17:01 Gökdepe galasy | |
GÖKDEPE GALASY
Seniň belent diwarlaryň gum boldy. Gyrmyz gana gark edildi aýtymyň. Türkmen üçin ahyrzaman gün boldy, Tary-mar edildi köňül aýdymyň. Sen namysyň göbegisiň öýdüldiň, Özgäniň mertliginiň nyşany bolduň. Sen nijeleň umydyny köýdürdiň, Özgäň, şöhratyna nyşana bolduň. Näçe mertlik gördüň, näçe namartlyk, Gatlarynda ýatyr wepa, dönüklik. Biz olary unudypdyk bir wagt, Trakaýa* goşgy goşup ýörüpdik. Bu gün ganymyzyň teýinde ýatan, Ruhuň wulkan deý galdy belende. Ýüregimde parçalandy namysym, Gylyç gylja azy urdy serimde. Men jeňi ýigrenýän, Zulmy ýigrenýän! Şolaň ýatlamasam, ýazgydam gursun. Ýöne, eý, Gökdepäň beýik galasy, Kalbymda ýeňilmän, merdana dursuň! * Trakaýa – Pribaltikadaky bir gala Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |