19:56 Ýolaýyrt / hekaýa | |
ÝOLAÝYRT
Hekaýalar
...Ýok-la! Öz meýlime ömür dolanarynmy? Ol oglan halys günüme goýmasa näme? Hut sermenekläp ýören diwanaň bar-da. Gözüne başga gyz görünäýse nädersiň! Beýle-de söýgi boljak oguşýa! Meni gören mahaly bu oglanyň tamdyr howurly gursagynyň kä daralyp, kä giňäp durandygyny öňdenem duýýardym. Şunça biparhsyrap gezenem bolsam, onuň gyzgyn söýgüsiniň öňünde eremän durup bilmändim. Yşgyň humary ikimizem ser-sepil etdi goýaýdy. Ýöne meňki söýgem däl ekeni. Arassa oglan duýgusyny, çirksiz yhlasyny jogapsyz goýmazlyk üçin geldi-geçer herdemhyýal ekeni. Onuňky welin zadyň çaky däl. Söýgi onuň goşawujyna gor guýupdyr, egnine otly köýnek geýdiripdir, dabanyny daglapdyr. Ony elewräp ýören kararsyz mahluga öwräýipdir. Men muny öň bilmändirin. Indi bilýän. Menden aýra düşen güni ol hakyt uwnup-çydabilmän, bolmajysy boldy. Görer gözden çekinmedi, gep-gürrüňden gypynç etmedi. Şo gije ol tas şahyr çykypdy. Bir depderi goşgudan doldurdy. Soňam galamyny döwüp, zyňdy. Goşguly depderini ýyrtym-ýyrtym edip, küle öwürdi. Gözüni bir nokada dikip, iki dyzyny gujaklap, çugtduryp, ertire çenli gymyldaman, sust oturdy. Şondan soň ol büs-bütinleý üýtgedi. Tanar ýaly bolmady. Akylyndan azaşandyr diýib-ä bilmen, ýöne sag diýer ýalam däl. Neresse gije-gündiz eňräp, samrap, entirekläp ýör. Aramyza düşen hijrana boýun bolasy gelenok. Masgara janym! Iň ýaman ýeri, dilinde adym, elinde-de suratym. Adymy aýdym edindi, suratymy hemra. Kim bilýär, nireden tapypdyr o suraty, ýanyndan goýanok. Bu zatlaram hiç diýjek-le welin, düýnden bäri has mojuk işe küýlenip ýör. Dek öten agşam il ýatansoň, suratyma seredip oturyşyna: – Sen ýanymda bolmajak bolsaň, şu dünýäň sowuk şemaly ýüzüme degmesin, haram bolsun! – diýip, gözüni ýaşlady. – Sensiz ömri nädeýin? Sensiz geçirmeli bolsam, bu ömrüň derkary ýok. Sensiz her demim ezýet, ejir, ahy-pygan. Sandyraýan barmaklary bilen suratymy gaýta-gaýta sypalady. Öpdi. Uzak gije aglady. Adam aglasa, gursagy giňäp, rahatlanmaly dälmidir? Ýok, bu köşeşenok, bar-bardan masgarasy çykýar. Asyl niýeti düzüw däl. Gitdi-de, daňdanyň ümüş-tamşynda bir ýerden iki gulaç ýüp tapyp geldi. Ýüpüň ujuny halka edip, syrtmak ýasady. Onsoň daş çykyp, syrtmak salar ýaly çemelije ýer peýledi. Ahyry tapdy. Köçäň ýakasyndaky uly agajyň bir şahasyndan ýüpüni aýlap geçirdi. Şu işleri edip durka-da: – Eh-h, wepasyz, şumroý dünýe! Dyk indi meni gowuz ýeriňe! Geçdim men senden! Geçdim! Tüf ýüzüňe seniň, haram loly! – diýip, gyjyndy. Ýöne, näme, jan süýji zat-da, syrtmagy boýnuna ildiräýmeli wagty ýaýdandy durdy. Hiç eli barmady. Boýnuny sallap, öýe girdi. Gapyny içinden gulplap, uli ili bilen zörledip aglady. Möňňürdi. Birdenem dälirän ýaly, eline pyçak alyp, bagyrtlap ýatan per ýassygyny paralap başlady. – Başaramo-ok!.. Gaýratym çatanok... Çatano-ok... Her gezek pyçagyny uranda gözlerinden ahmyr ody syçrap gidýär. Zynjyrlaýmasaň, şo wagt saklatjak gümany ýok. Otagyň içi akja, uşajyk, mymyk ýelejiklerden dolansoň, pyçagyň ujuna persala bolan ýassygyň mahmal matasyny ildirip, terslin-oňlyn pyrlaşdyrdy. Derrewem irdi. Pyçagyny taşlap, ýene suratymy çykardy. Çym-gyzyl bolan mäzleşik gözlerini dikip, uzak wagtlap sessiz seredip oturansoň: – Indi men sensiz ýaşamalymy? Ýaşap biler öýdýäňmi?.. Ýo-ok! Ýaşap bilmen. Meni beýle ejizdir öýtme. Bir ýüregme düwdümmi, ölmäge güýjem taparyn, gaýratam... – diýdi. Ýüregime düwdüm diýýär-ä. Işigaýdan! Bu bolup ýörşi bilen oňlulygyň üstünden barmajagy belli zat. Ertir nä iş gaýyrjagyny kim bilýär. Meň üçin şirin janyna gyýyp, bolmasy bir iş edip oturyberse nätjek? Ana, men şoň üçin yzyma dolandym. Gepleşip bir göreýin diýdim. Nädeýin? Ýanyna barsam, surnugyp, uka giden eken. Onsoň tä özi oýanýança başujuny alyp, ýüzüne seredip oturdym. Biraz horlanypdyr. Ýüzi gara-ört bolupdyr. Düýş görýän bolarly, gaşy çytylyp-çytylyp gidýär. Ahyry oýandy. Ýuwaşlyk bilen gabaklaryny galdyrdy. Meni görüp, çalaja ýylgyrdy. Birdenem ýüzündäki ýylgyryş zym-zyýat boldy. Tisginip, özüni gaýra zyňdy. – Gorkduňmy? Hany, ukyňdan açyl. Özüňe gel! – diýdim. Sesini çykaranok. Götinjekläp, süýşe-süýşe, diwaryň o çüňküne dykyldy. – Ine, men geldim. Dolandym. Saňa dözmedim. Perişan halyňa ýüregim şo gyýyldy durdy. Sen köp aglaýaň. Hiý, beýle-de bir tükeniksiz agy bormy? – diýip ýüzlendim. Geplänok. Gözüni tegeläp otyr. Eli-aýagy titräp, bir ýerde duranok, ala-saňňyldy. – Aý, oglan, diý-dä bir zatlar. Näme dymýaň? Men seň üçin geldim ahyryn. Hany, gepleşeli. Ynha, men edil öňkim ýaly, şo öňki keşbimde, şo öňki halymda ýene saňa dolanyp geldim. Hemişe seň ýanyňda bolsam, derdiň dep bolarmy? Agyň kesilip, gaýgy-gussaň gidermi? Jogap ýok. – Her demiňde meň zarymy çekip, gözüňden suw ýerine gan akdyryp ýörsüň-ä. “Sen bolmasaň, küreksiz gaýyk ýaly men, umman içre ugrumy ýitirdim” diýýärdiň-ä. “Sensiz ganaty gyrlan guş, uçup bilemok” diýip zarlaýardyň-a... Dymyp otyr. – “Didaryňy birje gezek görsem!” diýip, ah urýadyň. Ine, gör! Bir däl, ýüz-müňlerçe diýseňem, ine, men gaşyňda otyryn! Göwnüňde arman galmasyn! Mährime çoýun! Teşneligiňi gandyr! Gör! Görermi? Seredibem bilenok. Ýere bakyp otyr. – Onda nämüçin meni günüme goýmadyň? Nämüçin “Gitme! Dolan!” diýip yzymdan perýat etdiň? Nämüçin adymy diliňe sena edinip, ýanyp-bişýäň? Nämüçin özüňe el galdyrjak bolýaň? Nämüçin?.. Hä? Jogap ber-dä! Edil lal açan ýaly. Näme diýjegimi bilmän, esli dymyp durdum-da: – Men dolanmaly däldim, hä? – diýip, soradym. – Sen meň dolanmagymy näler islänem bolsaň, dolanmaly däldim. Şeýlemi? Bir zat diýjek bolup, dodagyny müňküldetdi. Damagy dolup, dili aýlanmady. Gözünden paýyrdap, ýaş döküldi. – Men onda yzyma döneýin. Gelen ýerime gidibereýin... Eşidýäňmi, gitjek diýýän. Geň galaýmaly, kynlyk bilen çala baş atdy. Menden aýra düşeni üçin ot-elek bolup, lowlap ýören oglanyň häzirki bolup oturyşynyň sebäbine hiç düşünip bilmedim. – Bolýa, ýöredim. Hoş! – diýip, ýerimden turdum. – Ýöne gitmänkäm bir zady aýdaýyn, indi meň üçin gözýaş etme! Meň üçin eliňe ýüpem alma! Oýun-oýunjak iş däl ahyryn. Birem, esasy zat, aramyza düşen aýraçylygy boýun al! Agyram bolsa, kynam bolsa, nädibem bolsa... Bolýamy?.. Ses-üýn çykanok. Ýüzi ak tam. – Jogap ber-dä, eşidip gideýin! Ahyry ýuwaş ses bilen zordan: – Bor... – diýip, söz berdi. Dodagy kemiş-kemiş etdi. Gözýaşy bolsa owasyna sygman akyp durdy. Şondan soň menem eglenmedim. Çykyp gaýtdym-da, Kyýamata çenli ýatmaly jaýyma, gyzyl gumy ýaňy solup başlan sowuk hem çygly mazaryma gaýtadan girdim... 27-nji aprel, 2016-njy ýyl. Mary. KAKAMYRAT ATAÝEW | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||