22:30 Halypa şahyrymyz G.Ezizowyñ ýagty ýadygärligine bagyşlanýar | |
HALYPA ŞAHYRYMYZ G.EZIZOWYÑ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE BAGYŞLANÝAR
Goşgular
![]() Sen ýadyma düşseñ pikire batýan, Ýok, şygyrlañ o:ýunda däl bu serim, Meni çuñ pikire batyran ýagdaý Gursagña ok girip ýatan pursadyñ. Şol pursat arkañy berip topraga, Gözleriñi dikip gyzyl asmana, Iñ soñky demiñi alyp ýatyrkañ, Näme hakda gussalandyñ aýtsana. Belki ol gussañy duýandyr asman, Ol gussalar gatyşandyr topraga, Toprak bolsa agaçlara siñdirip, Agaçlar hem siñdirendir ýapraga. Şondandyr ýapraklar artan gussasyn, Paýlaşmakçy bolýandygy biz bilen, Iñ bir agyr bolan gussany bolsa, Paýlaşyp bolmaýar ýeke söz bilen. Ynha şonuñ üçin tüweleý turup, Bu gün bütin dünýäñ hasraty artdy, Bu gursaklar çekip bilmän gussañy, Ah çekdi-de dünýäñ ýüzün çalartdy. Resul ORAZOW. 29.09.2016 ý. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||