02:08 Poeziýa nähili döredi? | |
POEZIÝA NÄHILI DÖREDI?
Edebi makalalar
4-nji synpda okaýan mahalym edebiýat mugallymyndan: — Magtymguludan öňem goşgy ýazan barmy? – diýip sorapdym. Ol Magtymgulynyň kakasynyň Döwletmämmet Azadydygyny, onuň güýçli şahyr bolandygyny aýdypdy. Men ikinji soragymy beripdim: — Azadydan öň ýaşap geçen şahyr ýokmy? — Bolmazmy? Kän, gaty kän. Okaberseň, öwreniberseň, bilersiň – diýip, mugallym jogap beripdi. Men: «Birinji goşgyny kim ýazypdyr, ol haçan ýaşap geçipdir?» diýip soramaga çekinipdim. Soran halatymda-da mugallym belli-külli jogap berip bilmejek eken. Muňa häli-häzirem, mundan buýana-da takyk jogap tapyp biljek ýok. «Ilkinji goşgynyň awtory pylan eýýamda ýaşap öten pylan şahyrdyr» diýen kesgitli jogabyň bolmajagyna özümem has soň göz ýetiripdim. Oýlanyp otursaň, ilkinji goşgyny döredeniň kimdigini, onuň haýsy döwrüň adamydygyny bilmegiň uly bir ähmiýeti-de ýok eken. Oňa derek ilkinji goşgynyň nähili şertlerde, niçiksi halda ýüze çykandygy gyzykly dälmi? Bu sowal poeziýanyň tebigatyna hem döreýiş zerurlygyna düşünmek islän adamy biparh goýmazmyka diýýän. Arheologlar gadymy adamlar baradaky gymmatly maglumatlary ele saldylar. Taryhçylar şol maglumatlardan ugur alyp, biziň irki ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly köpsanly hakykata ünsi çekdiler, degerli pikirleri, çaklamalary öňe sürdüler. Edebiýaty öwrenijiler taryhçylaryň işlerini tutaryk edinip, poeziýanyň gözbaşyny daş eýýamyndan, hatda ondan-da öň ýaşan ilkidurmuş adamlarynyň durmuşyndan gözlediler. Käbir çapraz garaýyşlaryň bolandygyna garamazdan, bu meselede edebiýatçylar umumy ylalaşyga geldiler. Olaryň pikiriçe, poeziýanyň başlangyç alamatlary entek kämil sözleýşiň ýok wagty peýda bolupdyr! Adamzat geplemek ussatlygyna eýe bolmazdan öň poeziýanyň binýadyny tutupdyr! Ine, paradoks! Heý, sünnä gepläp bilmeýän adamam bir poeziýa döredermi? Goý, ol onuň başlangyç alamatlary bolsa, bolubersin, eýse, poeziýa jadyly sözleriň güýjünden ybarat dälmi näme? Onda edebiýatçylara beýle töwekgellige girmäge nähili ýagdaý itergi berdikä? Muňa düşünmäge synanyşalyň. Gowakda topar tutup ýaşan adamlar awa gidenlerinde ýa awdan gowaga dolanyp gelenlerinde belli-belli maksatlara eýerip, halka gurap, dürli ritmiki hereketleri ýerine ýetiripdirler. Häzirki zaman tanslarynyň gözbaşy hasap edilýän bu hereketleriň gapdaly bilen bir owaza düzüp, dürli sesde bogaza bat beripdirler, haýkyrypdyrlar, gygyrypdyrlar. Bu sesler heniz sözlemek hadysasy formirlenmänkä adamyň dil arkaly ulanan serişdesi. Olara ümlükler diýilýär. Ümlük sözüň döremeginiň ilkinji hadysasy. Duýdansyz agyra çydaman, dile getirýän «wäk» diýen ümlügimizden wägirmek sözüniň peýda bolandygyny ýatlalyň. Ümlük näme? Ümlük — içki harasadyň, duýgynyň ses bilen aňladylmasy. Şol sebäpli ümlükleriň hersiniň öz äheňi, özbaşdak yşaraty bar. Netijede ilkidurmuş adamlarynyň dabarasynda poeziýanyň özenini düzýän üç sany elementiň — ritmiň, owazyň we äheňiň bolandygy anyklandy. Bu üçlügiň sazlaşykly birleşmesi adamzadyň taryhynda poeziýanyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde hasaba alynýar. Taryhdan bilşimiz ýaly, ýokarda agzalan tomaşa köpçüligiň tapan zady. Eýse, ol tomaşany ýa-da oňa meňzeş dabarany aýratynlykda adamyň birözi döredip, birözi ýerine ýetirip bilmezmidi? Alymlar bilmez diýip jogap berýärler. Onuň üçin özbaşdaklyk, üzňelik gerek, adamyň psihologiýasy, düşünjesi, pikir ýöredişi, iň esasy-da maksady töweregindäki kowumdaşlarynyňkydan aýry bolmaly. Bu endikler ilkidurmuş adamsyna entek ýatdy. Ol endikleri edinmek üçin zerurlyklar ýüze çykmalydy, adam uzak-uzak ýyllary geçmelidi. Şeýlelikde, ylym ilkinji tansy we poeziýany köpçülik döredipdir diýen netijä gelýär. Elbetde, men aýratyn alnan bir adamyň indiwidual garaýyşlarynyň kemala gelmegi üçin uly ewolýusiýa ýoluny geçmegiň zerurlygyna düşünýärin. Adamy gowakdan çykaran ewolýusiýa ahyryn! Şol birwagtda-da gowakda topar bolup ýaşan adamlaryň arasynda indiwidual poeziýa çemeleşmesi bolmadymyka diýip oýa batýaryn. Bolandyr diýesim gelýär. Men muny ýaş çagaly enäni göz öňünde tutup aýdýaryn. Çagasy bir zatdan tebil tapyp, ukudan oýananda, çyrlap aglanynda ony köşeşdirmek üçin ene näme etdikä? Ses-üýnsüz seredip-seredip, gujagyna alyp, bagryna basandyr, başyny sypap, höre-köşe edendir. Gollaryny sallançak edip, mähirli owaz bilen öz dilinde hüwdüländir. «O mahal adam häzirki ýaly ussat gepläp bilmeýärdi, kämil sözleýiş ýokdy» diýjeklerem bardyr. Hawa, şeýle-de bolandyr, ýöne enäniň dilsiz-agyzsyz dymyp oturmajagy-da belli. Ol tawusa çalymdaş owaz bilen seslenendir, hiňlenendir. Belki-de, guşlaryň, şemalyň ýa suwuň sesini özüçe işläp, hüwdä salandyr. Çagasyna hiç hili howpuň abanmaýandygyny duýdurmak üçin, ony köşeşdirmek üçin tebigatyň iň gulaga ýakymly, iň mylaýym seslerinden saýlap, hüwdüländir. Hüwdi sözüniň gadymylygyny ýatdan çykarmalyň. Onuň huwwa, huw sözlerinden emele gelendigi jedelsiz hakykat. Huwwa-huw sözi näme many berýär? Ol gowakda ýaşan enäniň tebigatdan ýa-da janly-jandardan alan sesiniň hüwdülerdäki poetiki aňlatmasy bolmasyn? Eger şeýle bolsa, bu ýagdaýy poeziýanyň başlangyç alamaty hökmünde häsiýetlendirmäge çekinmeli däl. Meniň başlangyç poeziýanyň ýekebara dörändigine ynamym uly, özi-de ol ene ýüreginden dömüp çykandyr diýesim gelýär. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||