01:04 Bäbekhanada / hekaýa | |
BÄBEKHANADA
Hekaýalar
Süýr günortanlar, jokrama yssyda bäbekhana howlusynyň derwezesinden eli gundagly ýaş gelin girdi. Giren ýerinde öňleri çanakly satygçy aýallaryň ikisi birlikde oňa ýüzlendi: – Gel, tamdyr somsa bar, gyzgynjak... – Manty alyň, manty, elin edilen etli manty... Gelin olara diýýämiňem diýmedi, başyny galdyrman, göni geçip gitdi. Satygçylaryň biri onuň yzyndan kineli hüňürdedi: – Ebtiň gursun-la, ebti guramyş haýran! Egnine sokar ýaly ibaly köýnek tapmadymyka? Ýaş gelin diýjeksiň... – Elindäki gundagyny gördüňmi? Garagäz-le, gyz. Kirini sarkdyryp ýören sölitä meňzeýä. Geň-taň göremzog-eý. Toba-a!.. – diýip, beýleki satygçy ýakasyny tutdy. – Ýaglygyna sered-ä! Nireden tapdyka, ol artyby? Atam eýýamdan galan... – Wah, şunam bir görgüsiýaman, häli görseň, heleý edinip saklap ýörendir. – He-eý, heleýi şu bolsa, ärsumagam idili zat däldir-le. Bolubilse, özi ýaly yşnaksyz yşaratdyr. Daş edewersin! Gözleri öçügsi, ýüzi güne gaýzygan, özi çepiksije, hortap bu gelniň başynda solup giden köne ýelýyrtan ýaglygy bardy. Düşegi gök, güli sary, giň biçüwli köýneginiň sary gidendi. Aýagy rezin çepeklidi. Gelin başyny ýerden galdyrman barşyna tasdanam aňyrdan gelýän “Tiz kömegiň” aşagyna düşüpdi. Sürüji aýnadan kellesini çykaryp, gelni boýdan-başa synlady-da: – Nirä süsdürilip gelýäň? – diýip gygyrdy. – Nä, öljek bolýaňmy? Gözüň ýokmy? Eliňde-de suw ýaly çaga... Gelin ýüzüni agardyp, iki ädim gapdala çekildi, näderini bilmän, dili tutulan ýaly, sessiz aşak bakyp duruberdi. – Gorkan bolsaň, hanha, krant akyp dur, bar, suw bir iç beýdip durma-da. Her hili gäbazan bar-aý – diýip, sürüji hüňürdäp, öz ýoluna gitdi. Gelin suw içmedi, bäbekhananyň howlusynda haýal ädimler bilen öňe-yza ýöräp, esli salym aýlandy. Ahyry ýadap, uly agajyň saýasynda goýlan oturgyja çökdi. Gundagyny bagryna basyp, gelýän-geçýän millete biparh garap oturyberdi. Ony dilegçilik edýändir öýdüp güman eden borly, geçip barýan bir ýaş gyz gabadynda sägindi-de, ownuk pul uzatdy. Gelin puly ses-üýnsüz alyp, gysymyna gysdy. Derwezeden girip gelýän polisiýa geýimli, uzynak deşli pyýada muny gören eken. Ol ýöräp gelşine eli bilen çykalgany görkezip, azgyryldy: – Ugra! Tur ýeriňden! Gelin zöwwe ýerinden galdy, gorkudan ýene ýüzi agardy. – Jähennem bol şu ýerden! Çalt bol, çalt!.. Gaýdybam şu jelegaýda göräýsem, menden oňly zada garaşma! Düşündiňmi? Gelin baş atdy. – Ugra düşünen bolsaň! Gelin derwezä garşy ýöneldi. Esli ýere barýança polisiýa işgäriniň hüňürdisi eşidildi: – Bir gedaýdan dyndymmykam diýsem, ýene biri tapylýar. Edil dil düwşen ýaly... Utanç-haýanam bilenoklar. Ýaş janlary bar... Gelin nägile garaýyş bilen birki gezek yzyna garanjaklady, soň äwmezek ýöräp, bäbekhananyň howlusyndan çykyp gitdi. Ýok, gitmän eken, polisiýa işgäri gözden ýiten dessine ýene peýda boldy, ýene howlynyň içinde öňe-yza ädimläp başlady. Biraz wagtdan eli petde kagyzly, boýdan başa ak geýnen lukman aýak çekip, oňa habar gatdy: – A gelin, sen kimiň ýanyna geldiň? Gelinden ses çykmady, ýok diýen terzde baş ýaýkady. – Näme ýok? Birine garaşýaňmy? Gelin baş atdy. – Bar onda hol kölegede bir otur, bi ot-yssyda özüň-ä özüň welin, ojagaz eliňdäkijeňem içinden ýalyn geçer. Bar, durma! Gelin salgy berlen kölegä barmady, yzyna öwrülip, ýene derwezä garşy gaýtdy. Birdenem sakga durdy, gorkudan aljyraňňylyga düşdi, ýene ýüzi agardy. Oňa tarap orta ýaşlaryndaky bir aýal ýetip gelýärdi. Ýüz keşbine garap, gelniň ejesidigini soraman biläýmelidi. Ol gele-gelmäne: – Düş öňüme! – diýip, ýuwaş sesde dözümli gepledi, gundaga ýapyşdy. Gelin bermejek boldy. Aýal onuň çigninden burdy-da, gundagy silterläp aldy. Daňysyz gundag açyldy, arasyndan içine mata-marlyk dykylan çaga balajygy, köýnejik hem köne ýaglyk ýere gaçdy. Aýal howlukmaçlyk bilen olary düýrleşdirip aldy, goltugyna gysdyrdy. – Şu bolup ýörşüňi kakaň bir eşitsin, hälä goýman, dälihana tabşyrmasa, zat bilmedigim. Indi nämä gazarylyp dursuň? Ýöre bol! Millete ryswa edäýdi-dä sypaty guramyş. Aýal gelni öňüne salyp, idenekledip ugrady. Bu wakany keseden synlap duran iki şepagat uýasynyň biri ilki güljek ýaly etdi, soňundan: – Wi-iý, masgara-a!.. Gördüňmi? Gundagynyň içinden çykan zada seret! Menem oň elindäkä çagasydyr öýdýän-dä. Waý, tenteg-ä! Işigaýdan sag zad-a däl – diýip, eli bilen agzyny tutdy. Beýlekisi: – Görgülijik birden ýeldigäýdi – diýdi. – Kellesi üýtgedi. – Wä, sen tanaýaňmy ony? – Hawa tanaýan. Bir mekdepde okadyg-a. Söýşüp durmuşa çykdy. Ýöne maňlaýy pes ekeni-dä. – Baran oglany dereksizdir, ä? – Ýok-la, görgüsiýamanyň özi önelgesiz eken. Çagasy bolmady. Çagaň bolmasa, är seni başyna ýapsynmy? Kowup, başga birini aldy. – Wi-iý... – Indem ejesiniň ýanynda. Güň açan ýaly, geplänogam. Ýogsa, öň ot ýalyjakdy, dogumlyjady, mydam degşer-gülşer ýörerdi. Özem şü bir göwnaçykdy, alçakdy... Şepagat uýalary şol alçak gyzdan bir nyşan tapjak bolýan ýaly, derwezä garadylar. Ejesiniň öňüne düşüp, boýnuny sallap, salgym atyp barýan gelniň sudurynda sustlukdan hem kembagallykdan gaýry zat görmediler. 30-njy dekabr, 2021-nji ýyl. Mary. | |
|
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |