17:51 Geçi | |
GEÇI
Goşgular
Owlagyn möjege aldyran geçi Tap getirip bilmän ýowuz täleýe; Ak süýdüni ýaşyl düzlere seçip, Gözledi perzendin eñräp, mäleýe. Boýny jañly series başyn çekjegi Gitdi, ýeke gezek daga ýaýraman. Gaýgy-hasrat demir naldan ökjeli Şahyna dag basdy, Köñlüne arman. Beýle hasrat kän bolupdy ozalam, Çopan, süri üçin ilkinji däldi. Ilkinji gam bolup gök, ot bozagan, Bu gün janaweriñ ýadynda galdy. Düşýäñ gama başa inen çagynda, Öñler ýowuz däl ýalydy börüler. Mäleýäni garaşmasa agylda, Nämä gerek gaýdyp gelmek örüden?! Eýsem, düze owlak bolup bökermi, Gök asmandan ak bulutlañ tüýdümi; Indi suwsuz guran kaka dökermi Ol ýelnine sygman duran süýdüni?! Ýok, yhlasy söýegidir täleýiñ, Medet berer ejiz bolup doglana. Sataşdyrar geçmez ýaly mäleýip, Görden çykan süýde mätäç oglana. Ilmät GURBANOW. "Garagum" žurnaly, 1997 ý. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||