11:31

Görnükli fransuz çagalar ýazyjylary

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 204 | Добавил: Bagabat | Теги: Merjen Pürjäýewа | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 hanturebs  
755
Nikolýaň kinosy gyzykly

0
2 Bagabat  
43
2009-njy ýylda düşürilen fransuz komediýasy "Kiçjik Nikolýa" - hakykatdanam gyzykly.
"Ýöntemje, ýönekeýje wakalar, kime gyzykly bolsun-aý?" diýdiräýjek ýaly, emma görüp başlanyňdan soň, gyzygyp gideniňi duýman galýaň.
Esasy gep, haýsydyr bir sungata mynasyp, haýykdyryjy ýa-da görlüp-eşidilmedik geň-taň wakany eser üçin gönezlik edinmekde ýa-da ony oýlap tapmakda däl. Esasy gep islendik wakany gyzykly hem haýran galdyryjy, özüneçekiji rakursda şekillendirmegi başarmakda.

0
3 Ependi  
284
Hekaýalaryny türkmençä-de terjime etseler, çagalar üçin gyzykly hemde daşary ýurt taryhyndan gözlerini açmaga oňat bolardy.

Bu çagalar hakynda, näçe gülküli wakalar ýazsaňam az. Olaň entek gözýetimi dar, doly düşünmän öz erkine görä hereket edýärler. Iň bolmanda, çagalygymy ejem pahyr ýatlaýar gülki bilen:

Bir gezek Ejem sygyr sagyp oturan eken. Menem öň töweginde oýnap ýören. Birdenem, ejemiň sygyry sagyp oturyşyna gaty geň galyp seredip durupdyryn-da, soňam Ejeme sorag beripdirin:
- Eje, biziň sygyrymyzyň jüllükleri meňkidenem kän ekenlaý? Mende bolsa biri - diýip, aýdanymy, soň-soňlaram güldürýäni ýadymda. Ol soragy berenimi özümiňem ýadyma düşenok, çünki ol wagtlar 3-4 ýaşdyrys. Ýöne, aýtmakçy bolýanym, ýazyjnyň bu üstünligi hem şol ajaýyp degişmeleri ürç edip ýygnap, döredenliginde, dünýä ýetirenliginde. Çagalar diýseňem, olaň psihologiýasy entek arassa bolýar, aýlaw ýok, düşünýän zatlaryna görä many ýöredýärler.

0
4 Haweran  
411
@Bagabat, agam, nätdi üçünji sygyrly henek? :)
Aýdýan-a, çaga dünýäsiniñ baýlygy añyrsyna göz ýetmez älem. @Ependiñ aýdyşy daram däl, ýöne düşünişleri ýaly aýdyp goýberýändikleri hak. Olaryñ tapýan sözlerini käte iñ beýik ýazyjylaryñ on sanysy jemlense-de tapyp bilmez.
Arman, ol baýlyga kän intipis edemzok.
@Ependi aga, sag bol, azam bolsa saldamly we ýerlikli teswirleri galdyrýañyz, biraz ýygylaşdyrsañyz okyjylar köp minnetdar bolardy.

0
6 Bagabat  
43
Özboluşlyja çagalyk ýatlamasy eken.

0
5 Ependi  
284
@Haweran, Size-de sag boluň edýän işleriňize. Çagalyk ýatlamary, her bir adamyň öz dünýäsine görä gyzykly başdan geçirmeleri bar. Olary beýan edýänem beýik ýazyjylar. Bizem şol kitaplar bilen ulaldyk, terbiýe aldyk, köp zatlary öwrendik bulardan.

Wah, teswir ýazanymdan, okanymy has oňat görýän-da. Köp ýazgylara syn ýazmasam-da, öz ýanymdan makullaýan. Ýöne, dogry aýdýaňyz, bizem Awtorlaň zähmetlerini ruhlandyrmagymyz gerek. Okanymyza görä synymyzy ýazmaly. Şol perwaýsyzlygymyz käte bolanok. Arhiwleri dörüp okaýan köplenç. Birwagtky ýitip giden kitaplaryma täzeden dolanan ýaly bolýan, dolanýanam. Galanam nesip bolsa. Ýene-de bir gezek minnetdar, nesip edenden. Awtorlara näçe sag bolsun aýtsaňam az!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]