18:20

Ene-ata "Siz" diýlip ýüzlenilse dogrumy ýa-da "Sen"?

Ene-ata "Siz" diýlip ýüzlenilse dogrumy ýa-da "Sen"? Şeýle sorag bilen menem öz enem-atama ýüz tutupdym. Şonda kakam pahyryň beren jogaby meniň ýüregime altyn harplar bilen ýazyldy. Kakam bu jogaby öz wagtynda atamdan eşidipdir. Menem öz gezegimde ony çagalaryma okap berdim. Onuň şeýleräk mazmuny bar:
"Allah Tagala tutuş älemleri ýokdan bar eden,deňi-taýy bolmadyk, ähli kemal sypatlara eýe, her bir zady ýaradan we döreden ýeke-täk Ýaradyjydyr. Biz Allah Tagala ýüzlenenimizde "Sen" diýip ýüzlenýäris.Çünki oldur bizi çäksiz söýýän. Biz,ýagny seniň ejeň we kakaň, seniň üçin ýeke-täkdiris we sizi, Beýik Perwerdigärimiziň bize beren peşgeşini, diňe barlygyňyz üçin söýýändiris.Şol sebäpden bize "Sen" diýip ýüzleniň. Öz çagalaryňyzada şeýle öwrediň. Şonda olar siz bilen, edil siziň biz bilen bolşuňyz ýaly diňe açyk we ynamly duýgulara ýol bererler."

Elbetde, ene-ata "Siz" diýlip ýüzlenilse dogrumy ýa-da "Sen" diýen soraga galyba salnan ýeke-täk jogap ýok. Muny her maşgala özüçe çözýär. Kim sylag - hormatyň nyşany hökmünde "Siz" diýdirse, kim ýeke-täk iň ýakyn adam hökmünde "Sen" diýdirýär.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 551 | Добавил: jumagylyjovao | Теги: Ogulaman Jumagylyjowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]