03:28 Sähram | |
SÄHRAM
Ýygnadylar ýaýlaň gawun-garpyzyn. Ümür gabsan gollar doldy goýundan. Ysy gelýär güýz çetirän narpyzyň Akar suwly ene ýabyň boýundan. Gitdi süri serçe gözümden ýitip, Synlap galdym burugsaýan howany. Gutarýar alysda çal pişgä batyp, Ýüplük ýaly ýodalaryň dowamy. Çygly gujagyňda ümür goýalan, Sähram, ýok bu tutuklygyň zyýany. Sen çekilip, gutarylman goýulan Ajaýyp suratyň nusgasy ýaly . Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |