13:02 "Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün..." | |
"RUHUMY BAR ZATDAN BOŞATDYM ŞU GÜN..."
Goşgular
![]() Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün, Başymda-da alada ýok, söweş ýok Ömrüň galan menzilini sanmaga Hem ony söýmäge zerre höwes ýok. Indi sabry-kararym ýok çykmaga Meýlis keýpi bilen säher düze-de. Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi, Şu gün geldim siziň şäherňize-de. Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri Birmahal hilesiz geçirjekdim men. Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip, Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men. Oňat işleň başynda-da durmadym, Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda. Belki, şoň üçindir ýagty dünýede Söýen ýokdy meni ejemden başga. Siziňem şäherňiz ýaranok maňa, Meger bärde uzak durmasam gerek. Gözlemeli borun nämedir bir zat Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek. O belli, ýüregmiň boşan künjüne Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly. Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş, Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||