20:21

Aýteniñ äri / satiriki hekaýa

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 569 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 22
0
1 Orhideýa  
719
Türkmenistanyñ halk artisti Ata Alowow belli aktrisa Maýa Aýmedowa bilen Moskwada bile bir kursda okadylar. Ol dõwürler Maýa Aýmedowa eýýäm adygyp başlapdyr. (Halypalañ bir-ä gurrüñ beripdi).Talyp dõwurleri Ata Alowow Maýa Aýmedowa aşyk bolýar, oña söz aýtmak isleýär. Sungat maşgalasy bolmak nähili gowy! Birdenem Ata Alow õz duýgularyny, niýetlerini saklap,ol aktrisadan daşlaşyp başlayar. Dostlary soraýalar:
- Birden saña näme boldy? Hany, sen ony gaty halaýadyñ- a..
- Aý... oturyp, turup pikirlendim. Biz onuñ bn maşgala bolaýsak, men mydamalyk "Maýa Aýmedowanyñ äri" lakamyny edinmeli bolaryn. Men hemişe Ata Alowow bolasym gelýär...
Hawa, ol Ata Alowow hem bolup galdy.

1
2 Hyýalkeş  
752
Ine-de meniñ söýgüli hekaýam.
Gülälek gelnejäñ aýdan gürrüñine sowal: "Ynsan yşk üçin öz adynyñ tutulmazlygyna kaýyl bolup bilmezmi?"

0
5 Haweran  
411
Hakyky YŞK - ynsan(lar) üçin, ynsanlara, umumyadamzat gymmatlyklaryna hyzmat edýän asylly maksadyñ üçin öz yşkyñdan (ýa-da bähbidiñden) geçebilmekdir! (Hakyky yşkyñ ýoly pidakärlikden geçýär.)
Meselem, Muhammet pygamber (s.a.w) ýaly, meselem Isa pygamber ýaly (s.a.w), meselem Nuh, Ybraýym, Ýakup, Ýusup, Musa pygamberler (a.s) ýaly, meselem Hezreti Aly (r.a), Hezreti Hasan-Hüseýin, Ymam Agzam, Mansur Hallaç, Seýit Nesimi, Ibn Araby, Baýezit Bestamy, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Magtymguly Pyragy... mysaly.
Meselem, Jordano Bruno, Galileo Galileý, Tomas Mor, Karl Marks, Lenin ýaly...
Ata Alow ýaly sungat adamlary hakyky türkmen şahsyýetleridir.
Hormatly Prezidentimiziñ hem aýdyşy ýaly, biz şeýle adamlarymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys!

0
3 Orhideýa  
719
Yşk üçin bolsa, bolar..))

-1
4 Nurdan  
100
Umuman hekaýany haladym, ýöne terjimeden Eziz Nesiniñ ýitiligini, sözleriniñ şorluja tagamyny alyp bilmedim. Rus dilinden terjime edilensoñ bolmagam ahmal. Edil Eziz Nesinden edilen däl ýaly bolup dur. Saýtda Eziz Nesiniñ döredijiliginden edilip goýulýan terjimeleri okap başlanyñdan "Eziz Nesin" diýdirýärdi.. Agabaý Kiçibalow juda edebileşdiripdir, bu bolsa Eziz Nesinden daşlaşdyrypdyr.

0
6 Revo  
484
Öz ykbalyňy, öz eliň bilen itmegiň ýerine ýetirýän ýaramaz täsiri ýada ene - atanyň dakan adynyň adam durmuşyny kesgitlemän, durmuşda ýerine ýetirlen işleriň ady kesgitleýändigini aňlatýan hekaýamy bu?! Nähili çözgüde gelinsede şolbir wagtda gowy hem gowy däl hekaýa eken.

0
7 Hyýalkeş  
752
Elbetde, Ata Alowyñ şahsyýetine dil ýetirmek maksadym däl ýöne kimdir birini ýürekden söýen bolsañ öz adyñ deregine özüñi onuñ ady bilen tanatmaga-da kaýyl bolarsyñmykañ diýýän.
Bärde Ata aganyñ yşkyndan geçmegi netijesinde ösüş ýa-da açyş ýüze çykanok. Diýmek, munuñ halk bilenem baglanyşygy ýok. Bu diñe bir adamyñ ykbalyna bolan garaýşyny we nämeleri nämelerden ileri tutandygyny görkezýär.

0
8 gomulgen  
818
Eýsem siziñ pikirinizçe ýaşuly nämeden nämäni ileri tutupdyr?

