýyrdy. Ysytma keseli bedende dürli näsazlyklara getirmek bilen bile peşewiñem garalmagyna sebäp bolýar. Ýöne patyşanyñ duýsansyz näsaglamagy we ölümi bilen baglanyşykly çeşmelerde bu barada hiç zat agzalmaýar.
ABŞ-nyñ Wirjiniýa ştatynyñ Saglygy goraýyş edarasynyñ işgäri Jon Marryñ we Kolorado uniwersitetiniñ işgäri Çarlz Kalişeriñ pikirine görä Makedonskiniñ ölüm sebäbi Günbatar Nil wirusydyr (Вирус лихорадки Западного Нила). Olar bu pikirini gadymy grek filosofy Plutarha esaslanyp orta atýarlar. 
Plutarhyñ eserleriniñ birinde Makedonskiniñ Babyl şäheriniñ alkymyna gelende asmanda uçuşyp ýören bir süri garga görendigi we käbir gargalaryñ ölen ýagdaýda onuñ öñüne düşendigi barada aýdylýar. Bu jümle Marr we Kalişeri ABŞ-da hem giñden ýaýran wirusyñ makedon hökümdarynyñ ölümi bilen baglanyşygyny barlap görmäge iterdi.
Günbatar Nil wirusyny guşlar ýaýradýar, çybyn-çirkeýler bolsa ony adamlara ýokuşdyrýar.
Makedonskiniñ ölmeziniñ öñ ýanyndaky dem alyş ýollarynyñ infeksiýasy we deriniñ gyzaryp başlamagy ýaly simptomlary bilen Günbatar Nil wirusy ýokuşan bir adamyñ alamatlaryny kompýuter programmasy arkaly deñeşdirip gören hünärmenler: "Kompýuter bize Makedonskiniñ ölüm sebäbiniñ Günbatar Nil wirusydygyny ýüz göterim subut etdi" diýdiler.
Täze Zelandiýaly barlagçylar tarapyndan geçirilen we "Klinikal Toksikologiýa" ("Clinical Toxicology") žurnalynda çap edilen bir ylmy-barlagyñ netijesi bolsa Makedonskiniñ zäherlenip ölme ähtimallygyny öñe sürýär. 
Simptomlar grekler tarapyndan gusdurujy serişde hökmünde ulanylan zäherli ak çöpleme (Veratrum album) ösümligine yşarat edýär. Ölmezden öñ hökümdaryñ garny agyranmyş, dowamly gusupdyr, hatda galýusinasiýalar hem geçiripdir.
Makedonskiniñ näme sebäpli ölendigi boýunça başga-da birnäçe çaklama bar.
Otago uniwersitetinden Leo Sçep hem alkogol zäherlenmesi, tif (брюшной тиф) we ysytma keseli ýaly ähtimallyklary öñe sürýär. Ýöne başga bir çaklama hem azyndan iki müñ ýyl bäri ortadan aýrylanok: Makedonskiý zäherlenen bolmagy gaty ahmal. Käbir çeşmeler patyşanyñ bir pyýala şerap içensoñ, içegesine sanjylan ýiti agyry sebäpli zarynlap erbet gygyrandygyndan söz açýar. Şondan soñam hemme zat bulaşýar...

Bu çaklamanyñ dogry bolup çykaýmagy mümkin. Sebäbi Makedonskoniñ töwereginde dostundan duşmany köp bolupdyr. Eýse patyşa hakykatdanam awy berlip öldürlen bolsa, onuñ bu içeni nähili zäherkä? Jesediñ ýok ýerinde bu boýunça hiç haçanam kesgitli bir zat aýdyp bolmaz. Şonuñ üçinem Sçep diñe simptomlara seredip ölüm sebäbiniñ ähtimallyklaryny öñe sürmek bilen çäklenilýändigini aýdýar. Sebäbi häzire çenli Makedonskiniñ ne bir mazary, ne bir jesediniñ galyndysy tapyldy. Sçep we onuñ kärdeşleri barlag geçirende sistematiki taýdan zäherlenme senariýasyna gözegçilik edipdirler. Munuñ üçin mälim simptomlaryñ haýsy zäher bilen orta çykýandygyny we haýsy ösümligiñ Makedonskiniñ töwereginde bolandygyny barlap gördüler. Öwrenilen himiki we botaniki zäherlerden görlüşi ýaly ak çöpleme ösümligindäki alkaloidler Makedonskini on iki günüñ içinde öldürmäge we simptomlary orta çykarmaga ukyply. Çünki striknin ýa-da arsenik çalt hereket edýän wirusdy we bu kesel uzaga çekmän alardy. Emma ak çöplemäniñ zäheri dessine garyn agyrysyny döredýär. Garyn agyrynyñ yzysüre bolsa ýürek bulanma we gusma başlaýar. Mundan soñ zäher damarlara aralaşýar. Alkaloid damar öýjüklerindäki möhüm ion kanallaryny petikläp, bogunlaryñ tapdan düşürýär ahyrynda-da ysmaz edip taşlaýar. Ýürege barýan damarlar hem mundan täsirlenip, ýürek urşy haýallaýar gan basyşy peselýär. Makedonskide muña meñzeş alamatlar bolup geçipdir. Hususanam onuñ ölüm pursadyna çenli bolup geçen zatlaram bu aýdylanlara laýyk gelýär. Mundan başga-da oña tebigy zäheriñ berilen bolmagynyñ mümkinligini-de ýatdan çykarmaly däl. 
Ak çöpleme ösümligi gadymy döwürlerde greklerde giñden ulanylan ösümlik eken. Hatda onuñ ýörite işlenen we ajadylan logalasy derman hökmünde-de ulanylypdyr. Zäher şerabyñ içinde eräp ajan bolmagy ahmal. Alymlar jenaýaty amala aşyranyñ muny Makedonskiniñ içýän şerabyna goşan bolmagynyñ hem daşda däldigini öñe sürýärler.

