19:23 Bir pursat | |
BIR PURSAT
Deňiz rahat köl ýaly gitdigiçe giňelýär, Suwlar gaýalyklarda nurdan yzlary goýýar. Giňişlige syrygan gök dolupdyr ýyldyzdan, Häzir gursakda kalbym urup durýar tiz-tizden. Asmandan bir ýyldyzyň saýasy düşmüş suwa, Gidipdir suw goýnunda bir gijelik ukyýa. Käte uzalyp gidýär, käte-de yranyp dur, Rahat deňziň astynda bir şem ýaly ýanyp dur. Ýakyn bolaýyn diýip, bu gökden gelen yza, Şeýle eglipdirin ki, gaýalardan deňize, Alnymdan gaçan saçlar surnugan suwa degdi, Bakdym giňiş gözýetim başymyň üstündedi. Bilmen, nähili boldy, geldi şeýle bir pursat, Baş bermez lezzet duýup,deňzi guçmaga rugsat, Halas bolmak ne aňsat panylygymdan diýdim, Diklendim, tas gaçýarkam,bir minutlyk titredim. Bir pursatlyk soňsuzlyk dolup daşdy köňlümden, Şol bir pursat bir ömri halas etdi ölümden. Nazym HIKMET Terjime eden: Nury SAKÇYÝEW. • BIR DAKIKA Deniz durgun göl gibi, gitgide genişliyor, Sular kayaliklarda nurdan izler işliyor, Engine sarkan gökler baştan başa yildizli. Şimdi göğsümde kalbim çarpiyor hizli hizli. Göklerden bir yildizin gölgesi düşmüş suya, Dalmiş suyun altinda bir geсelik uykuya. Bazan uzunlaşiyor, bazan da kivraniyor, Durgun suyun altinda bir mum gibi yaniyor. Yakin olayim diye bu gökten gelen ize, Öyle eğilmişim ki kayalardan denize, Alnimdan düşen saçlar yorulmuş suya değdi. Baktim geniş ufuklar başimin üstündeydi. Bilemem nasil oldu, geldi ki öyle bir an, Yenilmez bir haz duyup, denize atilmaktan. Kurtulmak ne kolaymiş faniliğimden dedim, Doğruldum atilirken bir dakika titredim. Bir dakika sonsuzluk doldu taşti gönlümden, Bir dakika bir ömrü kurtarmişti ölümden. Nâzim HIKMET. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |