13:01 Marguşda | |
MARGUŞDA
Goşgular
![]() Üstünden ýel öwsen gadym şäherde, Şaýat bolup Zaratuştrañ döwrüne, Keramatly otda bişen küýzeler, Müñýyllyklar ýara salyp böwrüne. Sergezdan şemalyñ orkestrinde, Gaýta-gaýta çalyp şol bir heñini. Ýel üflände zaryn-zaryn heñ edip, Hamana alýan deý, soñky demini. Moý açan küýzeler tüññerip ýatyp, Pelegiñ gazabna duçar mysaly. Köp aglap, ahyry usurgap galan, Göwnüne degilen naçar mysaly. Örtünip gum basan galyñ perdesin, Ýatsalar-da, gizlin-gizlin syr saklap. Diline düşünip, syryn çözläne, Başarypdyr bu küýzeler gor saklap. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||