• Goşmaça maglumat üçin seret:

1). "Aleksandr Makedonskiý", saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/aleksandr_makedonskiy/2018-12-01-3735

http://kitapcy.ml/news/aleksandr_makedonskiy_makalanyn_dowamy/2018-12-01-3738

2). "Makedonskiniñ başyny aýlan türkmen kagany", saýtdaky linki:
http://kitapcy.ml/news/makedonskinin_basyny_aylan_turkmen_kagany/2018-07-10-1224

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

@ Kitapçylar.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 867 | Добавил: Нawеran | Теги: Taryhy şahsyýetler | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Artogrul  
374
ABŞ-nyñ Wirjiniýa ştatynyñ Saglygy goraýyş edarasynyñ işgäri Jon Marryñ we Kolorado uniwersitetiniñ işgäri Çarlz Kalişeriñ pikirine görä Makedonskiniñ ölüm sebäbi Günbatar Nil wirusydyr (Вирус лихорадки Западного Нила). Olar bu pikirini gadymy grek filosofy Plutarha esaslanyp orta atýarlar.
Plutarhyñ eserleriniñ birinde Makedonskiniñ Babyl şäheriniñ alkymyna gelende asmanda uçuşyp ýören bir süri garga görendigi we käbir gargalaryñ ölen ýagdaýda onuñ öñüne düşendigi barada aýdylýar. Bu jümle Marr we Kalişeri ABŞ-da hem giñden ýaýran wirusyñ makedon hökümdarynyñ ölümi bilen baglanyşygyny barlap görmäge iterdi.
Günbatar Nil wirusyny guşlar ýaýradýar, çybyn-çirkeýler bolsa ony adamlara ýokuşdyrýar.
Makedonskiniñ ölmeziniñ öñ ýanyndaky dem alyş ýollarynyñ infeksiýasy we deriniñ gyzaryp başlamagy ýaly simptomlary bilen Günbatar Nil wirusy ýokuşan bir adamyñ alamatlaryny kompýuter programmasy arkaly deñeşdirip gören hünärmenler: "Kompýuter bize Makedonskiniñ ölüm sebäbiniñ Günbatar Nil wirusydygyny ýüz göterim subut etdi" diýdiler.


Wirusyñ ýok wagty ýok öýdýän gyran degen cool

0
2 Nurdan  
100
Clostridium botulinum - (botulizm) bulbarnyý sindroma meñzeýaremmi?!. ak çöpleme belki õñünden taýynlanyp goýulýandyr?! Botulizm paloçkalary organizme düşse howply ýagdaý dõreýär bedende. Simptomlary meñzeş eken.

Kelle agyr, baş aýlanma, agyz nemli bardasynda guraklyk, guramaklyk, garnynyñ çişmegi, gyzdyrma, umumy ysgynsyzlyk, ýürek bulanma, gaýtarma, iç geçme, myssalarda gowşaklyk, solgunlyk, gürlände dili çolaşyp agyr gürlemegi, ikinji sutkada eýýam myssalaryñ ysmazlygy botulizm simtomlary.

4-6 sagada çenli etjegini edip ýetişýan,
üç sutka çenli zäherlenen adamy barmaly menziline baryp ýetişdirýan,
umuman añsatlap bejerip bolmaýan iýmit, konserwant zäherlenme ))

0
3 Dunyagozel  
458
Ýene-de düşünmedimnä wacko
Baty han romanda Baty hanyň ejesi Iskender Zülkarnýni basyp alan ýerinde duşan gyzy öldürdi diýýä.
Menä Iskender Zülkarneýn Aleksandr Makefonskiý diýip bilýän wacko

0
5 guljancharyberdiyewa  
472
Sen ol diyyanin chingiz han bolaymasyn birden baty hanyñ Ejesi ogujygyna yorishe gideñde ayallandan alyp git yanyn bn diyya atan bashyna yetenemshol gyzlar diyya karochi aralaryndaky 15 asyrlyk tapawudy görä. Baty hanyñ Atasy birden makadonski dalde chingiz handy ozala

0
4 Sergezzan  
707
Käbir çaklamalara görä Makedonskin ölen yeri Gyzl-arbadyň Isgender obasynda diyarler. Şu barada rus kanallaryn birinde agzalypdam

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]