17:09 Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar | |
ÝAŞ ŞAHYRLAR we ŞAHYR ÝAŞLAR
Edebi tankyt
Ýaş şahyr... Bu sözler kime degişli? Kime ýaş şahyr diýilýär? Sowet zamanynda ýaş şahyr diýen düşünje galapyn kitabyny çap edip ýetişmedik, ýazyjylar soýuzyna çlen bolmadyk awtorlar babatynda ulanylýardy. Ýazyjylar soýuzynyň çleni bolmasaň, kitabyňy çap etdirmek görgülik, kitabyň çap bolmadyk bolsa, soýuza çlen bolmak hyllallady. Üstesine, zehiniň daş ýarýanam bolsa, seniň ykrar edilmegiňe päsgelçilik berýän ownuk-uşak sebäplerem häli-şindi ýüze çykar durardy. Tirkiş Jumageldiýew, Atajan Annaberdiýew, Şähribossan Geldimämmedowa ýaly döredijilik ykbaly şowuna düşenler bolaýmasa, otuz ýaşa ýetmän kitabyny çykardýanam, ýazyjylyk biletine eýe bolýanam juda seýrekdi. Ýedi sany goşgular kitabyny çap etdiren Aman Annamyradowyň elli ýaşan mahaly “Ýaşajyk şahyr men” atly ýaňsy, kinaýa bilen ýazan goşgusyny ýada salyň, hemmesi aýdyň bolar. SSSR dargansoň, kän mahal geçmänkä Türkmenistan ýazyjylar birleşmesi öz işini bes etdi. “SSSR ýazyjylar soýuzynyň çleni” diýen gyzyl biletiň eýeleri bilen çlen bolmadyklaryň arasyndaky parh ýitdi. Tersine, hususy neşirýatlaryň açylmagy, kitaplaryň awtoryň hasabyna çap edilmegi neşir önümçiliginiň öňden gelýän kadasyny bozdy, ýaýrawyny giňeltdi. Şeýlelikde, ýaş şahyr diýen düşünjäniň ölçeg birligi hem biraz üýtgedi. Ýöne ýazyjylar birleşmesiniň ýapylmagy, neşir işleriniň bazar ykdysadyýetine geçmegi kitabyny çap etdiren awtoryň ykrar edilmegine itergi bermedi. Bu ýerde öňi bilen çeper eserleriň hiliniň görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçandygyny hasaba almaly. Soňky otuz ýylda ýazylan zatlaryň agramly bölegine edebiýat diýmäge-de diliň baranok. Nämüçin beýle bolduka? Elbetde, munuň sebäpleri belli, bu aýratyn gürrüň edilmeli mesele. Men başky sowala dolanyp, ýaş şahyr diýen düşünjä ünsi çekmekçi bolýan. Biz ýaş şahyr diýen sözleri köplenç awtoryň döreden eseriniň hiline däl-de, onuň ýaşyna garap ulanmagy endik edinipdiris. Şahyryň at-abraýy, hormat-sarpasy onuň goşgularynyň hil derejesine bagly bolmaly dälmi näme! Ynha, edebiýat meýdanyna ýaňy gadam basan bir şahyry göz öňüne getireliň. Entek onuň başy ýaş, ýöne setirleri sagdyn, pikir aňladyşy täsin, duýgyny söze geçirişi özboluşly, rifmalary täze, äheňi üýtgeşik, owazy datly, bir söz bilen aýdylanda, goşgulary kämil. Beýle şahyr goşgudan goşga ösýär, taplanýar, her setiri onuň nämelere ukyplydygyndan habar berip durandyr. Başga bir şahyr bardyr, kyrk-elli ýyl bäri goşgy bilen gidişip ýörendir. Aldygyna ýazýandyr, çapam etdirýändir. Ýöne duran ýerinde ylgaýan adam ýaly, döredijiliginde menzil görmersiň. Alýan galasam ýokdur, ýetýän sepgidem. Bu hili şahyrlar başlangyç döwürde goşgy düzmegiň ýoň bolan galyplarynyň birini ele alýarlar-da, ömürboýy şo galypdan çykyp bilmän, örüsini giňeltmän, ýaşlygynda nähili ýazan bolsa, ömrüniň ahyrynda-da şo derejesinden saýlanyp bilmän, ahyr netijede “gury gelip, boş gidýärler”. Şeýlelikde, biz birinji mysaldaky awtoryň heniz başynyň ýaşdygyny göz öňünde tutup, ýaş şahyr diýsek, ikinji mysaldaky awtora bolsa, gartaşandygy ýa gojalandygy jähtden garap, halypa şahyr diýsek, dogry bolarmy? Elbetde, ýok. Eline galam alyp, söz meýdanyna giren bolsa, olaryň edýän işleriniň edebi agramyna görä baha berilmelidir. Edebiýatda, umuman sungatda döredijiniň ýaş aýratynlygyna seredilmeli däl, seredilse, karam bolar. Çary Ýegenmyradow ýetginjeklik ýyllarynda edebiýat meýdanyna gelip, çärýek asyr gowrak goşgy bilen ýaşady, 44 ýaşynda aradan çykdy. Muhammedöwez Arrykow bolsa 45 ýaşynda goşga başlady, bu-da çärýek asyrdan gowrak galamyny ýanyndan goýmady. Bularyň ikisiniň hem döredijiligine barmak çommaldyp, at dakyp biljek ýok. Bu gün biz bularyň ikisini-de ilhalar eser döredip, türkmen edebiýatyna öz atlaryny ýazyp giden oňat şahyr hökmünde tanaýarys. Ýetginjek bolsun, orta ýaşly bolsun, goý, goja bolsun, tapawudy ýok, goşgusy başlangyç awtoryň derejesinden saplanmaýan bolsa, oňa arkaýyn ýaş şahyr diýse bolar. Juwan ýaşda kämillige gol berenler bolsa, ýaş şahyrlar däl-de, şahyr ýaşlardyr. Sap edebiýaty şolar döredýändir. Men ýaş şahyrlaryň däl-de, şahyr ýaşlaryň köpelmeginiň tarapdary. Dekabr, 2023 ý. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |