04:17 Enemiñ gürrüñleri... | |
ENEMIÑ GÜRRÜÑLERI...
Goşgular
Oba, Uruş döwrüniñ yz ýany, Hatar-hatar tam kepbeler. Ählisi hem birmeñzeş, Içinde ýokdy ketdeler. Olañ baryn ýok edipdi şuralar. Toba, Biziñ ilde öz ýanyndan şir olar. Gumaksy ýoda, Hemme ýolagçy. Ýek-tük atly bolaýmasa, Kimsi eşekli, Kimsi pyýada. Hemmäñ egni, Göwşülläp giden eşikli. Ýekeje toý dony bolan, Birje-de täze köýnegi, Öýlänligi, höregi, Bir döwümjik çöregi, Bolanlar, özüni saýdy bagtly. Säbäbi, o döwür hemme adama, Uruşsyz, arassa asman bagtdy... Näşükürlik aralaşsa dünýäme, Sygmasam ak öýli, ak ýolly oba, Enemiñ şujagaz gürrüñin ýatlap, Gelýärin toba. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||