10:02 Oýlar oýnaýar... | |
OÝLAR OÝNAÝAR...
Goşgular
![]() Zemini bulutlar örtüpdir bu gün, Goýalmadyk añda oýlar oýnaýar. Ykbal! Haýsy pillä iterýäñ meni? Señ keşbiñde çeşme-çaýlar oýnaýar. Örüsi giñän berdaşly dünýä, Iki jaýy bolan, darkaşly dünýä, O jaýyñ biljek däl, bu jaýyñ bilýän, Duluñda gadyrly baýlar oýnaýar. Päli pes ynsanyñ ýylgyrmagynda, Kebelek oýnaýar ýañaklarynda, Päli ýamanlaryñ çanaklarynda, Kowmasy kyn bolan, möýler oýnaýar. Haýsy bent tutdurar ýaşlygyñ joşun? Aklym haýran tebigatyñ gurluşyn, On bäşin dolduran oglanyñ huşun, Düýşlerinde, del humaýlar oýnaýar. Bir göwüne degip, hezil etmedim, Her özün bezäne, gözel öýtmedim, Ýagşa ýamanlyk hiç dözler öýtmedim, Ýagşylyk yzynda ýaýlar oýnaýar. Haram iýip ýören bokurdak, düwün. Halallara geregi ýok ündewiñ. Özüni dünýäden ýaş saýan göwün! Gör, bak, dört pasyl sen, aýlar oýnaýar. 18.03.2017 ý. * * * Men saña bir gülem sowgat etmedim, Wada hem bermedim ajap durmuşy, "Söýýän"- diýip ynandyrjak bolmadym, Diñletjek bolmadym ýürek urşumy. Seýilgählere-de möhür goýmadyk, El tutuşyp deñiz ýaka gezmedik, Gijä sümülmedik bagtymyz idäp, Bagtymyzy didelerden gözledik. Mähirli bakyşlar, mähirli sözler, Döretdi söýginiñ ymaratyny. Duýdurdy ýörände ysgynsyz dyzlar, Söýginiñ ilkinji alamatyny. Men saña ynandym, sen bolsa maña, Wadasyz, sowgatsyz, bir çemen gülsiz, Şolarsyz sen maña kemter bakmadyñ, Gezip ýöris henize çen düwünsiz. Resul ORAZOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |