06:32 Ýetmeýän ýaly... | |
ÝETMEÝÄN ÝALY...
Goşgular
![]() Ähli zadym jem bolsa-da, ruhuma, Nämedir bir zad-a ýetmeýän ýaly. Dünýäni ýyladan çogly Güneşiñ, Ýylysy süññüme ötmeýän ýaly. Oñ ýetmezi näme, näme ýetenok, Ejir çekýämi ol göýdügen añdan? Razy bolman eýesiniñ keşbinden, Döredesi gelýämi ýa ýañadan. Ruhum bilen öz aramda söweşip, Düşüpdim tas diwananyñ ýoluna. Belki-de, ahyry surnugan ruhum, Dolanar öz dolanmaly donuna. Ýetip bilmän kämilligiñ yzyndan, Ýaşap ýörün öz-özüme ýaraman. Ruhum bolsa ýetmezlikden kösenýär, Dokuzymyñ düzüwlügne garaman. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |