18:50

Okyja nä hudaý urdy?

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 603 | Добавил: Moderator | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Babyşgalaly  
1446
"1000 адамдан 7 адам соватлы болупдыр" дийлен довур китаба болан "интерес" Велмырат аганы яйданмаздан кошекли дуесини китаба чалышдырыпдыр (шу вагтын дили билен айтсак "обмен товар" эдипдирлер). Инди болса соватсыз адам ёк. Соватлы адамларынам копусинде китап окамага интерес ёк.

0
2 baharaliyeva39  
1028
Kitap okamak, okamagy yzygiderli dowam etdirmek üçin gowy bilim almak bilen bir hatarda we adamlaryň ýeke bolmak söýgüsi ýagny az wagtlyk hem bolsa ýeke galmany saýlap almasy okamak endigi üçin zerurdyr öýdýärin. Bilesigelijilik hem esasy şerti.
Ösen tehnologiýa, kellämiz ýaly ululykdaky telefonlar we bulardaky kitaplar hiç bir wagt janly kitabyň ruhuny berip bilmez. Kitabyň gatyny açanyňdaky ol mübarek ys aýry bir duýgy.
Dünýäniň müň bir aladasyndan ýadap eliňe alan Gurhanyň berýän dynçlygy, şypasy, görkezýän doğru ýoly aýry bir älem.
Käbir ösen döwletlerde internetiň çaltlygy, sosiýal mediýa köp ugurlylygyna garamazdan kitaphanalar dolup daşýar. Diýmek bu adam we jemgyýetçilik bilen baglanyşykly. Käbir halklar kitaba höwesli.
Eger kitap okan wagtymyz kitap bilen gürleşip, ýeri gelende jedelleşip kitaby bir janly ruh ýerine goýýan bolsak onda dogry ýolda biz.

0
3 Shapak_A9602  
1502
Şeýle bir janly kitaplar bolýar, duýgulandyryp adamlary agladyp bilýär ...

0
4 Bagabat  
43
Okyjyny uran "jynyň" adyna "tehnoprogress" diýilýän bolaýmasa...
Kim bilýä, belki biziňem çagalygymyzda häzirki ýaly smartfonlar, onuň içindäki oýunlar, proglar, IMO, TikTok, Instagram, gysgajyk klipler mygylly bolan bolsa, bizem kitap okardykmy, okamazdykmy...
Pikir edýän: adamzat siwilizasiýasyny ýer hopman, Zemini tehnotronlar basyp alman ýa-da zombi apokalipsis we ş.m. bolman, sag-aman dowam edilip ýörülse, tehnoprogressem şu gidişine mytdyldap barsa, ýene 20-30 ýyldan “okyjy” diýlen jandaram edil beýleki seýrek ösümliklerdir haýwanlar ýa mör-möjekler ýaly, ýörite “Gyzyl Kitaba” girizmeli bolaýmasa. Çünki “kitaphon” diýen janawer-ä eýýäm şo taýda :-(.

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Imo-da bir surat görüpdim, awtobusda kitap okap oturan okuwçy, astynda "Исчезающий вид детей", "Cagalaryñ ýitip barýan görnüşi" diýlip ýazylan.
Serdar aga, dogry aydýarsyñyz, telefon, telefondaky tiktoklar, instagramlar biziñ kitaply dünýämizi ýok etdi.
Aslynda şol tik tok hakda aýdaýyn onda görýän gysgajyk wideolarymyz şol bada yatdan çykýar, sebäbi şoñ ýaly biderek wideolar millionlarça, garaşyp dur, ondan-ona geçip otyrsyñ. Netijede kellede hiç zat galanok, wagtyñam biderek gitdi. Bu ýerde ynsany gömüklige niyetlenen bir programma, nadanlaşdyrylmagyñ bir betpäl plany bar ýaly. Özem yaşlar üçin.

0
6 Kovalevskiy  
1521
Ýokarda ýazylan makaladyr-teswirleriñ ählijesi bilen ylalaşýan. Ýazylan zatlaryñ ählijesi ajy hakykat. Okyjylaryñ sany gün geçdigiçe azalyp barýar. Kitap satylýan dükanlarda adam ýok diýen ýaly. Kitaphanada-da ýagdaýlar şolar ýaly bolup barýar. Çeper eserlerden doly ajaýyp kitaplarymyz barada hiç zat aýtmakçy däl. Sebäbi okyjylar bolmaly okuwçylar döwletiñ berýän mugt okuw ders kitaplarynyñ hem gatyny açman, götermäge ýaltanyp, mekdebe eltmeýän ýagdaýlary hem indi bolmaly zat ýaly bolup barýar. Edebiýatyñ muşdagy has hem azalyp barýar. Okuwçy döwürlerim mugallymlaryñ, kitaplaryñ has hem beter okuwçylaryñ düşen halyna gynanýardym. Emma olaryñ hiç biri bu zatlara gynanmaýardylar, gaýtam meniñ günde iki sumka (elde göterilýän sumka bolansoñ olara köp zat sygmaýar) edip eltýän 6 kitap, 10 (kä wagtlar 13 dagy bolýardy) depderimiñ üstünden gülerdiler. Okuwçy döwürlerim durmuşymyñ iñ ýowuz döwürleridi. Okyjy hökmünde şular ýaly makalalary okamak gaty agyr. Durmuşymda bolup geçen gynandyrjy bir ýagdaý ýene-de oýuma geldi. Bir näçe ýyl mundan öñ garyndaşlarymyñ biri maña 3-4 sany kitaby sowgat berdi. Ol olary zibilhana taşlajak bolup duran ussalaryñ elinden alandygyny aýtdy. Ussalaryñ ремонт edýän jaýlarynyñ öñki eýesi rus zenany eken, täze eýesi bolsa bir baý biznismen oña köne zatlaryñ hiç biri gerek däl. Garyndaşym köp kitaplary alyp ýetişmändir. Ussalar eýýäm bir näçesini zibilhana oklapdyrlar. Gynançly ýagdaý. Men hemişe diýen ýaly şol kitaplary elime alanymda şol ajy pursatlar göz öñümde janlanýar. Ençeme adamlaryñ yhlasy, söýgüsi siñen şeýle mukaddeslikleri bir minudyñ dowamynda ýoklap bilýän adamlara geñ galýan. Nädip ýürekleri dözýär. He-e-eý sözüm ýok. Haýsy bir ýaramaz ýagdaýa gynanjagymy bilemok. Durmuş şeýle ýowuz.

0
7 kungfuu  
1292
Bu döwürde adamlary ýönekeý, sadaja zatlar bilen begendiribem bolanok, meselem, täzelikleri aýtsaň, "menem bilýän" diýýäler, ýa bolmasa täze çykan trend wideolar ýa-da täze aýdym-sazlary aýtsaňam, "bilýän, gördüm, diňledim" diýýäler. Munuň sebäbem hemmä mälim - indi hemme kişide islendik informasiýa dostup almak mümkinçiligi bar...

Sosial ulgamlar barada aýtmaly bolsa-da, olaram bilim maksatly çemeleşilse peýdasy adaty kitapça bolmasa-da, ýokdan gowy diýip hasaplaýan (hakyky kitaby o zatlara çalşyp bolmaz). Meselem, Twitter-de bilim berijilik (образовательный) maksatly kanallara podpiska bolsaň, her dürli habarlary, taryhy wakalary, faktlary, tebigaty, janly-jandarlary... öwrenip bolýar. Telegram-da hem şeýle.

Sosial ulgamlaryň 100% nämede peýdalydygyny aýdaýynmy? Sport habarlaryny, hasaplary, transfer habarlaryny, oýunlaryň translýasiýalaryny görmek we yzarlamak üçin gaty gerekli zat. Futbola janköýerlik edýänler "wo, munyň dogry" diýmekleri mümkin. Sebäbi gazet-žurnallarda çap edilýän sport täzeliklerini öz wagtynda okap bolanok. Insaýderskiý informasiýalardanam habarly bolýaň...

Youtube, TikTok ulgamlarynda bolsa gyzyklyja kontent düşürip, followerleriňi köpeldip pul gazanyp bolýar.

Meň bulary ýazanymyň sebäbi, sosial media, umuman, internet ulgamy adamy düýpgöter körsowatlaşdyrýar diýmekligiň ýalňyşdygyny ýatlatjak boldum. Hotýa özüňizem bilýänsiňiz welin...

0
8 Балканов  
1505
SSSR döwründe ýoň bolan köpseriýaly “Gylyç we galkan” filmi aýdymçyň: “Watan nämeden başlanýar? Harplygyňdaky suratlardan” sesi bilen başlanýar.
Hemme kişiň maňlaýyna biblioman (kitapjanköýer) bolmak ýazylmandyr. Bu endk çagalyk döwründen taplanýar we ýaşy ulaldygyça kämilleşýär: “Harplykdan” soň çeper eserler, nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, pellehanaň soňunda oňa elbetde, Magtymguly bilen Gurhan garaşýar.
Meniň bir tanyşym ýokary bilimili diplomy gaýybana okap alypdyr. Ol meniň kitaplar bilen çynlakaý gyzyklanýanymy görüp galdy. Ol maňa mekdepden soň ýekeje kitaby okandygyny aýtdy, ol kitap Kiplingiň “Maugli” atly kitaby ekeni, soň-soňlaram eline eline ýeke gazey-žurnal hem almandyr, hatda instituty hem telli-pelli, ýoldaşlarynyň kömegi bilen tamalapdyr. Ol hiç bir mätäçsiz ýaşaýar, gül ýaly guwanaýmaly durmuşy bar, ýöne söhbetdeşlige ýaramsyz. Beý diýsem “kitap okamadyk gullara” nadan diýdigim däl, onuň bilen haýsam bolsa bir temadan pikir alyşyp bolanok.
Höwesiň bolsa kitaby mobil telefonda ýa kompýuterde-de okap bolýar. Meniň pikirimçe kitabyň abraýyny şu döwrüňmiziň maddy we maddy däl gymmatlyklarynyň talaplary gaçyrdymyka diýýän

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Meniň pikirimçe bu iňňän çylşyrymly mesele, biziň aýdýan pikir ýöretmelerimiz ony düşündirerden ejiz shemalar bolup galýarlar.

"Totalitarizm sowatlylygyň, kitabyň, erkin pikirliligiň (üçüsem biri-birine utgaşykly, baglanyşykly zatlar) duşmany" diýýärsiňiz. Göräýmäge hakykat kemi ýok. Onda liberializm, demokratiýa, erkin bazar jemgyýetleri kitaphonlyga ýardam edýän sistemalar bolmaly. Bu şeýlemi? Men bilemok.

SSSR-de köp ýaşan adamlar "Sowet Soýuzy - kitaby iň köp okaýan ýurt" diýip buýsanýardylar. Häzirlikçe "howa" diýeliň. Tas 100 göterim okap-ýazmagy üpjün etdi, oňa söz ýok. Emma, onda Siziň aýdyşyňyz boýunça şol mahalky (we häzirem) liberal we bazar gatnaşyklary ýurtlarynda totalitar Sowet Soýuzyna garanda kitap köp okalan bolmaly, çünki, Siziňçe, totalitarizm - kitabyň duşmany.

Bu ýerdäki bulam-bujurlyk, meniň pikirimçe, biziň häzirem rus mentalitetiniň ýörelgesi boýunça pikir ýüwürdip oturanlygymyz. Biz "intelligentlik" diýen bir gümürtik gymmatlygy arşa göterjek bolýarys. Sowatlylygy hem şoňa syrykdyrýarys: intelligensiýa
edebi kitaplary köp okamaly, öňdebaryjy garaýyşlarda bolmaly, göreşiji bolmaly, jemgyýeti öňe äkitmeli... Beýle garaýyşlar Russiýanyň taryhy ösüşiniň aýratyn şertlerinden gelip çykypdy, özem bu gowulyga eltmedi.

"Onda gowusyny aýt" diýseňiz, bular ýaly meselelerde ýönekeý, anyk çözgüt teklip edip bolmaýar. Geçen asyryň, meselem, 60-njy ýyllarynda (häzirem) ABŞ-da "kitap okalyň, sowatly bolalyň" diýip wagyz edýärmidiler? Eger, kitap, bilim Siziň aýdyşyňyz ýaly ynsana beýle gerekli nygmat bolsa, ony wagyz etmek nämä gerek? - özleri pul berip alarlar. Ýöne ABŞ-da şol wagt klassik edebiýaty okaýarmydylar, bilemok, ýöne ylmy-fantastikany SSSR-e garanda on esse köp okaýardylar.

Onsoňam, Sizi bilemok, ýöne köpüsiniň kitaphonlyk diýýäni nusgawy çeper edebiýaty okamakdan ybarat bolup durýar, hünärmenlige degişli edebiýaty olar kitap hasap edenoklar.

Umuman, 1917-nji ýylyň rewol-synyň Russiýa imperiýasynyň esasan yzagalaklykda ýaşan halk köpçüligini ukudan oýarany üçin bu ýerde sowatlylyk babatda ýokary göteriliş bolup geçdi, emma bu çuňluga getirmedi, medeniýetiň derejesi Günbatara garanda pesligine galdy.

"Medeniýet" bilen "siwilizasiýanyň" bir zat däldigine hem ünsi çekeliň. XIX asyrda yewropalylar amerikalalylara garanda has medeni we kitaphondylar. Amerikalylar olara garanda nadanrak bolsalaram siwilizasiýasy has öňdedi.

Mahlasy, "suwuň özi syrygyp, ýoluny tapyşy" ýaly, taryhy progresiň özi bizden soraman, öz ýoluny saýlaýar. Şonuň üçinem taryhyň haýsydyr bir tendensiýadyndan nadyl bolmak, birlerini günäkärlemek, geçen döwri gaýtaryp getirjek bolmak ýel degirmenli bilen söweşen ýaly bihuda. Möwritini geçirip, gymmatyny gaçyrýan zatlar taryhda kän. Bähbitli bolsa adamzat olardan ýüz öwürmezdi.

Garaz, umuman aýtsak, birinjiden, "sowatlylyk" diýilýän iňňän otnosital düşünje, Siziň şol diýip hasap edýän zadyňyz barada başgalar başga bir zady hasap edýändirler. Ikinjiden, bolsa, hiç zadyň "altyn asyry" bolmaýar, ony biz hyýalymyzda döredýäris.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
"SSSR-de kitap gaty köp okalardy" diýen gürrüňiň ep-esli derejede mifdigini görkezýän bir tejribäm:

20 ýyla golaý wagt mundan öň bir ýaşuly şuny gaýtalap otyrdy. Meniň bolsa elimde kitaphanadan alyp okap oturan kitabym - fransuz tankytçysy Sent-Býowiň eserleriniň ýygyndydysy. Men aýtdym: "Onda näme menden ýaşy uly (1970 ý.) şu kitap şäher kitaphanasynda bir gezegem okalman ýatypdyr? Birinji gezek, garaşsyzlyk döwründe men okaýaryn" (onuň köp sahypalary bitişikdi, kesip açmaly bolýardy).

Ýaşuly güldi: "Onuň diňe şu ekzemplýary okalan däldir, başgalary kändir, okandyrlar".

Men "Özi bir Soýuz boýunça 25 müň ekzemplýar, sahypasy 600-e golaý, biziň kitaphanamyza diňe birisi iberilendir" diýdim.

Soň kitaphana baranymda barlamak üçin "Ony özüm okaýaryn, dostum üçin ýene birisi gerek, gelsinmi?" diýdim. "Diňe birisi bar, başga ýok" diýdiler.

Aýdyşym ýaly, 40 ýyl okalman ýatypdyr.

Şeýle mysallar başga-da kän. Ýöne "Biz has sowatly halkdyk" diýmek ego-myza hoş ýakýar, şondanam döreýär şeýle mifler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]