10:19 Geçmişden bir sahypa | |
GEÇMIŞDEN BIR SAHYPA
Goşgular
![]() Ine, uç-gyraksyz söweş meýdany, Gidipdir agyr jeň kyrk gije-gündiz. Heniz siňmändirem pidalaň gany, Kyrk günüň tozanam ýatmandyr şindiz. Sowap ýetişmändir sansyz jesetler, Lüt bolan Ezraýyl dynç alyp otyr... Ýap-ýaňy bir-birin parçalan jetler, Indem bir-birini gujaklap ýatyr. Naýza yrgyldap dur näçe gursakda, Näçe kükrekde-de gögeren peýkam. Bu «gazy» bolmadyk «şehitler» hakda Gadym aýdymyna hiňlenýä şeýtan. Namart garaguşlar heşelle kakýa: «Rysgymyzy ýetirip dur Ýaradan». Öz halal awy deý arkaýyn çokýa Öñ jan çykyp, soň gan çykan ýaradan. Eýmenç owaz bilen haýkyrýa atlar, Akyl käsesi deý gözlerde — düwme. Saralmanka gyzarypdyr gök otlar Bir sapar çeýnän at on sapar düwner. Nägile ene deý çytylýa asman, Ýere ýyldyzlardan salam aýdanok. ... Bu meýdany synlap, hiç ýerde asla ; Diri adam galandyram öýdeňok... A başga meýdanda, başga bir ýerde, At toýnagy elendirýä topragy. Tutýa günüň öňün bir gara perde, Bialaç möňňürýä ýöriş-depregi... Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |