10:37 Näme üçin ýazýarys? | |
NÄME ÜÇIN ÝAZÝARYS?
Edebi makalalar
Kakamyrat Ataýew 1971-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Wekilbazar etrabynyň 1-nji Gökje obasynda dogulýar. Orta mekdebi gutaryp, 1988-93-nji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Student döwri “Türkmen uniwersiteti”, “Ýaş kommunist”, “Bedew” gazetlerinde işleýär. 1993-94-nji ýyllarda neşirýatyň baş redaktory, 1994-95-nji ýyllarda “Diýar” žurnalynyň bölüm redaktory, 1996-njy ýylda “Türkmenistanyň oba hojalygy” žurnalynyň Mary welaýaty boýunça ýörite habarçysy wezipelerinde zähmet çekýär. Ilkinji hekaýasy 1988-nji ýylda Wekilbazaryň “Zähmet ýeňşi” gazetinde çap bolýar. Esasan proza žanry bilen iş salyşýar. Romanlaryň, powestleriň, hekaýalaryň, edebi seljermeleriň, esseleriň, pýesalaryň awtory. Eserleri rus, belarus, türk, özbek dillerine terjime edildi. Dünýä edebiýatyndan ululy-kiçili 50-den gowrak proza eserini türkmen diline geçirdi. * * * Maksadymyz näme? Biz nähilidir bir zerurlyga esaslanyp, ele galam aldykmy? Şeýle bolsa, ol zerurlyk nämeden ybarat? Biziň ýazanlarymyz kime gerek? Olar jemgyýetçilige ýetirilmäge derwaýysmy? Edebiýatyň öňünde nähilidir bir jogapkärçilik duýýarysmy? Wagtal-wagtal şu sowallar meni ünjä goýýar. Dürli döwürlerde döredijilige baş goşan adamlar şeýle sowallary öz-özlerine ýygy-ýygydan beripdirler. Jogap agtarypdyrlar. Bu sowallar ýazyjy-şahyrlar bilen söhbetdeşlik edýän žurnalistleri-de gyzyklandyrýar. Okyjylar hem awtor bilen duşuşyk geçirilýän mahaly onuň göni iki gözüniň içine seredip: “Näme üçin ýazýarsyňyz?” diýen sowaly irginsiz gaýtalaýar. Jogaplar dürli-dürli bolýar. Her kim özüçe düşündirýär. Käbiri gahary gelende özüni köşeşdirmek üçin ýa-da uçursyz begenen mahaly şatlygyny paýlaşmak üçin ýazýandygyny aýdýar. Ýene biri ýagşyny ýaýyp, ýamany paş etmegiň jemgyýet üçin peýdalydygyny, il-güne gowy ündewleri ýetirmegi özüne borç bilýändigini delil edinip, diňe şonuň üçin ýazýandygyny tekrarlaýar. Başga biri: “Bilemok. Men-ä ýöne ýazyp ýörün” diýip, anyk jogap bermekden boýun gaçyrýar. Şuňa meňzeş sowallara gatyrganýanlaram ýok däl. Bir ýazyjynyň “Hammama baran adama maksadyň näme diýseň, suwa düşmek diýer-dä, elime galam alan bolsam, meniňem maksadym ýazmak bolar-da” diýip jogap bereni ýadymda. Ikinji ömür diýen bir düşünje bar. Ýazmak bilen biz, belki, ikinji ömrümiziň aladasyny edýändiris? Ilhalar eserleri döretsek, fiziki ölümden soň ikinji ömrümiz başlanar, bizi unutmazlar, her haçan adamlaryň hakydasynda ýaşarys diýen umyt elimize galam berýän bolaýmasyn? Aç-açan boýun almasalar-da, ýazyjy-şahyrlaryň agramly böleginiň şu pikir bilen ýaşaýandygy Aý dogan ýaly aýdyň. Eýse, öleniňden soň häli-şindi ýazan eserleriňi okap, minnetdarlyk bilen ýagşylykda ýatlasalar gowy dälmi? Seniň ýazan goşgyň adamlaryň maňzyna batsa, adyň Magtymgulynyňky ýaly dilden düşmese, buýsançly başyňy dik tutup oturan heýkeliňi bina etseler! Heý, muňa ymtylman bolarmy? Seniň ýazan romanlaryň elden-ele geçip okalsa, gaýta-gaýta neşir edilse, Çingiz Aýtmatowyňky ýaly dünýäniň ýüzlerçe diline geçirilse, ýaşan köçäňe adyňy daksalar! Hiý, mundan ulam bir dereje bolarmy? Daşymyza çykarmasagam, içimizden “Wah, näsini aýdýaň, käşgä, şeýle bolsady!” diýmerismi? Diýeris. Ä-hä, onda, biz meşhurlyk gazanmagyň kül-külüne düşüpdiris-dä! Diýmek, şöhratyň çürbaşyna çykmak üçin ýazyp ýören ekenik-dä! Ýok-la, edil beýle däldir-le diýip oýa batýaryn. Netije çykarmaga howlukma! Beýlekileriň küýünde nä pikir bardygyny nireden biljek! Ýazmak derdine ulaşanlaryň birentegi özünden Magtymgulynyň ýa Aýtmatowyň çykmajagyna düşünýändir-ä diýýärin. Diýsemem, şöhratly mesele ynjalyk berenok. Ozalbaşda şöhrata meýil bildirip, eline galam alan bolsa, ýazjak eseri talapkär okyja kanagat bermez-ä. Asyl-ha beýle eseri okyjy okajagam bolmaz. Okyjysy bolmadyk ýazyjyny gutardy biläý. Muny düşündirmäge näçe diýseň mysal bar. Uly şöhrata eýe bolmak her kese başardyp duranok. Bu köp babatda eseriň hiline bagly. Kä halatda hiliň ikinji orna geçýän ýagdaýlary-da bolýar. Geçen asyryň ortalarynda Stalin baýragyny alan ýazyjylar bütin SSSR-de uly meşhurlykdan peýdalanypdyrlar, olara döwlet derejesinde hormat goýlupdyr, kitaplary dürli dillerde çap edilipdir, ýazmak üçin ähli şertler, eşretli ýaşamak üçin giň mümkinçilikler berlipdir. Şeýle bolansoň baýraga dalaş edýänleriň sanynyň köpeljegi düşnükli. Ýöne baýrak diňe öz döwrüniň talaplaryna dogry düşünen, oňa eýerip eser ýazanlara berlipdir. Stalin baýragyna mynasyp görlen eserleriň aglabasy häzir okalanok. Olar uly sylaga mynasyp görlen mahallarynda-da söýlüp okalandyr öýdemok. Onda şöhrat hakynda pikir etmeýän, diňe galamhaky üçin ýazýanlara näme diýmeli? Puluň yşgyna düşüp ýazylan eserden eser bolmaz diýjekmi? Diýip bilmersiň. Dünýä edebiýatynyň taryhynda galamhaky üçin eser ýazanlaryň bir ýa iki däldigini bilmeýän barmy? Iň bärkisi, dünýä belli ýazyjy Dostoýewskiniň “Mätäçlik meni pul üçin ýazmaga mejbur edýär” diýip, öz eli bilen ýazan hatyny mysal getirse bolar. Şol bir wagtda-da onuň eserleriniň bu gün baha kesip bolmaýan altyn hazyna öwrülendigini ýatdan çykaryp bilmeris. Nähili maksada eýerip ýazanda-da naýbaşy eserleri döreden bolsa, bu ýerde puluň gürrüňini edip oturmagyň nä hajaty bar? Dostoýewskili meselede başga bir ýagdaýy hem aýdaýyn. Mätäçlik ahyr netijede ýazyjynyň peýdasyna işlän bolmagy-da ähtimal. Ýetde-gütde durmuş onuň eserleriniň has kämil çykmagynda birjigem päsgelçilik döreden däldir, gaýta, tekge berendir diýse bolar. Galamhakydan gürrüň açylanda beýleki bir rus klassygy A.S.Puşkiniň bir sözi has göwnejaý eşidilýär. Ol odessaly knýaz bilen alşan hatlarynyň birinde “Özüm üçin ýazýaryn, pul üçin çap etdirýärin” diýýär. Şahyryň “pul üçin” diýen sözi gazanç etmek, baýamak däl, oňa eklenmek, sowalga edinmek manysynda düşünmeli. Gazanç edinmek, baýamak maksady bilen ýazýanlary bu gün dünýäniň çar künjeginden tapsa bolar. Häzirki zamanyň okyjysyna ýarar ýaly bir zat ýazdyňmy, işiň rowaç, neşirçiler şo bada garbap alýarlar, eglemän çap edýärler, terjimeçiler beýleki dillere geçirýärler. Kitabyň näçe köp satyldygyça, şonça-da köp pul berilýär. Ýazýan bilen bir wagtda neşirçileriňem girdejisi artýar. Olar seniň indiki ýazjak kitabyňy çap etmek üçin häzirden şertnama baglaşýarlar, seniň ertirki ýazjak kitabyň üçin şu gün belli bir möçberde pul töleýärler. Şeýtmese, başga bir neşirçiniň öňürtmegi mümkin. Bu bazar ykdysadyýetiniň üýtgewsiz kanunlarynyň biri. Şeýlelikde edebiýat asylky gözbaşyndan daşlaşyp, biznesiň bir pudagyna öwrülýär. Bu pudagyň konweýer ýazyjylary gyzykly güýmenje kitaplaryny üznüksiz ýazyp otyrlar. Eger okyjynyň isleginden, talabyndan ugur alýan bolsa, goý, ýazsyn, gazansyn diýýänlere garşy gitmäge çakym ýok. Ýöne biznesiň hyzmatyny bitirýän bolsa, biz oňa edebiýat diýip bilerismi? Ýa men sowaly nädogry goýýarynmy? Gürrüňi “Näme üçin ýazýarys?” diýen sowaldan başlapdym. Muny öz ýanymdan “Ýazman oňup bilemzokmy?” diýip üýtgedip görýärin. Bu sowalyň jogaby nagt: ýazman oňup biljek az däl. Özi-de olar ýazmak diýilýän iňňän inçe hem nepis işe ukypsyz awtorlar. Men muny şeýle adamlaryň köpsanly toparyna ýeterlik belet bolanym üçin, ýazan çig-çarsy, harsal, pagtabent, emelsiz... zatlaryny häli-şindi okap, eşidip ýörenim üçin aýdýan. Elbetde, hiç kimi ýazmak hukugyndan mahrum edip bolmaz. Ýöne ýazyp oňarmaýan bolsa, ýazmanam oňup bilýän bolsa, ol awtora galam-kagyzy bir gyra goýup, başga bir peýdaly pişäniň başyny tutmagy maslahat bermeli. Bilse, bu onuň üçin ummasyz utuş bolardy. Bilmese, etjek alajyň ýok. “Derdiňe derman bolsa, ýazyber” diýip, başyňy gutarmaly. Ýazmasa oňup bilmeýänler näme etmeli? Olar mahal-mahal “Men näme üçin ýazýaryn?” diýip özünden sorap durmaly. Garaçyny bilen soramaly, garaçyny bilenem özüne jogap bermeli! Öz-özüne hudaýlygyny sözlän adam ili-de aldajak bolar öýdemok. Şu ýerde bu gürrüňe nokat goýaýmaly wagtym öz-özümden “Sen bu zatlary näme üçin ýazýarsyň?” diýip soradym. “Indi ýazýan adam köpeldi, olara käbir zatlary ýatlatmak wajyp” diýip jogap berdim. “Okaýan bir barmy?” diýen sowal peýda boldy-da, ýakymsyz pikirlere bendi etdi, iňkise gitdim. Soňky ýyllar ýazýanlaryň köpelip, okaýanlaryň azalandygyny inkär edere delil tapmadym. Gowulygyň alamaty däl. Nädip beýle boldy? Birdenem XIX asyrda ýaşan, dünýä belli irlandiýaly ýazyjy Oskar Uaýldyň aýdan sözi ýadyma düşdi. O pahyr “Geçmişde kitaby ýazyjylar ýazypdyr, okyjylar bolsa okapdyr. Indi kitaby okyjylar ýazýar, okaýan bolsa ýok” diýip zeýrenip geçipdir. Bu ýagdaý häzir bizde-de gaýtalanýarmy? Ozalky okyjylar okamasyny bes edip, ýazmaga başlaýdylarmyka? Şeýle bolsa, “Näme üçin ýazýarys?” diýen sowalymyzam, onuň jogaplaram manysyz bir zada öwrülýär duruberýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||