19:33 Uçar garyp gyzyñ dokan halysy | |
UÇAR GARYP GYZYÑ DOKAN HALYSY
Goşgular
![]() "Uçmaz garyp gyzyñ dokan halysy" Nobatguly Rejepow. Uçar garyp gyzyñ dokan halysy, Edebi, ekramy ýerinde bolsa. Hol, "Garybyñ gyzy Güljahan" ýaly, Akyly hem huşy serinde bolsa. Hem ýerinde bolsa namysy-ary, Dogmundan don geýen ogul ýaly bor. Onuñ gökde uçýan tämiz hyýaly, Günleñ bir gününde uçýan haly bor. Ol gyzyñ halysyn arşa göterjek, Ili haýran eden haýa bolmaly. Päkize niýetler, arzuw-umytlar, Hökman gök ýüzünde aýan bolmaly. Bu halyny dokan garybyñ gyzy, Kül içinden çykan göwher ýalydyr. Her kimiñ asmanda uçjak halysy, Ýagşy niýetleri, ýagşy pälidir. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||
| ||||||||