09:55 Dünýe... | |
DÜNÝE...
Goşgular
![]() Dünýe meñzeş dälihana, Bir seretseñ lolyhana. Uzap ýatyr, däli dünýäñ, Gitse-gelmez ýoly, hana. Kim gidermen oña tarap, Asylzadañ ýoly bilen, Kimse keýp deñzine düşüp, Ýüzsem diýer loly bilen. Diýen borlar: "Bu ýol hemmä, Baý-garyba gyradeñlik." Şu gürrüñi tapanlaryñ, Tapyşlary juda geñlik. Asylzada gitjek ýolun, Hem yzyny aklap gider. Emma, kimler sana girmän, Öñün-soñun ýoklap gider. Sen niçik döwran sürseñem, Alyp gitjek ýalñyz, tenha. Uzap ýatyr däli dünýäñ, Gitse-gelmez ýoly, ynha. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||