05:49

Tutanhamon nähili öldi?

TUTANHAMON NÄHILI ÖLDI?

"Piramidañ ortasynda goýulan,
Fyrgun ýaly birçak ölüp gidipdir..."
Has TÜRKMEN.


Tutanhamon b.e.öñki 1332-1323-nji ýyllarda hökümdarlyk süren müsür faraonydyr.
On sekizinji nesilşalygyñ iñ soñky wekili Tutanhamon Müsüriñ iñ güýçli patyşa maşgalasyndan bolupdyr. Onuñ yzyndan tagta geçenler üç müñ ýyllap diýen ýaly Tutanhamonyñ adyny taryhdan öçürip aýyrmak üçin jan etdiler.
Altyn tabydy we haşamly nikaby bilen Müsüriñ simwollarynyñ birine öwrülen faraonyñ ömri we ölümi hakynda juda ujypsyz maglumat biziñ günlerimize gelip ýetipdir.
Heniz çagajykka hökümdar bolan faraon Tutanhamonyñ mazary arheolog Goward Karter tarapyndan 1922-nji ýylyñ 4-nji noýabrynda Şalar jülgesinden tapyldy we dünýä jemgyýetçiligini sarsgyna saldy. Tutanhamonyñ mazarynyñ üstünden barylýança ähli patyşalyk mazarlary mazar talañçylary tarapyndan talanandyr öýdülýärdi. Tutanhamonyñ meşhurlyk gazanmagyny üpün eden başga bir sebäp bolsa, onuñ mazaryny açanyñ näletlenjekdigi baradaky myş-myşlardy. Onuñ mazarynda gadymy müsür ynanjyna laýyklykda ölümden soñky gerekli hasap edilen ähli zat bardy. Mazardan tapylan zatlar Gadymy Müsür medeniýetiniñ syryny çözmekde deñsiz-taýsyz taryhy tapyndylar bolup hyzmat etdi.
Şalar jülgesindäki mazardan Tutanhamonyñ mumyýasy bilen birlikde bir-biriniñ içinden geçen iki sany altyn çaýylan we bir sany sap altyndan ýasalan tabyt, gymmatbahaly şaý-sepler, egin-eşikler, stol we oturgyç tapyldy.
11 kilogramlyk altyn nikaby bilen gömlen gabrynyñ tapylan wagtyndan bäri Tutanhamonyñ ömrüne degişli alnyp barylan ylmy-barlag işleri alymlaryñ we taryhçylaryñ üns merkezinden düşmän gelýär.
Tutanhamon hakyndaky iñ esasy soraglardan biri hem onuñ juda ir aradan çykmagynyñ arkasyndaky sebäpdir. Häzire çenli ýaş faraonyñ ölümi boýunça birnäçe teoriýa orta atyldy. Käbir müsürşynaslar Tutanhamonyñ at arabasyndan ýykylyp ölendigini öñe sürse, başga bir topar wakanyñ añyrsynda dildüwşügiñ bardygyny orta atýardy. Şol sanda Tutanhamonyñ ýaş wagty ölmegi we onuñ öz ýerine mirasdüşer bellemändigi sebäpli, faraonyñ tutuş maşgalasyny gurşap alan kesel bilen keselläp ölendigi hakynda-da çaklamalar bardy.

■ Syýasy jenaýat

1968-nji ýylda Tutanhamonyñ mumyýalanan jesedi rentgene düşürmek mazaryndan çykaryldy. Rentgen edilende onuñ gapyrgasynyñ kükregine golaý ýerindäki şikes yzlary we kellaçanagynyñ iç tarapyna direlen süñk bölejikleri çagajykka tagta geçip, ýigrimi ýaşamanka-da ölendigi çak edilýän Tutanhamonyñ janyna kast edilendigi baradaky teoriýany hasam güýçlendirdi.
Tutanhamonyñ tagt dawalary netijesinde öldürilendigine bir delil hökmünde onuñ yzynda dul galan aýaly Anhesenamonyñ Müsüriñ ganym duşmany saýylýan Hett patyşasy Suppiluliuma ýazan haty görkezilýär. Hatda ondan bir ogluny özüne är we Müsüre patyşa edip ugratmagy haýyş edilýär. Hususanam "Töweregimdäkilerden birine äre çykasym gelenok, gorkýaryn" diýýär. Diýmek bärde nesilşalykdan bolmadyk kimdir biri tagty eýelemek üçin ony özüne aýal bolmaga mejbur etmegiñ ýollaryny synap gören bolarly.
Anhesenamonyñ baş wezir Aýa durmuşa çykandygynyñ delili Nýuberri tarapyndan tapylan we olaryñ ikisiniñem adyny göterýän ýüzükdir. Görlüşi ýaly, Aý Anhesenamon bilen nikalaşansoñ, tagta çykan bolmaly. Mundam soñ Anhesenamon barada hiç hili maglumat ýa yz ýok. Anhesenamonyñ täze tagta çykan Aýyñ döwründe gürüm-jürüm bolmagy, onuñ mazarynyñ näbelliligi we onuñ Aýyñ faraon hökmünde şekillendirilen suratlarynda bolmazlygy, şol döwrüñ syýasy intrigalarynyñ diñe Tutanhamonyñ janyna kast edilmegi bilen gutarmandygyny görkezýär.

■ At arabasy basgyladymyka?

Müsüri öwreniş jemgyýetiniñ başlygy Kris Nonton mumýany açan arheolog Goward Karteriñ öñ çap edilmedik ýazgylaryny içgin öwrenenden soñra, häzire çenli syýasy jenaýatyñ pidasy bolandyr öýdülip gelne Tutanhamonyñ çakdanaşa ýokary tizlikde gelýän at arabasynyñ aşagynda galyp, pajygaly ýagdaýda ölendigini öñe sürdi.
Nonton at arabasynyñ gyýçak tekeriniñ Tutanhamonyñ göwsüni mynjyradandygyny we göwresini dilim-dilim edendigini, şol sebäpli hem meýdi mumyýalamaga gatnaşanlaryñ jesedi hakyky bolmalysy ýaly görnüşde mumyýalap goramakda kynçylyk çekendiklerini aýdýar.
Iñlis alymlarynyñ barlaglarynyñ üstünde durup geçýän "Tutanhamon. Ýanan mumyýanyñ syry" atly taryhy-dokumental filmde Tutanhamonyñ mumyýalanan jesediniñ bijaý mumyýalama sebäpli ýapyk tabydyñ içinde ot alandygy aýdylýar. Faraon b.e.öñ 1323-nji ýyldaky pajygaly ölüminden soñ gyssagly mumyýalanyp jaýlanypdyr. Emma alymlar mumyýalama işinde ulanylan ýaglaryñ garşylyklaýyn himiki utgaşma girip, faraonyñ jesedini ýakandygyny öñe sürýärler.

■ Döwülen aýak we agyr ysytma

Müsüriñ Arheologiýa komitetiniñ başlygy Zahi Hawassyñ ýolbaşçylygyndaky alymlar topary ölmezden öñ dokuz ýyllap Müsüre hökümdarlyk eden Tutanhamonyñ bimahal ölüminiñ añyrsyndaky syryñ çözülmegi üçin rentgen abzalyny ulanyşa girizdiler. Hawassyñ ýolbaşçylyk edýän alymlar topary iki ýyllap Tutanhamonyñ we onuñ on bäş sany ýakyn garyndaşynyñ mumyýalanan jesetlerini DNK barlaglaryndan geçirdiler, barlaglaryñ we kompýuterli tomografiýa şekilleriniñ netijeleri dogabitdi keselbent bolan Tutanhamonyñ aýagynyñ näme sebäpli döwülendigi hakyndaky dürli çaklamalar bilen birlikde onuñ agyr ysytma keseline duçar bolandygyny görkezdi.
Birnäçe keseli bolan Tutanhamon ýaşlygyna garamazdan tapsyz bolupdyr we hasaly ýöräpdir, faraon gan aýlanyşygyñ pesligi sebäpli çep aýagynyñ süñküni kem-kemden zaýalap taşlan koler keseline uçrapdyr. Geçirilen ylmy barlaglarda Tutanhamonyñ kakasynyñ faraon Ehnatondygy, ejesiniñem Ehnatonyñ heniz ady anyklanmadyk uýasydygy anyklandy diýen ýaly...

■ Dogabitdi gan keseli

Emma Germaniýanyñ Bernhard Noht adyndaky tropiki keseller institutynyñ alymlary Zahi Hawasyñ we onuñ toparynyñ öñe süren pikirinden başgarak tüýsli pikiri - Tutanhamonyñ ýaryk-ýaryk dodaklydygyny we ýumry aýaklydygyny bolandygyny we ysytmanyñ beren kösenjinden ýaña aýagynda dörän kemçilikler sebäpli ölendiginden has başgaça çözgüdi orta atdylar.
Tutanhamonyñ drepanositoz (gan öýjükleriniñ gansyzlygy) keselinden ölendigini öñe süren Kristian Timmann we Kristian Meýer ganybir ene-atanyñ genlerinden bular ýaly gan bozulmalary keselini alyp doglanlaryñ ömrüniñ diñe dert bilen geçjekdigini, bu keseliñ böwreklerde, öýkende, süñk bogunlarynda we merkezi damar sistemasynda agyr berbatlyga getirýändigini aýtdylar.

■ Insest gatnaşyk

DNK barlaglarynyñ netijenamalary we üç ölçegli tomografiýa arkaly Gadymy Müsüriñ iñ tanymal faraony Tutanhamonyñ keselbent beden gurluşyna düşündiriş berýänleruñ aýtmagyna görä, hökümdaryñ ölüminiñ düýp sebäbi insest gatnaşygyñ önelgesi bolanlygyndadyr. Miçigan uniwersitetinden Goward Merkel faraonyñ ähli keselleriniñ gozgamagyna onuñ ene-atasynyñ dogan bolanlygy üçin bolandygyny aýtdy. Italiýada mumyýalanan we buzlaşan adamlar boýunça ylmy barlaglar geçirýän institutyñ agzasy Albert Zink hem öz gezeginde Tutanhamonyñ maşgala agzalarynyñ DNK barlaglarynyñ netijenamalaryny öwrendi. Onuñ gelen pikirine görä, Tutanhamon faraon Ehnatonyñ we onuñ gyz doganynyñ nikasyndan bolan çaga. Tutanhamonyñ doganlarynyñ kiçijikkä yzly-yzyna ölmegi hem "ganybir garyndaş nikasy" bilen baglanyşykly gormonal bozulmalary sebäpli bolupdyr.
Türkmensähraly türkmen alymy Hajy Myratdurdy Gazy Hezreti Magtymguly Pyragy işanyñ "Ýagşy oguldan rehnet arygy akar, Lagnatkerde ogul dogdy, dogmady" diýen setirinde "Lagnatkerde ogul" diýip müsür faraonlaryny göz öñüne tutandygyny aýdýar.[1] Diýmek, tagty özgeleriñ eýelemeginden gorkup, öz ejesine, öz uýasyna ýa-da öz gyzyna öýlenip ýören pis faraonlary Magtymguly Pyragy hem ýönelige "lagnatkerde ogula" meñzetmän eken. Ýeri gelende aýtsak, şular ýaly ýigrenji däp ahamenidler nesilşalygynda hem bolupdyr.

■ Epilepsiýa (tutgaý keseli)

Londonyñ Imperial Kollež ylmy-barlag uniwersitetinden Hutan Aşrafýan Tutanhamonyñ ölümi boýunça täze kesgitlemäni orta atdy.
Aşrafýan Tutanhamonyñ hroniki epilepsiýa keseli sebäpli ölen bolmagynyñ mümkindigini aýdýar. Ol Tutanhamonyñ aýalpisint heýkellerine syn edip, şeýle netijä geldi. Tutanhamonyñ heýkellerinde we ol hakyndaky ýazgylarda onuñ uly göwüsli we giñ sagryly şekillendirilýändigini aýdýan Aşrafýan bu ýagdaýyñ gormonlarda kadaly işleýşi bozup, temperal loby öz täsirine alýan epilepsiýa keseline yşarat edýändigini kesgitledi. Şeýle-de Aşrafýan şuña meñzeş näsaglyklaryñ Tutanhamondan öñki ýaş ölen faraonlaryñ hem ölüm sebäbiniñ bolup biläýjek zatdygyna ünsi çekdi. Ol Tutanhamonyñ döwük sagry süñküne ünsi çekip, süñke epilepsiýasy tutan faraonyñ ýykylan pursatynda şikes ýeten bolmagynyñ mümkindigini aýdýar. Has takygy Tutanhamonyñ we ondan öñki faraonlaruñ gören dini galýusinasiýalary keseliñ simtomlarynyñ biri bolupdyr.
Aşrafýan hususanam "temporal lobdaky şikesler Günüñ ýagtysyna çykanda şeýle galýusinasiýalary ýüze çykarýandygyny, öñki geçirilen barlaglaryñ dowamynda Tutanhamonyñ maşgalasynda şular ýaly keselleriñ bolup biljeginiñ anyklanandygyny" aýtdy. Maşgalanyñ ata-babalarynyñ arasynda uzak ömür süren birnäçe kişi bolupdyr. Emma bu nesilşalyk soñabaka ir ölüp başlapdyr we her nesil çalşygynda, ýagny her arkada hasam ir ölmäge başlapdyrlar.

■ Giñişleýin öwrenmek üçin edebiýat:

1). Bill PRAÝS "Müsüriñ iñ meşhur faraony: Tutanhamon"
2). Bob BRIR "Tutanhamon jenaýaty"
3). Kristian ŽAK "Tutanhamon wakasy".

____________________________

[1] Hajy Myratdyrdy Gazy, saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/magtymguly_sozum_gysga_serhi_kop_2/2019-04-04-6327

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 486 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Taryhy şahsyýetler | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]