23:01

Arman / oýlanma

ARMAN

Indi ýigrimi üç ýyldyr kalbym hiç rahatlyk tapanok. Bary-ýogy göz gyrpym salym berlen mümkinçiligi kejirligim, özdiýenliligim sebäpli elden gidirdim. Soňam giç boldy... juda giç...
Şol gün işe gitmek üçin eýwanda köwşümi geýip durdum. Kakam ardynjyrap ýanyma geldi. Başymy galdyryp:"Näme kaka?" diýýän äheňde ýüzüne garadym. Kakam:"Çagalarymyň içinde bir sen meň ýüzüme gelen" diýdi. Bu sözleriň iki ýyl öň söýgümiň hatyrasyna, gyz haýasyny beýlä aýyryp, kakama kalbymy bir ýigidiň eýeländigini, şol sebäpli meni guda gelen garyndaşymyza bermezligini sorap, aýdan sözlerim üçin diýlendigine bada düşündim. Şol pursat edil ruhum ikä bölünen ýaly boldy.Birinji ýary:" Kakaň seň durmuşyňdaky iň ýakyn, iň ynamdar,iň mähirli, seni hiç bir sebäpsiz, diňe barlygyň üçin söýýän ýeke-täk adam. Seniň aýdan sözleriňi eşiden islendik ata öz gyzynyň başyna nähili gün saljagy belli däl. Saňa welin kakaň iň bärkisi sesinem gataltmady. Onuň seni biçak gowy görýändigini bilýärsiň. Galyberse-de sen eýýam ol ýigide: "Bagyşla. Kakamyň göwnüni ýykyp biljek däl" diýip, ahyrky çözgüdiňi aýtdyň ahyry.Indi näme sebäpden kejirligiňe tutup, dymyp dursuň? Kakaň her näçe sowukganly görünmek islese-de, onuň çagalaryna bolan söýgüden doly ýüreginiň ýukadygyny,näzikdigini bilýärsiň. Şol ýüregi ynjydanyňy-da bilýärsiň. Göwün berip, söýen ýaryňdan aýyrylmagyň kalba berýän yzasyny, bu duýgyny başyndan geçirenler bilýär.Emma mähriban kakaňy ynjydanyňy duýmaklygyň, söýginiň çekdirýän jepasyndan has agyr gelýändigini seniň özüň bilýärsiň. Hyýalyňda näçeler ötünç soradyň.Şu wagt tüýs wagty, ýeňlet ýüküňi! Saklama duýgularyňy!" diýýärdi. Beýleki ýary:"Näme üçin sen ötünç soramaly? Söýgüden jyda düşen ýüregiň çekdiren jebirlerini bir özüň bilýärsiň.Näme üçin hiç kim seniň duýgularyň barada oýlanmadylar? Näme üçin özleriniňkini birjik hem ýalňyş hasap etmediler? Bu seň durmuşyň-a. Onsoň näme üçin sen ötünç soramaly?" diýip dilimi baglady durdy.
Bu pikirler göz gyrpym salymda kellämde aýlandy.Kakam jogabyma garaşman:"Aý bolýarla..." diýdi-de öz otagyna girip gitdi.
Men iş otagyma girip, penjireleri açyşdyryp, iş kagyzlaryny öňüme alanymam şoldy. Yzymdan şum habar geldi. Kakam dünýäden gaýdypdyr. Dünýäm düňderilen ýaly boldy. Ýap-ýaňyja bolup geçen pursat, telim sapar göz öňümden geçdi. Agyr,agyr ýuwdundym. Her ýuwdynanymda şar şekilli howa düwünleri içime gidýärdi. Bu düwünler indi hiç wagt düzedip bolmajak, gaýgy-gam, gynanç, puşman,alaçsyzlyk bilen bilelikde gelýän armandy. Indi ýer bagyrtlap, çabalanyp, urnup aglanyňdan peýda ýokdugyna oňat düşünýärdim. Alladan dilesem derdim ýeňlär diýen umyt bilen dileg etmek isledim. Başarmadym. Nä ýüzüme diläýin.Pursat berdi. Gidirdim."Bendäm bilen öz aramdaky närazylygy geçerin, emma bendäm bilen bendämiň arasyndaky närazylygy bagyşlamaryn" diýermişin. Özüm razylaşmalydym...
"Aý bolýar-la" sözüň manysyna düşünip bilmän ýörenime indi ýigrimi üç ýyl. Agyr ýük... juda agyr... juda giç... indi ömrüm ötünçä götermeli...

Ogulaman JUMAGYLYJOWA.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 522 | Добавил: jumagylyjovao | Теги: Ogulaman Jumagylyjowa | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
3
1 Мylayym  
83
Beh, dogrudanam oýlandyryjy oýlanma. Meniň pikirimçe, "Bagyşla!" diýilmedigem bolsa, ata-ene öýkezi, yuwulyp serilen hasanyň guraýançasyna çenlimikä diýýän. Gyz kakasynyň diýeni bilen bolupdyr-a. Bir "Bagyşla!" diýip, ýetişilmedigi üçin belki, munça ýyl özüňi kötekläniňe degenem däldir. Sebäbi, toý edip, seni öýden derejeläp çykaran ata-ene şol güni eýýäm, öýke-kinesini unudandyrlar. Eger, kakaňy diňlemedik bolsaň, onda ol gürrüň başga bolardy...

2
2 Garaýolly  
27
Tasirli oylanma

2
3 Garaýolly  
27
Yashlyk gecip gidyar pushmana burap,
Ahmyrly,okuncli yyllary bilen.
Akyl goyalyshan dowruñden garap,
Bakarsyñ shu gunuñ gunleri bilen.

Ayal bol,erkek bol,yakynlaryñ babatda ahmyrly pushmana berilip,indi,indi oz-ozuñi torpulemage duypli esas tapylyar. Oylandyryan oylanma.Sag bol,uyam.Gyzygyp okadym.

2
4 Gumlygelin  
8
Uýam"Ölä aýan-dirä güman"-diýen sözümiz bar.Gursagyñda göterip ýören,armana ýugrulan agyr ýüküñ kakaña-da aýandyr.

2
5 Gumlygelin  
8
Şu ýerde ene-atasynyñ nägileligne bakman,gaçyp gidip durmuş gurýanlañ kalbynyñ azary niçik bolýarka diýip oýlandym.
Sizden bolsa pederiñiz razydyr uýam.Şu armanyñ içinde kakañyza bolan çäksiz hormaty,sylagy gördüm.

3
6 Gumlygelin  
8
Çaga deý,ynanjañ sadaja kakam,
Sadalygy senden alan ekenim.
Obada garypja çatmañ üstünde,
Bilýäñmi,abraýdan baýdak dikenim.

Kaka,ol baýdagy señ üçin dikdim,
Ölçenmeýär oñ bahasy zer bilen.
Saña başga zady rowa görmedim,
Ekläniñe mañlaýdaky der bilen.

Indi bolsa pata berip ugradan,
Ak ýoluñdan ýöräp barýan gyzyña,
Seret,soraglardan ýegşerip barýar,
Sorag berip özgä däl-de özüne.

Elimden gelýänje aklygym bilen,
Ödedimmi ezizlermiñ ynamyn?
Köýen badyhowa arzuwlam üçin,
Wah,jigerin dagladymla enemiñ.

Diýip,bu ömrümiñ gaýtargysyny,
Az görüp özümden jeza çekýärin.
Bagyşla pederim,bagyşla eje,
Öñki-soñky hatalarny dikraryñ.

Gyzylgül Annagylyjowa

1
7 jumagylyjovao  
88
Goldawyňyza sag boluň, mähribanlar!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]