1
9 Hyýalkeş  
752
Gömülgen, mençe at-abraýy yşkdan ileri tutupdyr. (eger hakykatdanam gelnejäñ aýdyşy ýaly aşyk bolan bolsa)

-1
10 gomulgen  
818
Onsoñ oñ niresi yalnyş?

0
11 Hyýalkeş  
752
Gömülgen, ýalñyş sözüni ulanmak nädogry. Bärde nämäni saýlajaklygy kişiñ özüne bagly diýjek bolýan. Men bolsam ony saýlamazdym.

0
12 Orhideýa  
719
@Hyýalkeş, seniñ açyk soragyña her kim düşünjesi boyunça jogap berýar.
@Haweranyñ mysaly - ol uly yşk-her kime ýetdirmeýär- Allanyñ nazar salan ynsanlaryna, bendelerine mynasyp.
Seniñ soraýan yşkyñ- adaty ynsanlaryñ söýgi gatnaşyklarymyka diýýän. Dünýäde näçe söýgi gatnaşyklary bar bolsa, olaryñ şonça dürli häsiýeti bar. Hiç kime hiç zat rowa görmeýan ynsanlarda bar.. Ne wagt, ne mähir, ne ady, ne başga zat... Olaryñ içinde sõýgüli ynsanyna ol-a ady eken, janyny pida etjekler hem bar...
(Goýýan teswirleriñe görä, sen arassaja duýguly, gönümel pikirli bir gyz ýaly. Her zatdan arassa bir garaýyş, duýgy, pikir yzarlaýañ. Gypynçsyz garaýyşlaryñy beýan edýañ, esasy, poeziýada arassa bir kalply şahyryñ - Kakamyrat Rejebowyñ poeziýasynyñ muşdagy. Bu zatlaryñ hemmesi maña-ha ýaraýar.)
Saña-da ýokarky mysalyñ dowamy ýararmyka diýýän.
Ata Alowow "öz adynyñ galmagy uçin" Maýa Aýmedowa öýlenmedik hem bolsa, ol aktrisa bilen durmuş guran režissýor Hojadurdy Narlyýew ony bagtly durmuşda ýaşatdy we häzirem ýaşadyp ýör. Maýa Aýmedowanyñ güler ýüzi mähirden, söýgiden hemişe nurlanyp durdy. Ol režissýor Maýa Aýmedowany filmleriniñ baş gahrymany edip, aktrisany dünýä belli etdi.. "Her işde bir haýyr bar" diýilýä... Geljekde, durmuşda seniñem kàbir maksatlaryñ, arzuwlaryñ amala aşmasa, şu aýtgyny ýadyña sal: "Hudaýjanyñ planlary biziñkiden has KÄMILDIR. Bize iñ haýyrlysyny, iñ gowusyny OL bilýändir..."

0
22 meylishalyk90  
806
Gaty ýerlik jogap bolupdyr!!!

0
13 Hyýalkeş  
752
Diplomat bolsañ aljak ekeniñ-äý, gelneje! :)

0
14 Aksary  
876
- gyýw
- näme
- pylanyñ gyzy Hyýalkeş wara
- hawa onsaññ!
- şol gyz sadalyk diyilýäniñ gözlerin çykaraýypdyr
- towa-towa indi
- indisin aýtsam sadalyk oñ ýanyndan gidibem bilenokmyş
- näme üçin gidenokka?
- sebäp diýseñ, indi oñ gözleri görenok, nädip gitsin
- hm şeý diýsene, zyýany ýok-la...

0
15 Hyýalkeş  
752
Gaty gülkünç.

0
16 Aksary  
876
Bilmedim

0
17 Aksary  
876
Käwagt bälçirän bolşumla aýyplaşma!

0
18 Hyýalkeş  
752
Gaty gördüm :(

0
19 Aksary  
876
"Gaty gördüm" gözlerñe hiç ýakanok,
Gatylyk ömrüñe bolmasyn mahsus.
Öýkämdän açyldym diýip jogap ýaz!
Özüm öldürmäkäm, içmänkäm uksus.

0
20 Hyýalkeş  
752
Ýeri bolýa. Indi gaýtalanmasyn.:)
Özüñi öldürmek we uksus baradaky aýdanlaryñyzy "mahsus" sözüne kapyýa diýip alansyñyz diýip hasap edýän. Tersine pikir etmegem islämok :)

0
21 Aksary  
876
Bolýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]