14:31 Kaka! | |
KAKA!
Goşgular
![]() Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp, Üstümi çal duman büredi, kaka! Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly, Içimde bir boşluk döredi, kaka! Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok, Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da. Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken, Barsam gujak gerýän tutuş oba-da. Ýaradandan razy! Ömrüñ dowamy, Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka! Baryñda panyny bakydyr öýden, Gyzyñ öñküden-de, goýalýa, kaka! Indi bu dünýäñi hem o dünýäñi, Bilýän,aýamaly gyzyñ men, kaka! Goý, sebäp bolaýyn şu günden şeýläk, Arkaýyn ýatmagña, yzyñdan, kaka! Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |