17:27 Amerikanyñ açylyşy | |
AMERIKANYÑ AÇYLYŞY
(degişme goşgy) Heniz düýeguşlar uçýan mahaly, Düýeguşy münüp uçupdyr türkmen. Gezip-gezip, aýlanyp giň jahany, Soňra Amerikany açypdyr türkmen. Düýeguşy münüp göge uçanmyş, Ägirt uly okeandan geçenmiş, Baryp düşüp bir materik açanmyş. Kimler ýalan diýýär, ýöne bu çynmyş. Soňra düýeguşyn taýaklap kowup, Sag bolsun ýerine ganatyn döwüp, Ähli ýelek-perlerini ütüpdir, Olary hem kellesine dürtüpdir... Guşlary horlapdyr, hetden geçipdir, Oň towguna hiç tok diýen bolmansoň. Türkmen bir wagt Amerikany açypdyr, Hiç wagt öz-özüni açyp bilmänsoň. 1998 ý. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |