10:23 Balygyň howsalasy | |
BALYGYŇ HOWSALASY
Goşgular
![]() Şor ummanda ýüzýär balyk, Pikirleri alasarmyk... Hasratdan doly gursagy, Ätiýaçly her pursady, Bilýär hile gurulýanyn, Iki ýana urunýar ol aldanmajak bolup hilä, Ýogsa bilibem baranok, Hile alyp gidýär nirä. Pikir ýöredýär ol her hal, Howsalasy artyp barha: "Ahyr çeňňege düşer men, Meger gazanda bişer men, Gazanda bişsem owarram, Şonluk bilen bolarn tamam. Ýöne, eger saýlamakçy bolup, meni bir balykçy Alyp gitse ol giň ülkä, "Bakylyk" diýen ertekä, Şonda nähili bolarka? Göz öňüme gelýär görnüş, Süýji suwly ajap durmuş. Bag-bakjaly, ir-iýmişli, Dag-daşy dürli görnüşli, Ne tory bar, ne böwedi, Ýaşamalymyş ebedi, Ýöne, beýle soňsuzlygyň, Nämedekä ähmiýeti?.. Göz öňümde düýpsüz umman, Soňuna çykmasy güman. Göýä tükeniksiz gije, Has hem düşüniksiz bije". ...Şor ummanda ýüzýär balyk, Pikirleri alasarmyk. 08.04.2017 Resul ORAZOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |