21:05 Stalin nähili öldi? | |
STALIN NÄHILI ÖLDI? ■ Staliniñ ölümi boýunça iki çaklama Taryhyñ eli ganly iñ ýowuz diktatorlarynyñ biri hasaplanýan Staliniñ ölüminiñ sebäbi häzirki wagta çenli syrlylygyny gorap gelýär. ■ Birinji çaklama Stalin janpenalaryna her hili ýagdaý ýüze çyksa-da, dynç alýan otagyna girmezligi tabşyrypdyr. Hatda ol bir gezek görkezmesiniñ ýerini ýetirilişini barlamak üçin endamy agyrýan adam ýaly gaty ses bilen gygyrypdyr we özüni halas etmek üçin içeri giren janpenalaryna ölüm jezasyny beripdir. Şeýdibem, Staliniñ hakykatdanam ölen güni hiç kim onuñ otagyna girmäge milt edip bilmändir. ■ Ikinji çaklama Janyna kast edilmekden öler ýaly gorkýandygy sebäpli dynç alýan otagyna barýan koridorlary labirint şekilinde gurdurypdyr we bu ýoly onuñ diñe özi bilipdir. Şonuñ üçin Staliniñ ölendigi hem giç bilinipdir we jesedini tapmagam hyllalla bolupdyr... ■ Bellik Staliniñ zäherlenendigini hem aýdýanlar bar, öz janyna özi kast etdi diýýänler hem bar (ikisi-de doly subut edilmedik). ■ BBC-niñ dokumental filmi esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||