21:09 Düzme | |
DÜZME
Goşgular
Uly dünýä aşyk bolan adam men, Seýran edip gezsem Ýeriň ýüzüne. Bir pursat hem Watan çykmaz ýadymdan, Ýaşap bolmaz eziz Watandan üzňe. Söýýän ýurduň läle-reýhan sährasyn, Bendiwan oň dagy-derýa, düzüne. Hiç kemelmez meň ogullyk yhlasym, Ýaşap bolmaz ata Watandan üzňe. Eziz Diýar hakda ýazamda goşgy, Janymdan jan goşýan her bir sözüne. Iň uly söýgüdir Watanyň yşky, Ýaşap bolmaz onuň yşkyndan üzňe. Nurun çaýýar bu Watanyň didary Şindi biraz kütelişen gözüme. Gitmek üçin röwşen geljege sary, Ýaşap bolmaz eziz Diýardan üzňe. Onunjy synpdakam, şindem aňymda, Men Watan hakynda ýazypdym düzme. Şonda ýazan bir sözlemim ýadymda: «Ýaşap bolmaz ata Watandan üzňe». Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |